Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
10.11.2025 13:06
1.7k+
Lando Norris Braziliýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
“Maklaren” toparyndan britaniýaly Lando Norris “Formula-1” çempionatynyň 21-nji tapgyry bolan Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş San-Pauludaky “Interlagos” awtodromynda geçirildi. Norris 1:32:01.596 netijäni görkezip, karýerasynda 11-nji we yzygider ikinji ýeňşini gazandy
10.11.2025 13:02
7k+
Hytaý şäherlerinde geljek üç ýylda “uçýan awtomobiller” peýda bolar
Dik uçuş we gonuş bilen elektrik uçýan taksileri işläp düzüji EHang hytaý kompaniýasy geljek üç ýylyň dowamynda uly howa menzillerinden şäherlere täjirçilik sürüjisiz gatnawlary ýola goýmagy meýilleşdirýär diýip, Financial Times habar berýär
10.11.2025 12:57
7.9k+
Türkmenistanyň ilçisi Indoneziýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
7-nji noýabrda Türkmenistanyň Indoneziýadaky ilçisi M.Maşalow ýurduň Prezidenti Prabowo Subianto ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabara Jakarta şäherinde Prezident köşgünde (Merdeka Palace) geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
10.11.2025 12:50
3.3k+
Türkmenistan häzirki döwrüň howplaryna garşy göreşmekde BMG bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär
7-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili Oliwer Ştolpeniň arasynda duşuşyk geçirildi
10.11.2025 12:29
2.3k+
Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
8-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Hamid Ganbariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşyk iki ýurduň daşary syaýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň dialogyň dowamy boldy
10.11.2025 12:27
1.4k+
Aşgabatda «Türkmenistan - ÝB» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi
7-nji noýabrda Aşgabatda «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakow ýolbaşçylyk etdi.
10.11.2025 11:48
10k+
Coca-Cola emeli aň tarapyndan döredilen täze Roždestwo mahabaty üçin ýene-de tankyt edildi
Coca-Cola emeli aňyň kömegi bilen döredilen täze Roždestwo mahabaty çykandan soň, ýene-de üns merkezine düşdi. Bu brendiň adaty animatorlaryň ýerine neýroulgamy ulanmaga eden ikinji synanyşygydyr we kompaniýa ýene-de tankyt astyna alyndy
10.11.2025 11:29
12k+
Russiýada 6 million ýyl öň ýaşap geçen äpet aýynyň galyndylary tapyldy
Russiýaly alymlar häzirki Russiýanyň günbatary bilen serhetdeş sebitlere hem golaý ýerleşýän Stawropol ülkesinden 5–6 million ýyl öň ýaşan äpet aýynyň galyndylaryny tapdylar. Bu barada Paleontologiýa institutynyň direktory Alekseý Lopatin habar berdi
10.11.2025 11:14
7.5k+
Hytaýly lukmanlar ilkinji gezek robotyň we 5G ulgamynyñ kömegi bilen uzak aralykdan operasiýa geçirdiler
Hytaýyň Guançžou şäherindäki Sun Ýatsen uniwersitetiniň oftalmologlary (göz lukmanlary) dünýäde ilkinji gezek 4200 kilometre golaý aradaşlykdan robot we 5G aragatnaşyk ulgamy arkaly subretinal sanjym operasiýasyny geçirdiler
10.11.2025 11:09
9.8k+
Dünýäde adam başyna tüwi iň köp sarp edilýän ýurtlaryň ady belli boldy
Tüwi köp ýurtlaryň milli naharlarynda esasy orun eýeleýär. WorldStats-yň maglumatlaryna görä, adam başyna tüwi sarp edilişinde Mýanma ilkinji ýerde durýar — bir adam ortaça ýylda 278,97 kilogram tüwi iýýär. Mýanmanyň yzyndan Komor adalary (274,51 kg), Gambiýa (256,4 kg), Kamboja (247,54 kg) we Bangladeş (246,85 kg) gelýär
10.11.2025 11:01
2.2k+
Jonni Depp Dikkensiň "Roždestwo aýdymy" powestiniň täze ekranlaşdyrmasynda Skrujyň keşbini janlandyrar
Jonni Depp Çarlz Dikkensiň meşhur "Roždestwo aýdymy" powestiniň täze ekranlaşdyrylýan wersiýasynda Ebenezer Skrujyň keşbini janlandyrmaga taýýarlanýar. Paramount Pictures-iň taslamasyna "X" gorkunç trilogiýasy bilen tanalýan režissýor Ti Uest ýolbaşçylyk eder diýip, Nexus Point News habar berýär
10.11.2025 10:50
1.3k+
Apple TV zastawkasyny täzeledi – onuň sazyny Finneas ýazdy
Amerikaly aýdymçy we kompozitor Finneas Apple TV akym platformasy üçin täze gysga saz zastawkasyny ýazdy. Indi bu intro hyzmatdaky ähli film we seriallaryň öňünde peýda bolýar diýip, Deadline gürrüň berýär. Finneas bu taslama gatnaşmagyň özi üçin uly hormat bolandygyny aýtdy: «Men bu işi etmek mümkinçiligine örän begenýärin
10.11.2025 10:15
4.8k+
Bişkekde geçirilen dünýä çempionatynda türkmen samboçylary 8 medal gazandy
7–9-njy noýabr aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde sambo boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşa 80 ýurtdan 700-den gowrak türgen gatnaşdy. Sport sambosy, söweş sambosy we görüş ukyby çäkli türgenler üçin ýörite ugur boýunça jemi 31 sany medallar toplumy ugrunda bäsleşildi
10.11.2025 06:54
7.5k+
Türkmenistanyň Prezidenti Hasyl toýy mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň
10.11.2025 06:46
3.7k+
“Gremmi” üçin dalaşgärler yglan edildi: Kendrik Lamar 8, Ledi Gaga – 7 nominasiýada görkezildi
ABŞ-nyň Milli ýazgy sungaty we ylmy akademiýasy 2026-njy ýylyň “Gremmi” baýragyna dalaşgärleriň sanawyny hödürledi. Iň köp nominasiýa alan Kendrik Lamar boldy. Ol dokuz kategoriýada görkezildi we olaryň köpüsinde “GNX” albomy üçin baýraga dalaş edýär diýip, The New York Times habar berýär
10.11.2025 06:44
3.4k+
Starlink Hindistanyň çet sebitlerini internete birikdirmäge kömek eder
Hindistanyň Maharaştra ştatynyň häkimiýeti çet we doly üpjün edilmedik sebitlerde hemra internetini işe girizmek üçin Starlink bilen hyzmatdaşlyk etmek islegi barada şertnama baglaşdy. Bu taslama ştat boýunça giň zolakly elýeterliligi giňeltmäge gönükdirilen “Sanly Maharaştra” maksatnamasynyň bir bölegi bolar
10.11.2025 06:38
5.9k+
ABŞ-da şatdaun sebäpli 2 günde 15 müň awiagatnaw ýatyryldy we gijikdirildi
Býujet barada ylalaşygyň gazanylmandygy sebäpli hökümet işiniň togtadylmagy netijesinde ABŞ-nyň uly howa menzillerinde gatnaw bökdençlikleri dowam edýär. Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, diňe 8-nji noýabrda 1,5 müň töweregi gatnaw ýatyryldy we ýene 6 müňüsi gijikdirildi
10.11.2025 06:35
3.9k+
Taýwanda arheologlar şeker ulanylyp gurlan gadymy ýollary tapdylar
Taýwanyň Tainan şäherinde arheologlar XIX asyryň birinji ýarymynda gurlan ýollaryň böleklerini tapdylar. Tapyndynyň aýratynlygy — ýol gurluşygynda adaty materiallaryň arasynda şekeriň ulanymagydyr diýip, Taipei Times neşiri ýazýar
10.11.2025 06:29
7k+
Dünýäde iň köp okaýan ýurtlaryň reýtingi düzüldi
Dünýäniň dürli ýurtlarynda kitap okamak endigi özara ep-esli tapawutlanýar. World Population Review tarapyndan taýýarlanan reýtinge görä, häzirki wagtda okamaga iň köp wagtyny sarp edýän ýurt — ABŞ. Amerikalylar ýylyň dowamynda ortaça 357 sagat okap, bu döwürde takmynan 17 kitap tamamlaýarlar
09.11.2025 23:06
5.7k+
Ýuwaş ummanynda tektoniki plitanyň dargap başlamagy hasaba alyndy
Ýuwaş ummanynyň düýbünde ýerleşýän Eksplorer atly tektoniki plita böleklere dargap başlady. Bu tebigy geologik prosesiň netijesi bolup, onuň sebäbi bir plitanyň beýlekiniň aşagyna süýşmegi bilen baglanyşyklydyr
09.11.2025 22:50
5.3k+
Awstraliýada raýatlara her gün üç sagat mugt Gün energiýasy berler
Awstraliýanyň hökümeti Solar Sharer Offer (SSO) atly maksatnamany işe girizmäge taýýarlanýar. Maksatnama gatnaşýan raýatlar her gün üç sagatlap Gün energiýasyndan mugt peýdalanyp bilerler. Bu mümkinçilik, hatda öýünde Gün paneli bolmadyk adamlar üçin hem elýeterli bolar
09.11.2025 22:36
6.5k+
«Moana» filminiň kinoremeýkiniň surata düşüriliş işleri tamamlandy
Meşhur «Moana» multfilminiň çeper film görnüşindäki oýun remeýkiniň surata düşürilişi doly tamamlandy. Bu barada filmde Maui ýarym hudaýyň keşbini janlandyrýan aktýor Dueýn Jonson habar berdi. Filmiň taýýarlyk işleri 2024-nji ýylyň noýabr aýynda başlandy
09.11.2025 21:11
3.5k+
Daniýada 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan edýän kanun taýýarlanýar
Daniýanyň hökümeti 15 ýaşa ýetmedik çagalaryň sosial torlara girmegini gadagan edýän kanuny taýýarlap başlady. Reuters agentliginiň maglumatyna görä, täze düzgün güýje girse, ene-atalaryň özleri käbir platformalara rugsat berip bilerler
09.11.2025 21:03
2.1k+
Apple Google-nyň Gemini emeli aňyny ulanmak üçin ýylda 1 milliard dollar tölär
Apple özüne degişli Apple Intelligence platformasynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin Google Gemini emeli aňynyň ýöriteleşdirilen görnüşini ulanmagy meýilleşdirýär. Bloomberg žurnalisti Mark Gurmanyň maglumatlaryna görä, Apple bu tehnologiýa elýeterlilik üçin Google-a ýylda takmynan 1 milliard dollar tölär
09.11.2025 20:54
2.3k+
Entoni Hopkins alym Çarlz Darwiniň keşbini ýerine ýetirer
Ser Entoni Hopkins “Görnüşler” (The Species) atly täze taryhy dramada meşhur tebigatçy alym Çarlz Darwiniň keşbini ýerine ýetirer diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Darwiniň aýaly Emma Darwiniň keşbini britaniýaly aktýor Şarlotta Rempling ýerine ýetirer
09.11.2025 20:44
8.7k+
Toyota 4Runner 2026 tanyşdyryldy: üýtgeşme az, emma baha galdy
Toyota kompaniýasy täzelenen 4Runner 2026 wnedorožniginiň bahasyny resmi taýdan mälim etdi diýip, Carscoops habar berýär. Esasy SR5 wersiýasy indi 41 570 dollar durýar — bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 800 dollar köp
09.11.2025 20:32
5.4k+
ABŞ-da Toyota Crown Signia 2026-nyň bahasy yglan edildi
ABŞ-da täzelenen Toyota Crown Signia 2026 krossoweriniň bahasy resmi taýdan yglan edildi. Model iki bezeg derejesinde hödürlenýär: XLE — $44 390, Limited — $48 790. Her iki görnüş hem tehniki taýdan birmeňzeşdir
09.11.2025 20:23
7.8k+
Türkiýede 5000 ýyl mundan ozal bolup geçen ýertitremesiniň yzlary tapyldy
Çanakkale uniwersitetiniň arheologlary Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky gadymy Çayönü Depesi oturymly ýerinde takmynan 5000 ýyl mundan ozal bolup geçen ýertitremesiniň yzlaryny ýüze çykardylar. Barlagyň netijeleri Arkeonews žurnalynda neşir edildi
09.11.2025 19:41
8k+
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň gatnaşmagynda bag ekmek möwsümine badalga berildi
8-nji noýabrda Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň günortasynda 12 ýyllyk türkmen arçasyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi
09.11.2025 19:12
5k+
Ysmaz adam Neuralink-iň kömegi bilen daş-töweregi görüp başlady
Neuralink-iň hassasy Bred Smit görmekden mahrum bolmandy, ýöne amiotrofik gapdal sklerozy sebäpli ol kellesini hereket etdirip bilenokdy. Ýöne ol beýni implantyny ulanmagyň täze usulyny tapdy. Indi ol Neuralink-i ýörite berkidilen web-kamerany dolandyrmak üçin ulanýar
09.11.2025 19:10
5.5k+
Dubaý barly adamlar üçin iň gowy şäherleriň reýtinginde öňdebaryjy boldy
Dubaý ýokary girdejili adamlar üçin iň özüne çekiji şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Reýting Savills Plc emläk dellaly tarapyndan düzüldi. Barlagda dünýäniň 30 megapolisine baha berildi. Dubaý miras we kapital ösüşi üçin salgytlaryň ýokdugy, ösen infrastrukturasy, howpsuzlygyň ýokary derejesi we halkara mekdepleriň has köpdügi bilen reýtingiň başyna çykdy
09.11.2025 19:02
14k+
Maýamiden är-aýal iň garry jübüt hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Maýamiden amerikalylar Laýl we Eleonora Gittensler iň uzak ýaşan är-aýal hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Olaryň umumy ýaşy 216 ýyl 132 gün. Är-aýal 1942-nji ýylda durmuş gurdy. Laýl Gittens 108, Eleonora 107 ýaşynda
08.11.2025 18:36
8.8k+
Maýkl Jekson barada biografik filmiň ilkinji tizeri çykdy
Lionsgate kinokompaniýasy pop sazynyň şasy Maýkl Jeksonyň durmuşyna we döredijiligine bagyşlanan köpden bäri garaşylan biografik filmiň ilkinji tizerini hödürledi. “Maýkl” filminiň premýerasy 2026-njy ýylyň 24-nji apreline meýilleşdirilýär
08.11.2025 18:27
1.7k+
Collins sözlügi “Waýb-kodingi” ýylyň sözi hökmünde saýlady
Vibe coding (“waýb-koding”) adalgasy iňlis diliniň sözlügi Collins tarapyndan 2025-nji ýylyň sözi diýlip saýlandy. Sözlükde bu sözüň emeli aňyň gündelik durmuşa we hünär işine artýan täsirini görkezýändigi bellenilýär
08.11.2025 18:22
6.9k+
Türkmenistan Abu-Dabide ADIPEC-2025 halkara sergisinde nebitgaz mümkinçiliklerini tanyşdyrdy
3-6-njy noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference» (ADIPEC-2025) halkara nebitgaz sergisi we maslahaty geçirildi. Foruma Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G
08.11.2025 18:17
2.4k+
Türkmenistanyň DIM-nde CARIСC bilen hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat beriş utgaşdyryş merkeziniň (CARIСС) direktory Mahmut Hamidowyň arasynda duşuşyk geçirildi
08.11.2025 18:15
1.7k+
«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskeneniň arasynda duşuşyk geçirildi
08.11.2025 18:04
4.9k+
GTA VI-nyň relizi ýene süýşürildi: oýun 2026-njy ýylyň noýabrynda çykar
Grand Theft Auto VI wideooýnunyň relizi ýene süýşürildi – oýun indi 2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda çykar. Bu barada Rockstar Games-iň X sosial ulgamyndaky resmi akkauntynda habar berildi. Işläp düzüjiler taslamany doly işläp gutarmak üçin köp wagtyň gerek boljakdygyny belledi
08.11.2025 18:00
2.3k+
Ankarada Döwletmämmet Azadynyň 330 ýyllygy mynasybetli «Wagzy-Azat» kitabynyň türk dilindäki nusgasy tanyşdyryldy
6-njy noýabrda Ankara şäherindäki Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynyň binasynda beýik türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azadynyň 330 ýyllygy mynasybetli, onuň «Wagzy-Azat» atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
08.11.2025 17:55
6.5k+
Türkmenistanda dümewiň pandemiýasynyň öňüni almak boýunça BSGG-niň okuwlary geçirildi
3–5-nji noýabr aralygynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt edarasy ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen wirusologiýa laboratoriýalarynyň hünärmenleri üçin üç günlük hünär kämilleşdiriş okuwyny geçirdi
«
1
…
163
164
165
…
1118
»
«
1
…
160
161
162
163
164
165
166
167
168
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.