Alymlar “içki ses” bilen ýürek urşunyň arasynda geň baglanyşyk tapdylar
19.11.2025 13:38
4.4k+

Alymlar “içki ses” bilen ýürek urşunyň arasynda geň baglanyşyk tapdylar

Daniýanyň Orhus uniwersitetiniň psihologlary adamyň içki sesiniň — ýagny öz-özüne içinden gürlemeginiň — bedeni hereketsiz galanda-da, ýürek ritmini üýtgetmäge ukyplydygyny görkezdiler. Işiň netijeleri Psychophysiology žurnalynda çap edildi
Emeli aňly robotlaryň ählisi adam üçin howpsuzlyk synagyndan geçip bilmediler
19.11.2025 13:32
3.9k+

Emeli aňly robotlaryň ählisi adam üçin howpsuzlyk synagyndan geçip bilmediler

Uly dil modelleri (UDM) arkaly dolandyrylýan robotlar diskriminasiýa meýillidigini we adamlara fiziki zyýan ýetirip biljek hereketleri makullamaga çalşandygyny görkezdiler. London Korollyk kollejiniň we Karnegi-Mellon uniwersitetiniň alymlary bilelikdäki gözlegleriniň netijesinde şeýle netijä geldiler
Aktrisa Mişel Ýeo Berlin kinofestiwalynyň abraýly “Altyn aýy” baýragyny alar
19.11.2025 13:27
4.9k+

Aktrisa Mişel Ýeo Berlin kinofestiwalynyň abraýly “Altyn aýy” baýragyny alar

Hytaý gelip çykyşly malaýziýaly aktrisa Mişel Ýeo kinematografiýa goşan goşandy üçin abraýly “Altyn aýy” baýragyny alar. Baýrak oňa 12-nji fewralda Berlin film festiwalynda gowşurylar diýip, Variety habar berýär
Porsche täze 911-e Amazon ýabany pişiginiň adyny dakdy
19.11.2025 13:20
4k+

Porsche täze 911-e Amazon ýabany pişiginiň adyny dakdy

Porsche kompaniýasy Latyn Amerikasyndaky şahamça kärhanasynyň 25 ýyllygy mynasybetli "Latyn Amerikasynyň Nyşanlary" atly ýörite seriýasyny döretdi. Bu hatardaky ilkinji awtoulag Kolumbiýadaky Amazon tropiki tokaýlygyndan ylhamlanan özboluşly 911 GT3 Ocelot sport awtoulagydyr
Russiýaly alymlar 60-dan gowrak näbelli wirusy ýüze çykardylar
19.11.2025 13:14
3.5k+

Russiýaly alymlar 60-dan gowrak näbelli wirusy ýüze çykardylar

Rospotrebnadzoryň "Wektor" atly ylmy merkeziniň alymlary Russiýada ozal öwrenilmedik 60-dan gowrak wirusy anykladylar. Bu barada RIA "Nowosti" habar berdi. Gözleg üçin nusgalar ýurduň 50 sebitinden gelip gowşupdyr
Nissan täze N6 sedanyny hödürledi: Toyota Camry-niň bu bäsdeşiniň bahasy bary-ýogy 15 müň dollar
19.11.2025 13:11
8.6k+

Nissan täze N6 sedanyny hödürledi: Toyota Camry-niň bu bäsdeşiniň bahasy bary-ýogy 15 müň dollar

Dongfeng Nissan bilelikdäki kärhanasy täze Nissan N6 plug-in gibrid sedany üçin deslapky sargytlary kabul edip başlady. Model Tianýan-yň arhitekturasynda gurlup, elýeterli premium gibrid hökmünde orun aldy. Deslapky sargyt bahalary 110 müň ýuandan 122 müň ýuan (15,400 - 17,100 dollary) aralygynda
Audi Formula-1-de ilkinji gezek çykyş etjek öz ýaryş ulagynyň reňkini mälim etdi
19.11.2025 12:37
2.5k+

Audi Formula-1-de ilkinji gezek çykyş etjek öz ýaryş ulagynyň reňkini mälim etdi

Audi R26 Concept konsept-karyny görkezdi — nemes kompaniýasynyň Formula-1-de ilkinji gezek çykjak ýaryş ulagy hut şeýle reňkler bilen bezeler. Awtoulag öndürijisi 2026-njy ýylda çempionatda bäsleşer. Zawod topary Stake F1 Team Kick Sauber toparynyň esasynda döredilýär
Samsung 90Hz ekranly we Dolby Atmos dinamikli elýeterli Galaxy Tab A11+-y çykardy
19.11.2025 12:27
1.4k+

Samsung 90Hz ekranly we Dolby Atmos dinamikli elýeterli Galaxy Tab A11+-y çykardy

Samsung sentýabr aýynda satuwa çykarylan has amatly bahaly Galaxy Tab A11-iň kämilleşdirilen görnüşi bolan täze Galaxy Tab A11+ planşetini çykardy. Modele has çalt prosessor, ulaldylan ýat we goşmaça funksiýalar goşuldy
Apple iPhone we Mac üçin täze funksiýalary goşdy: täzelenmelerde näme täzelik bar?
19.11.2025 12:16
1.5k+

Apple iPhone we Mac üçin täze funksiýalary goşdy: täzelenmelerde näme täzelik bar?

Apple iOS 26.2-iň ikinji beta görnüşini çykardy. Onda iPhone ulanyjylary üçin birnäçe ownuk, ýöne möhüm täzelenmeler bar. Bulara has köp interfeýs sazlama opsiýalary, gowulaşan animasiýalar we täze howpsuzlyk funksiýalary girýär diýip, MacRumors ýazýar
Melburnda 374 sany wolynkaçy meşhur AC/DC sazyny çalyp, rekord goýdy
19.11.2025 12:11
2.9k+

Melburnda 374 sany wolynkaçy meşhur AC/DC sazyny çalyp, rekord goýdy

Awstraliýanyň Melburn şäherinde bir wagtyň özünde 374 sany wolynkaçy AC/DC-iň “It’s a Long Way to the Top” aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Öňki rekord bolgariýaly 333 sazanda degişli bolup, 2012-nji ýyldan bäri saklanyp gelýärdi diýip, APNews habar berýär
Örän seýrek Audemars Piguet jübi sagady Sotheby's-de auksiona çykarylar
19.11.2025 12:05
2.3k+

Örän seýrek Audemars Piguet jübi sagady Sotheby's-de auksiona çykarylar

Sotheby’s auksion öýi markanyň mälim bolan modelleriniň iň çylşyrymlysy, şahsy kolleksiýada saklanýan örän seýrek Audemars Piguet Grosse Pice jübi sagadyny auksiona çykarar. Important Watches auksiony 2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Nýu-Ýork şäherinde, taryhy Breuer Building binasynda geçer
Beýik Britaniýanyň Nottingem uniwersitetiniň professorlary Türkmenistanda ussatlyk-sapagyny geçdiler
19.11.2025 11:45
6.1k+

Beýik Britaniýanyň Nottingem uniwersitetiniň professorlary Türkmenistanda ussatlyk-sapagyny geçdiler

10-14-nji noýabr aralygynda «Merkezi Aziýada iňlis diliniň öwrenilişini tizleşdirmek» diýen Britan geňeşiniň maksatnamasynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň Nottingem uniwersitetiniň professorlary Martin Sewior we Sara Han Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda boldular
Raşid Meredow Belarusyň we Keniýanyň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi
19.11.2025 11:39
1.2k+

Raşid Meredow Belarusyň we Keniýanyň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

18-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Keniýa Respublikasynyň daşary işler we diaspora işleri boýunça ministri Musaliýa Mudawadi hem-de Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Maksim Ryženkow bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi
Türkmenistan “Hytaý-Ýewropa” forumynda ulag-üstaşyr strategiýasyny hödürledi
19.11.2025 11:34
1.9k+

Türkmenistan “Hytaý-Ýewropa” forumynda ulag-üstaşyr strategiýasyny hödürledi

18-nji noýabrda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow Sianyň Halkara sergi merkezinde geçirilen Hytaý-Ýewropa demir ýol ugrunyň çäginde hyzmatdaşlyk boýunça ikinji halkara forumyna gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
19.11.2025 11:17
1.4k+

Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

18-nji noýabrda Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taheri Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy mätäç çagalara kömek bermegini dowam edýär
19.11.2025 11:12
7.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy mätäç çagalara kömek bermegini dowam edýär

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy çagalaryň durmuşynyň abadançylygy ugrunda milli we halkara derejede giň gerimli işlerini dowam edýär.
Aşgabatda iň gowy startap taslamalarynyň bäsleşiginiň ýarym finaly geçirildi
19.11.2025 11:04
2.2k+

Aşgabatda iň gowy startap taslamalarynyň bäsleşiginiň ýarym finaly geçirildi

Aşgabatda “Best Startup Project” bäsleşiginiň ýarym final tapgyry üstünlikli geçirildi. “Startup Academy Ambassodor” guramasynyň guramagynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bäsleşik ýaşlaryň innowasion ukyplaryny ösdürmegi maksat edinýär
The Game Awards 2025 baýragyna dalaşgärler yglan edildi
19.11.2025 10:27
1.4k+

The Game Awards 2025 baýragyna dalaşgärler yglan edildi

The Game Awards baýragynyň prodýuseri we alypbaryjysy Jeff Kili 2025-nji ýylyň baýragyna dalaşgärleri yglan etdi. Resmi saýtda eýýäm halaýan oýnuň üçin ses berip bolýar. Clair Obscur: Expedition 33 12 kategoriýada dalaşgär bolup, baýragyň taryhynda iň köp dalaşgär görkezilen oýun boldy
Disney “Moana” boýunça düşürilen filmiň ilkinji tizerini hödürledi
19.11.2025 10:24
4.8k+

Disney “Moana” boýunça düşürilen filmiň ilkinji tizerini hödürledi

Disney “Moananyň” oýun remeýkiniň ilkinji treýlerini hödürledi. Ol 2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda daşary ýurt prokatyna çykar. Filmde baş keşbi kinoda ilkinji gezek çykyş edýän 17 ýaşly Ketrin Lagaýýa ýerine ýetirdi
Samsung EA-ny çagyrmak düwmesi bilen “akylly” klawiaturany hödürledi
19.11.2025 10:19
1.2k+

Samsung EA-ny çagyrmak düwmesi bilen “akylly” klawiaturany hödürledi

Samsung kompaniýasy Galaxy enjamlary – smartfonlar, planşetler we noutbuklar üçin simsiz “akylly” klawiaturany çykardy. Samsung Smart Keyboard aýratyn sanly blogy bolmadyk we birikmek üçin Bluetooth ulanýan ykjam QWERTY klawiaturasydyr
Meta kompaniýasy Reels-i plagiatdan goramak üçin täze gural döretdi
19.11.2025 10:18
677

Meta kompaniýasy Reels-i plagiatdan goramak üçin täze gural döretdi

Meta kompaniýasy Facebook-da Reels awtorlaryna öz wideolaryny awtoryň rugsady bolmazdan beýleki ulanyjylaryň ulanmagyndan goramaga kömek edýän täze Facebook Content Protection guralyny hödürledi. Haçan-da ulgam
Neýmaryň kakasy Pele brendi üçin hukuk satyn aldy
19.11.2025 10:12
7.5k+

Neýmaryň kakasy Pele brendi üçin hukuk satyn aldy

Braziliýaly futbolçy Neýmaryň kakasy Neýmar da Silwa Santosa degişli bolan NR Sports kompaniýasy Pele brendi üçin hukuk satyn aldy. UOL portalynyň maglumatlaryna görä, şertnamanyň bahasy 18 mln dollar boldy. Satyn alyş barada resmi bildirişiň çarşenbede bolmagyna garaşylýar
SpaceX köp gezeklik Falcon 9 raketasynyň 500-nji uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy
19.11.2025 10:08
1.4k+

SpaceX köp gezeklik Falcon 9 raketasynyň 500-nji uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy

17-nji noýabrda SpaceX köp gezeklik Falcon 9 raketasynyň 500-nji uçuşyny geçirdi. Uçuş Wandenberg kosmos bazasyndan amala aşyryldy. Raketa ummany kartalaşdyrmak üçin niýetlenen Sentinel-6B hemrasyny orbita çykardy
“Barselona” “Kamp Nou” stadionyna gaýdyp geljek wagtyny aýtdy
19.11.2025 10:00
4k+

“Barselona” “Kamp Nou” stadionyna gaýdyp geljek wagtyny aýtdy

22-nji noýabrda “Barselona” durkuny täzelemek işlerinden soň “Kamp Nou” stadionynda ilkinji öý oýnuny geçirer. Şol gün topar Ispaniýanyň çempionatynyň 13-nji tapgyrynda Bilbaonyň “Atletigine” garşy oýnar. “Kamp Nou” 2023-nji ýyldan bäri abatlaýyş üçin ýapykdy, topar oýunlaryny wagtlaýyn Luis Kompanis adyndaky Olimpiýa stadionynda (öň Montžuik Olimpiýa stadiony hökmünde belli) geçirdi
Aleksandr Usik WBO çempiony titulyndan ýüz öwürdi
19.11.2025 09:57
7.2k+

Aleksandr Usik WBO çempiony titulyndan ýüz öwürdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) dünýä çempiony titulyndan ýüz öwürdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi. “WBO agyr agramda guşagyň geljegi bilen baglylykda Aleksandr Usigiň toparyndan resmi habarnama kabul etdi
Huawei Mate 80 smartfon hatarynyň suratlary resmi premýeradan öň internetde görkezildi
19.11.2025 09:52
2.4k+

Huawei Mate 80 smartfon hatarynyň suratlary resmi premýeradan öň internetde görkezildi

Huawei kompaniýasy Mate 80 hatarynyň 25-nji noýabrda hödürlenjekdigini resmi taýdan tassyklady. Şol gün kompaniýa Mate X7 eplenýän smartfonynyň täzelenen görnüşini hem görkezer. Şeýle-de, kompaniýa ilkinji tizeri hödürledi – suratda iki uly tegelek bolup, ol Mate 80-iň kamera modulynyň dizaýnyny we yzky paneldäki magnit elementini ýatladýar
“Awatar: Ot we kül” filminiň ahyrky treýleri çykdy
19.11.2025 09:47
3k+

“Awatar: Ot we kül” filminiň ahyrky treýleri çykdy

Disney “Awatar: Ot we kül” (Avatar: Fire and Ash) blokbasteriniň ahyrky treýlerini hödürledi. Jeýms Kemeronyň epiki franşizasynyň üçünji bölümi 19-njy dekabrda dünýä prokatyna çykar. Täze filmde Jeýk Salli (Sem Uortington) we onuň maşgalasy Pandorada ýaşaýan Kül halky bilen ýüzbe-ýüz bolar
Türkmenistan Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda Hytaý Taýpeýinden üstün çykdy
18.11.2025 23:55
11k+

Türkmenistan Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda Hytaý Taýpeýinden üstün çykdy

zzTürkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň bäşinji duşuşygynda Hytaý Taýpeýinden üstün çykdy. Duşuşyk 18-nji noýabrda Arkadag şäheriniň stadionynda geçip, 3:1 hasabynda tamamlandy
Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň kino günleri geçirildi
18.11.2025 18:09
3.2k+

Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň kino günleri geçirildi

Daşkentde Milli Kino köşgünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ylmy hem medeni toparlarynyň wekilleriniň, sungat işgärleriniň we ýaş ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa ruhy miras we aň-bilim» atly halkara kongresiň çäginde türkmen we özbek filmleriniň görkezilişi bolup geçdi
Grossmeýster Meýlis Annaberdiýew Türkiýede halkara küşt ýaryşynda ýeňiji boldy
18.11.2025 18:05
5.3k+

Grossmeýster Meýlis Annaberdiýew Türkiýede halkara küşt ýaryşynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň halkara grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew Türkiýede geçirilen Mersin şäher häkimliginiň IX halkara küşt ýaryşynda ýeňiji boldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Ýaryş şweýsar ulgamynyň düzgünleri boýunça 9 tapgyrda geçirildi we oňa 19 ýurtdan gelen 360 küştçi gatnaşdy, olar dört dereje boýunça baýraklar ugrunda bäsleşdiler
Türkmenistan Malaýziýa bilen halal önüm senagatynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maslahatlaşýar
18.11.2025 17:58
7k+

Türkmenistan Malaýziýa bilen halal önüm senagatynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maslahatlaşýar

17-nji noýabrda Malaýziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň ilçisi M.Maşalow bilen bu ýurduň Premýer-ministriniň orunbasary, oba hojalyk we sebitleýin ösüş ministri Dr. Ahmad Zahid bin Hamidiniň arasynda duşuşyk geçirildi
Mbappe kazyýetiň üsti bilen “PSŽ-den” 263 mln ýewro, klub bolsa futbolçydan 440 mln ýewro talap edýär
18.11.2025 17:52
17k+

Mbappe kazyýetiň üsti bilen “PSŽ-den” 263 mln ýewro, klub bolsa futbolçydan 440 mln ýewro talap edýär

Kilian Mbappe we “Pari Sen-Žermen” kazyýetde biri-birine uly mukdarda maliýe talaplaryny bildirdi. Iş 17-nji noýabrda Parižiň zähmet dawalary boýunça kazyýetinde başlandy. Le Monde-niň habar bermegine görä, hüjümçi şertnamany uzaltmakdan ýüz öwrenden soň ýaramaz gatnaşygy üçin klubdan 263 mln ýewro möçberde öwez tölegini talap edýär
SpaceX adamlary Aýa gondurmagyň möhletini yza süýşürdi
18.11.2025 17:29
2.6k+

SpaceX adamlary Aýa gondurmagyň möhletini yza süýşürdi

Politico neşiriniň alan resminamalaryna görä, SpaceX adamlary Aýa gondurmagyň möhletiniň azyndan 2028-nji ýylyň ahyryna çenli süýşürilýändigi barada NASA-ny habardar etmegi meýilleşdirýär. Bu Ak tamda göz öňünde tutulandan bir ýyldan gowrak wagt giçdir
Alymlar kosmos şöhleleriniň gelip çykyşynyň 70 ýyllyk syryny açdy
18.11.2025 17:16
2.9k+

Alymlar kosmos şöhleleriniň gelip çykyşynyň 70 ýyllyk syryny açdy

LHAASO obserwatoriýasynda işleýän hytaý alymlary gara deşikden we hemra ýyldyzdan ybarat ulgamyň – mikrokwazarlaryň zarýadly bölejikleri tizleşdiriji hökmünde hereket edýändigini anyklady. Bu obýektler Akmaýanyň ýolunda ýokary energiýaly kosmos şöhleleriniň gelip çykyşynda möhüm rol oýnap biler
iPhone Air 2 2027-nji ýylyň ýazyndan ir çykmaz
18.11.2025 17:00
5.1k+

iPhone Air 2 2027-nji ýylyň ýazyndan ir çykmaz

Apple kompaniýasy iPhone Air 2 smartfonyny 2027-nji ýylyň ýazynda çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berdi. Smartfon kompaniýanyň ultra inçe smartfonlarynyň hataryny dowam etdirer we Apple-iň ilkinji 2 nanometrlik platformasyna eýe bolar
Adam başyna et köp sarp edýän ýurtlaryň kartasy düzüldi. Türkmenistan öňde
18.11.2025 16:58
24k+

Adam başyna et köp sarp edýän ýurtlaryň kartasy düzüldi. Türkmenistan öňde

Et dünýäde iň esasy belok çeşmeleriniň biri bolmagynda galýar, ýöne dürli ýurtlaryň oňa bolan islegi dürlüçedir – oňa ýaşaýyş derejesi, medeni däpler we ýerli oba hojalyk aýratynlyklary täsir edýär. BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) maglumatlary haýsy ýurtlarda adam başyna etiň has köp sarp edilýändigini görkezdi
Raşid Meredow Alžiriň daşary işler ministri bilen dekabrdaky çäreleri maslahatlaşdy
18.11.2025 11:47
2.1k+

Raşid Meredow Alžiriň daşary işler ministri bilen dekabrdaky çäreleri maslahatlaşdy

17-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň daşary işler, daşary ýurtlardaky milli jemgyýetçilik we Afrika işleri boýunça ministri Ahmed Attaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Türkmenistanyň wekiliýeti Hindistanda geçirilen 30-njy Hyzmatdaşlyk Sammitine gatnaşdy
18.11.2025 11:41
3.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Hindistanda geçirilen 30-njy Hyzmatdaşlyk Sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 14-15-nji noýabrda Hindistanyň Andhra-Pradeş ştatynyň Wişakhapatnam şäherinde geçirilеn Söwda, maýa goýum, senagat, tehnologiýa we geoykdysadyýet ugurlar boýunça 30-njy Hyzmatdaşlyk Sammitine gatnaşdy
Bakuwda Türkmenistanyň ilçisiniň Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi bilen duşuşygy boldy
18.11.2025 11:37
6.3k+

Bakuwda Türkmenistanyň ilçisiniň Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi bilen duşuşygy boldy

14-nji noýabrda Türkmenistanyň ilçisi G.Elýasow Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi, Prezidentiň Diwanynyň Daşary syýasat meseleleri boýunça bölüminiň müdiri Hikmet Hajiýew bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada giňişleýin pikir alyşdylar
Serdar Berdimuhamedow Latwiýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
18.11.2025 11:34
1.6k+

Serdar Berdimuhamedow Latwiýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Latwiýanyň Prezidenti Edgar Rinkewiçe Latwiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Edgar Rinkewiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Latwiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.