Maýamiden är-aýal iň garry jübüt hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

09.11.2025, 19:0214,620
1 / 5

Maýamiden amerikalylar Laýl we Eleonora Gittensler iň uzak ýaşan är-aýal hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Olaryň umumy ýaşy 216 ýyl 132 gün. Är-aýal 1942-nji ýylda durmuş gurdy.

Laýl Gittens 108, Eleonora 107 ýaşynda. Olaryň umumy ýaşy hasaba alnan är-aýal nikalarynyň arasynda hakyky rekord boldy.
Olar ilkinji gezek 1941-nji ýylda duşuşdy, ikisi-de Atlantadaky Klark uniwersitetiniň talyplarydy. 83 ýyl bile ýaşalan ömürde olar köp wakalary başdan geçirdi: Laýl Ikinji jahan urşuna gatnaşdy, Eleonora bolsa 69 ýaşynda doktorlyk derejesini aldy.
Uzak we bagtly nikanyň syry baradaky soraga Eleonora şeýle jogap berdi:

“Biz biri-birimizi söýýäris”. Laýl hem aýaly bilen ylalaşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.