Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
02.11.2025 23:37
10k+
Saud Arabystany Messiniň gysga wagtlyk transferini ret etdi
Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyndan öň Saud Arabystanynda birnäçe aý bolup bilerdi, ýöne ýurduň häkimiýetleri şeýle teklipden ýüz öwürdi. AFP-niň habar bermegine görä, Mahd akademiýasynyň baş direktory Abdulla Hammad bu barada Thmanyah podkastyna beren interwýusynda aýtdy
02.11.2025 23:32
3.8k+
Netflix-de “Jadygöýiň” 4-nji möwsümi çykdy: ilkinji synlar garyşyk boldy
Netflix-de “Jadygöý” (The Witcher / Ведьмак) serialynyň dördünji möwsümi çykdy. Sekiz bölümiň hemmesi 2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda elýeterli boldy. Täze möwsümde ilkinji gezek Riwiýadan Geraldyň keşbini Liam Hemswort ýerine ýetirdi
02.11.2025 21:10
5.5k+
ÝB we Merkezi Aziýa ýurtlary başarnyklar hem-de iş orunlaryny ösdürmekde hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler
30–31-nji oktýabrda Italiýanyň Turin şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) 10 million ýewro býujetlik “DARYA” maksatnamasynyň çäginde dördünji ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümet wekilleri, halkara guramalar we bilermenler gatnaşdylar
02.11.2025 20:59
2.5k+
Türkmenistan ADIPEC 2025 sergisinde energetika boýunça garaýyşlaryny hödürlär
Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabide geçiriljek dünýäniň iň iri energetika sergileriniň biri bolan ADIPEC 2025-e gatnaşar. Bu ýyl forum 3–6-njy noýabr aralygynda «Energiýa. Aň. Täsir» şygary astynda geçirilýär
02.11.2025 20:47
5.3k+
Türkmenistanly türgen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy
Türkmenistanly türgen Rahmet Taganow Tailandyň paýtagty Bangkokda geçirilýän jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal aldy. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär. "Hua Mak Indoor Stadium" sport arenasında geçirilýän iri ýaryşa dünýäniň 59 ýurdundan 800-den gowrak türgen gatnaşýar
02.11.2025 20:41
4.3k+
Türkmenistanda milli manadyň ykdysadyýetdäki ornuna bagyşlanan maslahat geçirildi
1-nji noýabrda “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmen manadynyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşindäki orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
02.11.2025 20:34
9.6k+
Oleg Kononenko Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirer
Russiýanyň «Roskosmos» döwlet korporasiýasy tälimçi-kosmonawt-synagçy Oleg Kononenkonyň Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde bellenendigini habar berdi
02.11.2025 20:05
2.8k+
Nvidia Nokia-a 1 mlrd dollar maýa goýýar
Nokia kompaniýasy Nvidia-nyň özüne 1 milliard dollar möçberinde maýa goýmaga taýýardygyny habar berdi. Bu serişdeler täze çykarylan Nokia paýnamalaryny satyn almak we emeli aň (AI) tehnologiýalary boýunça strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulanylar
02.11.2025 19:58
4.8k+
Maserati Italiýanyň polisiýasyna 630 at güýji bolan superkar berdi
Maserati kompaniýasy Italiýanyň polisiýasynyň Carabinieri bölüminiň hyzmaty üçin täze MC Pura superkaryny sowgat berdi. Ulag tutuş ýurt boýunça organlary we gany dessin eltip bermek üçin ulanylar. Polisiýanyň talaplaryna laýyklykda, awtoulagyň üstüne we bamperlerine goşmaça LED yşyklar ornaşdyryldy
02.11.2025 19:51
4.7k+
Mercedes-Benz täze S-Class PHEV 2026 modelini hödürledi
Mercedes-Benz 2026-njy model ýylynyň täze S-Class PHEV görnüşini resmi taýdan hödürledi. Täze model diňe bir konfigurasiýada — S 450 e L görnüşinde elýeterli bolar. Onuň Hytaý bazaryndaky resmi bahasy 194 müň dollardan başlanýar
02.11.2025 19:44
3.8k+
PSŽ geçen möwsümde rekord – 837 mln ýewro gazandy
“Pari Sen-Žermen” futbol kluby geçen möwsüm boýunça 837 million ýewro girdeji gazandy. Bu maglumat klubuň çap eden maliýe hasabatynda görkezilýär. Bu görkeziji klub üçin rekord hasaplanýar. Gurama erkekler we aýallar futbol toparlaryny, şeýle-de gandbol, dzýudo we kibersport ugurlaryny öz içine alýar
02.11.2025 19:38
3.8k+
“Sessiz umytsyzlyk”: Ýewropanyň ýabany tebigat fotosuratçysy - 2025-iň ýeňijileri yglan edildi
Germaniýanyň Ýabany tebigatyň suratçylary jemgyýeti (GDT) abraýly “European Wildlife Photographer of the Year 2025” bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Bu ýylky baş baýragy germaniýaly 20 ýaşly ýaş suratçy Luka Lorens gazandy
02.11.2025 17:39
3.1k+
«Bir gezek... Golliwudda» filminiň dowamy Netflix-de 2026-da çykar
«Bir gezek ... Golliwudda» («Однажды… в Голливуде») filminiň dowamynyň «Kliff Butuň başdan geçirenleri» («Приключения Клиффа Бута») diýen at bilen Netflix-de 2026-njy ýylyň tomsunda çykmagyna garaşylýar. Bu barada Variety habar berýär
02.11.2025 13:12
10k+
«Şowly baha» hususy kärhanasy gozgalýan we gozgalmaýan emläklere baha kesmek hyzmatyny hödürleýär. Ol näme üçin gerek?
BAHA KESMEK NÄME ÜÇIN GEREK? Ýönekeý dilde aýdylanda... Mysal üçin, islendik adam belli bir maksat bilen bankdan dürli möçberdäki pul serişdelerini karz almak isleýär. Bank bolsa munuň üçin girew soraýar. Bu ýagdaýda raýata özünde bar bolan emlägini (gozgalýan we gozgalmaýan) girew goýmak üçin şonuň bazar bahasyny çykarmaly bolýar
02.11.2025 13:09
14k+
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde on aýyň jemlerini jemledi
1-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy
02.11.2025 13:00
8.3k+
Billi Aýliş milliarderleri tankytlady we haýyr-sahawata 11,5 mln dollar bagyş etdi
Nýu-Ýorkdaky Metropoliten muzeýinde geçen Wall Street Journal Innovator Awards 2025 dabarasynda aýdymçy, “Gremmi” we “Oskar” baýraklarynyň eýesi Billi Aýliş söz bilen çykyş edip, onda milliarderleri pullary mätäç adamlara has işjeň bagyş etmäge çagyrdy
01.11.2025 19:10
3.6k+
Türkmenistanyň Prezidenti Alžiri Ynkylap güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbuna we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
01.11.2025 19:08
16k+
Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýyla at bermek we onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy
31-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanyň kabul edilýändigini aýtdy
01.11.2025 15:52
19k+
109 ýyldan soň: Awstraliýada Birinji jahan urşunyň esgerleriniň hatlary bolan çüýşe tapyldy
Awstraliýanyň Uorton-Biç kenarynda 1916-njy ýylda – Birinji jahan urşunyň möwç alan döwründe esgerler tarapyndan ýazylan iki hatly çüýşe tapyldy. Bu barada UPI habar berýär. Çüýşäni Debra Braun we onuň gyzy kenary arassalap ýören wagty tapdy
01.11.2025 15:33
6.9k+
“Real” Superliganyň başa barmandygy üçin UEFA-dan öwez tölegini talap eder
Başa barmadyk futbol Superligasynyň taslamasyny esaslandyryjy klublaryň biri bolan Madridiň “Realy” Madridiň welaýat kazyýetiniň UEFA-nyň täze ýaryşy geçirmek bilen bagly şikaýat arzasyny ret edendigini habar berdi
01.11.2025 15:01
4k+
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy
31-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
01.11.2025 14:53
1.8k+
Türkmenistan Serbiýa bilen gatnaşyklary berkitmek we «EKSPO-2027-ä» gatnaşmak meselelerini maslahatlaşdy
30-njy oktýabrda Belgrad şäherinde Türkmenistanyň hem-de Serbiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, serbiýa tarapyna bu ýurduň daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Damýan Ýowiç ýolbaşçylyk etdiler
01.11.2025 14:45
9.9k+
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow bank ulgamynyň işgärlerini we türkmen halkyny Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen gutlady. Döwlet Baştutany milli pulumyzyň dolanyşyga
01.11.2025 14:31
4.7k+
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti talyplary biologiýa boýunça olimpiada çagyrýar
20-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda biologiýa boýunça IV halkara internet-olimpiada geçirer
01.11.2025 14:23
3.1k+
Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmekde halypa zenanlaryň goşandy maslahatlaşyldy
30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň mejlisler zalynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu maslahata ýurdumyzyň dürli pudaklarynda hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdyrlar
01.11.2025 14:15
3.5k+
Kia elektrik EV4-iň ilkinji suratlaryny görkezdi
Kia kompaniýasy 2026-njy ýylda çykarylmagy meýilleşdirilýän sport görnüşli elektrik hetçbek modeli bolan EV4-iň ilkinji suratlaryny çap etdi. Suratlarda awtoulag gizlinlik örtügine gaplanyp görkezilýär. Kia EV4 GT sport görnüşli bamperler, ýiti reňkli tormoz supportlary we täze diskler bilen tapawutlanýar, yzynda bolsa dik ýagtylyk blogy bilen enjamlaşdyrylan diffuzor ýerleşýär
01.11.2025 14:08
2.1k+
Adobe täze Photoshop we Premiere Pro üçin gurallary hödürledi
Adobe kompaniýasy her ýylky Max konferensiýasynda Creative Cloud programmalary — Photoshop, Premiere Pro we Lightroom üçin täze emeli aň gurallaryny tanyşdyrdy. Bu täzeleme suratlary we wideolary redaktirlemegiň çylşyrymly basgançaklaryny ýönekeýleşdirmäge we awtomatlaşdyrmaga gönükdirilendir
01.11.2025 14:00
3.4k+
Mercedes-Benz-iň girdejisi amerikan salgytlary sebäpli 31% azaldy
Mercedes-Benz Group-yň 2025-nji ýylyň üçünji çärýegindäki arassa girdejisi 1,19 milliard ýewro bolup, bu görkeziji geçen ýyldakydan 31% azdyr diýip, konserniň maliýe hasabatynda aýdylýar. Kompaniýa girdejiniň azalmagyny, esasan, satuwyň peselmegi we Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan onlarça ýurda girizilen import salgytlarynyň täsiri bilen düşündirýär
01.11.2025 13:56
8.4k+
3 aýda 50 kg horlan we Porsche Panamera al: Hytaýda fitnes merkezi adaty bolmadyk bäsleşik yglan etdi
Hytaýdaky fitnes merkezleriniň biri adaty bolmadyk bäsleşik yglan etdi: kim üç aýyň dowamynda 50 kilogram agram ýitirse, oňa baýrak hökmünde Porsche Panamera berler diýip, The Telegraph habar berýär. Bäsleşigiň gurnaýjysy, tälimçi bolup, ol 2020-nji ýylda öndürilen ulagyny baýrak hökmünde goýdy
01.11.2025 13:07
6.2k+
Türkmenistanda orta mekdepler üçin täze okuw kitaplary neşir edildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary üçin täze okuw kitaplar çap edildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär
01.11.2025 13:02
3.9k+
Aşgabatda Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy boldy
01.11.2025 12:56
6.6k+
Türkmen parapauerliftingçileri Kairde dünýä çempionatynda 4 medal gazandylar
Türkmenistanyň parapauerlifting boýunça ýygyndy topary Müsür Arap Respublikasynyň Kair şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 4 medal gazandy. Şolaryň 2-si kümüş, 2-si hem bürünç medallardyr diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär
01.11.2025 12:28
6k+
Türkmenistan Sumitomo we Toyota bilen awtotehnikalary getirmek hyzmatdaşlygyny maslahatlaşýar
29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň wekilleri bilen Ýaponiýanyň Sumitomo Corporation we Toyota Central Asia kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde tegelek stol duşuşygy geçirildi
01.11.2025 12:15
2.4k+
Türkmenistan «Bitewi saglyk» taslamasynyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
29–31-nji oktýabr aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede «Pandemiýalaryň öňüni almak, azyk howpsuzlygyny hem-de ekoulgamlaryň sagdynlygyny üpjün etmek üçin Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk”» atly taslamanyň ilkinji sebitleýin maslahaty we Sebitleýin utgaşdyryş geňeşiniň mejlisi geçirildi
01.11.2025 10:56
7.7k+
Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Waşingtona iş saparyna taýýarlyk barada aýtdy
31-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi
01.11.2025 10:50
12k+
Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberdi
31-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny hödürledi. Wise-prmýeriň nygtaýşy ýaly
01.11.2025 10:44
6.8k+
Hökümet mejlisinde 2025-nji ýylyň 10 aýynda Türkmenistanda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi
31-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 2025-nji ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hem-de wise-premýerler hasabat bilen çykyş etdiler
01.11.2025 10:22
2.5k+
Adamlarda garaşlylygyň döremegine täsir edýän täze genler açyldy
Halkara alymlar topary Indiana uniwersitetiniň Lukmançylyk mekdebiniň alymlarynyň ýolbaşçylygynda alkogol, temmäki, opioidler we gadagan maddalara garaşlylygy döremek howpy bilen baglanyşykly DNK-nyň 220 bölümçesini anykladylar
01.11.2025 10:16
5.5k+
Toyota rowaýata öwrülen Supra-nyň önümçiligini togtadýar: 2026-njy ýylyň modeli soňky bolar
Toyota Supra sportkarynyň önümçiliginiň 2026-njy ýylyň mart aýynda bes ediljekdigini resmi taýdan habar berdi. Şonuň üçin 2026-njy ýylyň modeli Supra-nyň soňky nesli hökmünde bazara çykar. Kompaniýa müşderilerine goldawlary üçin minnetdarlyk bildirip, Supra satyn almagy meýilleşdirýänlere dilerlere ýüz tutup alternatiw modeller boýunça maslahat almaga çagyryş etdi
01.11.2025 10:12
1.6k+
Intel iki ýylyň dowamynda 35 müňden gowrak işgärini işden boşatdy
Intel korporasiýasy täze baş direktor Lip-Bu Tanyň ýolbaşçylygynda ştaty optimizirlemek maksatnamasynyň çäklerinde soňky iki ýylyň dowamynda takmynan 35 500 işgärini işden boşatdy. Bu barada Tom’s Hardware portaly habar berýär
«
1
…
168
169
170
…
1118
»
«
1
…
165
166
167
168
169
170
171
172
173
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.