Awstraliýanyň Sidneý şäherinde gurlup başlanan 33 gatly «galam bina» tamamlanandan soňra dünýäniň iň inçe gökdiränleriniň birine öwrüler. Ol Heýmarket etrapçasynda, köçe tarapdaky ini bary-ýogy 6,4 metre deň bolan ýerde gurulýar.
Gurluşyk üçin bölünip berlen ýeriň umumy meýdany, takmynan, 345 inedördül metre barabar bolup, onda 173 otagly myhmanhana ýerleşer. Binada bary-ýogy iki sany ýolagçy lifti hyzmat eder.

Pitt-strit köçesindäki bu taslamany degişli edaralar bilen ylalaşmak üçin birnäçe ýyl gerek boldy. Onuň binagärlik konsepsiýasy «Durbach Block Jaggers» kompaniýasy tarapyndan taýýarlanyp, ol 2021-nji ýylda saýlanyp alnypdy.
Gurluşyk üçin degişli resminamalary «Mecone» maslahat beriş kompaniýasy taýýarlady.
«Myhmanhananyň otaglary otlynyň kupeleri ýaly örän kiçi bolar» diýip, binagär Nil Durbah gürrüň berdi.

Otaglardaky giňişligiň çäkliliginiň öwezini uly umumy zolaklaryň üsti bilen dolmak meýilleşdirilýär. Hususan-da, binanyň ýokarky gatynda suw howdany, aşaky böleginde bolsa giň jemgyýetçilik meýdançasy ýerleşer.
Taslama dürli garaýyşlaryň döremegine sebäp boldy. Käbir synçylar binagärlik we tehniki çözgütlere ýokary baha berseler, beýlekileri şeýle dar we belent binany gurmagyň maksada laýyklygyna şübhelendiler.