Misiň bahasy taryhy iň ýokary derejäni täzeledi

30.10.2025, 15:098,640

Mis üçin üç aýlyk fýuçersleriň bahasy Londonyň metal biržasynda (LME) taryhy iň ýokary derejä ýetdi. Söwdanyň dowamynda baha bir tonna üçin 11 146 dollara ýetdi we bu öňki bahalardan 0,92% ýokarydyr.

Öňki rekord 2024-nji ýylda goýuldy. Soňky bir ýylda misiň bahasy 26% ýokarlandy diýip, Bloomberg belleýär.
Agentlik bahalaryň ýokarlanmagyny känlerde metalyň gazylyp alynmagynyň azalmagy bilen baglanyşyklydygyny nygtaýar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.