Ýaponiýanyň demirgazygynda şu ýylda iň güýçli ýertitremesi boldy, sunami howpy yglan edildi

09.12.2025, 06:4911,911

Ýaponiýada 7,2 magnitudaly ýertitreme bolup geçdi. Bu barada NHK habarlar gullugy habar berýär.

Ýertitremäniň ojagy Honşu adasynyň demirgazyk böleginden takmynan 80 kilometr gündogarda, deňizde ýerleşdi. Iň güýçli sarsgynlar Aomori prefekturasynyň ýaşaýjylary tarapyndan duýuldy. Ýumrulmalar ýa-da şikes alanlar barada maglumat ýok.
Ýertitreme sarsgynlaryndan soňra sunami duýduryşlary berildi. Aomori, Iwate we Hokkaýdo prefekturalary iň uly howp astyndaky zolaklara düşýärler. Häkimiýetler ilaty dessine kenarýaka sebitlerden çykyp, beýik ýerlere galmaga çagyrýarlar.
NHK-nyň maglumatyna görä, bu ýertitremesi 2025-nji ýylyň başyndan bäri ýurtda hasaba alnan iň güýçlüsi boldy. Mundan öň iň güýçli ýer sarsgynlary 9-njy noýabrda Iwate prefekturasynyň kenarlarynda hasaba alnypdy. Şonda ýertitremäniň güýji 6,8 magnitudaly bolup, ondan soň kiçiräk sunami boldy. Ölen adamlar bolmandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.