Melburnda 374 sany wolynkaçy meşhur AC/DC sazyny çalyp, rekord goýdy

19.11.2025, 07:112,923
1 / 2

Awstraliýanyň Melburn şäherinde bir wagtyň özünde 374 sany wolynkaçy AC/DC-iň “It’s a Long Way to the Top” aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Öňki rekord bolgariýaly 333 sazanda degişli bolup, 2012-nji ýyldan bäri saklanyp gelýärdi diýip, APNews habar berýär.

“Beýik Melburn wolynka söweşi” diýlip atlandyrylýan bu uly çäre Federasiýa meýdançasynda geçdi. Hut şol Swonston köçesinden 1976-njy ýylda AC/DC agzalary şol bir hitiň wideosynda ýük awtoulagynda aýdym-saz bilen geçipdiler.
Asyl wideoda ýarym asyr töweregi ozal AC/DC bilen saz çalan iki sazandanyň - Les Kenfildiň we Kewin Konlonyň gatnaşmagy bu dabara has-da üýtgeşik äheň goşdy.
"Şol döwürde munuň nähili uly wakadygyna düşünmeýärdim. Indi munuň durmuşymdaky iň uly wakalaryň, belki-de ömrümde iň beýikleriniň biridigine düşündim" - diýdi Kenfild.
Fleşmobyň iň goja gatnaşyjysy 98 ýaşynda.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.