Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
01.11.2025 10:06
1.9k+
PepsiCo 25 ýyldan soň ilkinji gezek logotipini we şygaryny täzeledi
PepsiCo soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek logotipini we firma stilini täzeledi. Täze şygar hem-de dizaýn eýýäm kompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Indi brendiň täze şygary şeýle ýaňlanýar: «Iýmit. Içgiler
01.11.2025 09:59
2.8k+
Italiýada pisse hasylynyň pes bolmagy Nutella-nyň gymmatlamagyna sebäp bolup biler
Nutella hozly şokolad pastasy Italiýada pisse hasylynyň gowşak bolmagy sebäpli gymmatlap biler. Der Spiegel-iň ýerli oba hojalyk assosiasiýasyna salgylanyp habar bermegine görä, şu ýyl ýurtda 70 müň tonna töweregi hoz ýygnalar, bu bolsa soňky ýyllaryň ortaça görkezijilerinden iki esse diýen ýaly azdyr
01.11.2025 09:51
2.7k+
HOK Saud Arabystanyndaky Kibersport Olimpiadasy-2027-ni ýatyrdy
Halkara Olimpiýa komiteti ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlaryny gurnamak boýunça Saud Olimpiýa we Paralimpiýa komiteti (SOPC) bilen hyzmatdaşlygyň bes edilendigini mälim etdi diýip, Reuters habar berýär. Ýaryşlary 2027-nji ýylda Er-Riýadda geçirmek meýilleşdirilipdi
01.11.2025 09:47
3.1k+
Awazadaky CIET 2025 maslahatyna 56 ýurtdan 800-den gowrak wekil gatnaşar
3-4-nji noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Akylly gurluşyk. Arassa energiýa. Durnukly gelejek» şygary astynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly halkara maslahat we sergi geçiriler
01.11.2025 09:39
1.4k+
Samarkantda ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 43-nji mejlisi öz işine başlady
30-njy oktýabr – 13-nji noýabr aralygynda Samarkant şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň nobatdaky 43-nji mejlisi geçirilýär. Mejlise Türkmenistanyň medeniýet ministri A
01.11.2025 09:34
2.6k+
Wepaly Halynyýazow 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogyny gazandy
2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogynyň ýeňijileri belli boldy. Bu ýyl Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogyny 20 ýaşly sport ussady Wepaly Halynyýazow gazandy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby bu üstünlige Aşgabatda şweýsar usulynyň düzgünleri boýunça wagt gözegçilikli nusgawy görnüşinde 11 tapgyrda geçirilen ýaryşda ýeňiş gazanyp ýetdi
01.11.2025 09:19
6.4k+
«Altyn Asyr» «Al-Şababdan» ýeňlip, AFK Çagyryş Ligasynda çykyşyny tamamlady
Türkmenistanyň «Altyn Asyr» futbol kluby toparlaýyn tapgyryň üçünji duşuşygynda Omanyň «Al-Şabab» toparyndan 1:3 hasabynda ýeňlip, AFK Çagyryş Ligasynda çykyşyny tamamlady. Duşuşyk Butanda geçirildi. Türkmen toparynyň düzüminde ýeke-täk goly 29-njy minutda Zafar Babajanow kelle urgusy bilen geçirdi
31.10.2025 22:29
5.8k+
IFAB oýny çaltlaşdyrmak üçin futbolçylar üçin uzak autlaryň wagtyny çäklendirmegi meýilleşdirýär
Futbol ýolbaşçylaryny oýunçylaryň doly taýýarlyk bilen autdan topy uzaga zyňmak trendi biynjalyk edýär. Çünki, bu öňdebaryjy çempionatlaryň oýunlarynda “arassa” oýun wagtyna täsir edýär – ol uzak dowam edýän pauzalar sebäpli ep-esli azalýar
31.10.2025 22:25
6.9k+
Alymlar Antarktidada ýaşy 6 mln ýyl bolan iň gadymy buz nusgalaryny tapdylar
Antarktidada ýaşy, takmynan, 6 mln ýyla barabar bolan Ýerde iň gadymy buz nusgalary tapyldy. Bu barada Proceedings of the National Academy of Sciences (PNAS) žurnaly habar berýär. Dürli ýurtlardan ylmy gözlegçiler Gündogar Antarktidadaky Allan baýyrlarynyň töwereginde gözleg işlerini geçirdi
31.10.2025 22:12
5.1k+
Fransiýa futbolçylaryň eksportyndan gazanylan girdeji boýunça Braziliýadan öňe geçdi
Soňky on ýylda fransuz futbol klublary oýunçylaryň daşary ýurtlara transferinden tas 4 mlrd ýewro gazandy. Şeýle maglumatlary Halkara futbol federasiýasynyň hyzmatdaşy CIES Football Observatory hödürleýär. CIES 2016-njy ýyldan başlap, soňky on ýylda transferlerden gelen girdejiler boýunça futbol çempionatlarynyň reýtingini düzdi
31.10.2025 21:40
8.6k+
Müsürde dünýäniň bir siwilizasiýa bagyşlanan iň uly muzeýi açylýar
Dubliniň Heneghan Peng Architects binagärlik býurosy Gizadaky Uly Müsür muzeýiniň gurluşygynyň taslama yglan edilenden otuz ýyldan gowrak wagtdan soň doly tamamlanandygyny habar berdi. Muzeý Giza piramidalarynyň golaýynda 500 000 inedördül metr meýdanda ýerleşýär we köpüsi ozal köpçülige görkezilmedik faraonlar döwrüniň 100 000-den gowrak artefaktyny jemleýär
31.10.2025 16:25
2.8k+
Türkmenistanda biodürlüligi maliýeleşdirmegiň milli meýilnamasyny taýýarlamak boýunça işler başlandy
Aşgabatda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky täze taslamasy — «Biodürlüligi maliýeleşdirmegiň meýilnamalaryny taýýarlamagy goldamak boýunça toplumlaýyn maksatnama» boýunça giriş seminary geçirildi
31.10.2025 16:10
1.9k+
Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirilýär
30-njy oktýabrda Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde "Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri" atly giň gerimli iki günlük çäre başlady. Forum Radisson Blu myhmanhanasynda geçirilýär. Çärä Türkmenistanyň esasy ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Germaniýanyň we birnäçe beýleki ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň hem-de maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar
31.10.2025 15:56
3.6k+
Hytaý 2030-njy ýyla çenli Aýa taýkonawtlaryny gondurmagy meýilleşdirýär
Hytaý ekipažly Aý maksatnamasynyň üstünde işlemegini dowam etdirýär we 2030-njy ýyla çenli Aýa taýkonawtlary gondurmagy meýilleşdirýär. Bu barada HHR-iň Uçarmanly kosmos uçuşlary maksatnamasynyň edarasynyň resmi wekili Çžan Szinbo habar berdi
31.10.2025 15:50
3.9k+
YouTube pes hilli wideolary awtomatik gowulandyryp başlar
YouTube, aýratynam, telewizorda wideo tomaşa etmegiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze funksiýalary hödürledi. Esasy täzelikleriň biri 1080p-den pes durulykdaky wideolary awtomatik masştabirleme boldy. Platforma şeýle wideolaryň hilini HD, geljekde bolsa 4K derejesine çenli ýokarlandyrmak üçin emeli aň tehnologiýasyny ulanar
31.10.2025 15:44
4.9k+
Çip ýetmezçiligi bütin dünýäde awtomobil önümçiligini bökdeýär
Bütin dünýäde awtoöndürijiler çip ýetmezçiligi sebäpli önümçiligi azaldýar ýa-da azaltmagy meýilleşdirýär. Pudakda üpjünçilik zynjyryna awtomobil çiplerini öndürýän Nexperia kompaniýasynyň töwereginde Niderlandlar bilen Hytaýyň arasynda ýüze çykan dawa zyýan ýetirdi diýip, Bloomberg habar berýär
31.10.2025 15:34
4.6k+
Spalletti “Ýuwentusyň” baş tälimçisi wezipesinde Igor Tudory çalyşdy
Italiýanyň “Ýuwentus” futbol kluby Luçano Spallettiniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini mälim etdi. Şertnama şu möwsümiň ahyryna çenli hereket eder. Ozal žurnalist Nikolo Skira Spallettiniň zähmet hakynyň ýylda 3 mln ýewro boljakdygyny habar berdi
31.10.2025 13:05
8.5k+
Nýu-Ýorkda täze ýokary tehnologiýaly gökdirän bina ABŞ-nyň iň beýik diňleriniň hataryna goşuldy
Nýu-Ýork şäherinde täze binagärlik nyşany peýda boldy. Britaniýanyň Foster + Partners kompaniýasy tarapyndan taslanan 270 Park Avenue atly täze gökdirän bina 423 metr beýiklige ýetip, ABŞ-nyň iň beýik diňleriniň biri boldy diýip, New Atlas habar berýär
31.10.2025 12:44
6.8k+
Polşadaky “Takyr Dagynda” kelleçanak kesmek üçin ulanylan gadymy kelt guraly tapyldy
Polşaly arheologlar kelleçanagyň töweregini kesip ýa-da deşip bejermekde ulanylýan seýrek duş gelýän kelt guralyny tapdylar. Tapyndy b.e. öňki IV–III asyrlara degişli. Bu bolsa Merkezi Ýewropada ýaşan keltleriň lukmançylyk endiklerine eýe bolandygyny görkezýär diýip, Nauka w Polsce neşiri habar berýär
31.10.2025 12:38
3.7k+
Toyota Group satuwlaryny ýokarlandyrdy
Toyota Motor Group 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini satuwlaryň, önümçiligiň we eksportyň ösüşi bilen tamamlady. Aprel–sentýabr aýlary aralygynda toparyň umumy satuwy 5,64 mln awtoulag boldy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende +5% ýokarlanma diýmegi aňladýar
31.10.2025 12:29
5.7k+
Hytaý “emeli Günüň” gurluşygyny 2027-nji ýyla çenli tamamlar
Hytaýly alymlar “emeli Gün” diýip hem atlandyrylýan BEST (Burning Plasma Experimental Superconducting Tokamak) atly termoýadro enjamynyň gurluşygyny 2027-nji ýyla çenli tamamlamagy meýilleşdirýärler. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Nin aýtdy
31.10.2025 12:16
12k+
Türkmenistanyň içeri işler ministri Tähranda YHG-nyň duşuşygyna gatnaşdy
28-nji oktýabrda Tähran şäherinde (Eýran) Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Içeri işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň içeri işler ministri Muhammet Hydyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär
31.10.2025 12:03
1.5k+
Wilnýusda Türkmenistanyň we Litwanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi
29-njy oktýabrda Litwa Respublikasyna amala aşyran saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Widmant Werbiskas bilen duşuşdy
31.10.2025 11:46
6k+
Maskyň wadasyna garamazdan, Tesla Cybercab-da rul we pedal bolup biler
Tesla kompaniýasy öz geljekki Cybercab robotaksisini, ozal Ilon Maskyň awtomobiliň doly awtonom boljakdygyny aýdandygyna garamazdan, rul we pedal bilen üpjün edip biler. Bu barada Bloomberg habar berýär. Tesla-nyň müdirler geňeşiniň başlygy Robin Denholm agentlik bilen söhbetdeşlikde adaty dolandyryş elementleriniň bolmagynyň federal howpsuzlyk düzgünlerine laýyk gelmek üçin zerur bolup biljekdigini aýtdy
31.10.2025 11:43
6.7k+
Rio-de-Žaneýrodaky meşhur Maracana stadiony satuwa çykaryldy
Rio-de-Žaneýronyň häkimiýeti “Fluminense” we “Flamengo” futbol klublarynyň öý oýunlarynyň geçýän ýeri bolan meşhur Maracana stadionyny satuwa çykarmak kararyna geldi. Bu barada RMC Sport habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, meýdançanyň satuwy ony saklamak üçin çykdajylary azaltmak we sebitiň 1,89 mlrd ýewrolyk bergilerini bölekleýin ýapmak islegi bilen baglanyşykly boldy
31.10.2025 11:40
6.2k+
Milliarderleriň baýlygy bir ýylda 10% artyp, rekord 13,4 trln dollara ýetdi
2024-nji ýylda dünýäde dollar milliarderleriniň sany 5,6% artyp, 3508 adama ýetdi – bu 2020-nji ýyldan bäri iň uly ösüş boldy. Olaryň umumy baýlygy 10,3% artyp, görlüp-eşidilmedik 13,4 trln dollara ýetdi. Şeýle maglumatlar Altrata gözleg kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan Billionaire Census 2025 ýyllyk hasabatyndan gelip çykýar
31.10.2025 11:36
1k+
Microsoft Azure-däki uly bökdençlik bütin dünýäde Xbox bilen Microsoft 365-iň işine zyýan ýetirid
Microsoft Azure bulut platformasy uly bökdençlik bilen ýüzbe-ýüz boldy, bu hem kompaniýanyň Microsoft 365 ofis programmalaryndan başlap, Xbox oýun hyzmatlaryna we Minecraft oýun serwerlerine çenli esasy hyzmatlaryna zyýan ýetirdi
31.10.2025 09:55
12k+
Türkmenistanly agyr atletikaçy Didarbek Jumabaýew Aziýanyň rekordyny goýup, altyn medal gazandy
Türkmenistanly agyr atletikaçy Didarbek Jumabaýew häzirki wagtda Bahreýniň Manama şäherinde geçirilýän ýetginjekleriň Aziýa oýunlarynda altyn medal gazandy. Bu barada ýaryşyň resmi saýtynda habar berildi. Didarbek 79 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi
30.10.2025 19:26
40k+
“Yhlas Kagyz” HK CIET-2025 sergisinde ANYK TEKLIPLERI hödürlär
«Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 3-4-nji noýabrda geçiriljek CIET-2025 - «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisinde we maslahatynda LiuGong hem-de Zoomlion gurluşyk tehnikalary bilen tanyşmaga çagyrýar
30.10.2025 19:20
15k+
Amerikan uçarmanlary “Melissa” harasatyny içinden wideo düşürdi
ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň “Harasat awçylary” hökmünde belli bolan 53-nji meteorologiki gözleg eskadrilýasynyň uçarmanlary gözegçiligiň tutuş taryhynda Atlantikada iň güýçli harasatlaryň biri bolan “Melissa” tupanynyň merkezinden uçdy
30.10.2025 16:00
8.1k+
Toyota Tokiodaky sergide Rolls-Royce we Bentley bilen bäsleşjek Century Coupe-ny görkezdi
Tokioda Japan Mobility Show sergisinde Toyota öň yglan edilen Century Coupe kaşaň konseptiniň doly tanyşdyrylyşyny geçirdi. Kompaniýa Century maşynlaryny aýratyn ýokary hilli marka hökmünde ösdürjekdigini tassyklady
30.10.2025 15:42
6.4k+
Porsche-niň amal girdejisi model hataryna gaýtadan seredilenden soň 99% pese düşdi
Porsche 2025-nji ýylyň ilkinji dokuz aýy boýunça maliýe hasabatyny çap etdi. Maglumata görä, kompaniýanyň amal girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,035 milliard ýewrodan bary-ýogy 40 million ýewro çenli peseldi
30.10.2025 15:36
1.9k+
Microsoft Copilot+ PC satuwyny ýokarlandyrmaga synanyşdy, ýöne tersine Apple Mac-e bolan isleg artdy
2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Windows 10 ulgamynyň resmi taýdan goldawy bes edilenden soň, ulanyjylaryň aglabasy kompýuterlerini täzelemäge karar berdiler. Şeýle-de bolsa, Microsoft täze EA ugry boýunça işleýän Copilot+ noutbuklaryny işjeň mahabatlandyran hem bolsa, ulanyjylaryň ählisi şol tarapa geçmedi — olar tersine, Apple Mac kompýuterlerini saýladylar
30.10.2025 15:16
16k+
Saud Arabystanynda gökdirän binanyň ýokarsynda stadion gurlar
Gökdirän binanyň depesinde futbol stadionyny göz öňüne getirip bilersiňizmi?! Eger ýok bolsa, Saud Arabystany ony size hakykatda görkezip biler – patyşalykda nobatdaky NEOM Sky Stadium mega-taslamasy hödürlendi
30.10.2025 15:09
8.6k+
Misiň bahasy taryhy iň ýokary derejäni täzeledi
Mis üçin üç aýlyk fýuçersleriň bahasy Londonyň metal biržasynda (LME) taryhy iň ýokary derejä ýetdi. Söwdanyň dowamynda baha bir tonna üçin 11 146 dollara ýetdi we bu öňki bahalardan 0,92% ýokarydyr. Öňki rekord 2024-nji ýylda goýuldy
30.10.2025 14:54
323k+
Aşgabatda “ADAT Täze ýyl harytlary” dükany Täze ýyl satuwyna başlady
Täze ýyl möwsümi badalga alýar. Aşgabatda A.Annaýew köçesiniň ugrunda (Ostrowskiý) “ADAT Täze ýyl harytlary” dükany işläp başlady. Dükanda: dürli ölçeglerde we reňklerde Täze ýyl arçalary; arça şahalaryndan döredilen bezegler (täze ýyl gapy bezegleri, arça gozalary, asma bezegler we ş
30.10.2025 14:40
11k+
Hytaýda haýran galdyryjy arzan bahadan täze Toyota Corolla Cross satuwa çykaryldy
Hytaýda FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy tarapyndan öndürilýän täzelenen Toyota Corolla Cross krossoweriniň satuwy başlandy. Täze modeliň bahasy 126 800–159 800 ýuan aralygynda (takmynan 17 800–22 500 dollar).
30.10.2025 14:30
11k+
ABŞ-da sesden tiz uçýan sessiz X-59 uçarynyň ilkinji uçurylyşy geçirildi
ABŞ-da Lockheed Martin we NASA tarapyndan bilelikde işlenip düzülen synag görnüşli ýokary derejeli X-59 uçarynyň ilkinji uçuşy üstünlikli amala aşyryldy. Synaglar Kaliforniýada geçirildi: uçar ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň Skunk Works zawodyndan uçup, Eduard howa güýçleri bazasyna gondy
30.10.2025 14:16
6.9k+
5-nji noýabrda Türkmenistanyň asmanynda ýylyň iň ýagty dolan Aýy görner
2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň ýaşaýjylary täsin asman hadysasyna – “Samyr Aýyna” syn edip biler. Bu gezek noýabryň Superaýy öňkülerden has owadan bolmagy wada berýär, çünki ol ýylda iň uly hem iň ýagty dolan Aý bolar
30.10.2025 13:34
6.2k+
Türkmen oba hojalyk institutynda Topragy öwreniş boýunça II internet olimpiadasy geçirildi
29-njy oktýabrda Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagynda Türkmenistandaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Topragy öwreniş boýunça II internet ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik institutyň içki portalynyň mümkinçiliklerinde peýdalanylyp geçirildi
«
1
…
169
170
171
…
1118
»
«
1
…
166
167
168
169
170
171
172
173
174
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.