Nvidia bazar bahasy 5 trln dollardan geçen dünýäde ilkinji kompaniýa boldy
30.10.2025 13:27
1.9k+

Nvidia bazar bahasy 5 trln dollardan geçen dünýäde ilkinji kompaniýa boldy

Amerikan grafiki prosessor işläp düzüjisi Nvidia-nyň bazar bahasy bäş trillion dollardan geçdi. Netijede, ol taryhda şeýle kapitalizasiýa ýeten ilkinji kompaniýa boldy. 29-njy oktýabrda NASDAQ biržasynda söwdanyň açylyşynda Nvidia-nyň paýnamalary tas 5%, bir paý üçin 210 dollara çenli ýokarlandy, bu hem kompaniýa kapitalizasiýa boýunça rekord derejä ýetmäge mümkinçilik berdi
Pawel Durow hasaplaýyş güýçlerini paýlaşmak üçin täze Cocoon taslamasyny işe girizýär
30.10.2025 13:23
3.1k+

Pawel Durow hasaplaýyş güýçlerini paýlaşmak üçin täze Cocoon taslamasyny işe girizýär

Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow täze taslamany – merkezleşdirilmedik Cocoon hasaplaýyş toruny hödürledi. Onuň tanyşdyrylyşy 29-njy oktýabrda Dubaýdaky forumda geçirildi. Cocoon (“Kokon”) ady – bu Confidential Compute Open Network-dan (“Gizlin hasaplaýyş tory”) gysgaltmadyr
Collider neşiri ähli döwürleriň iň gowy içaly filmleriniň 20-ligini düzdi
30.10.2025 13:11
2.6k+

Collider neşiri ähli döwürleriň iň gowy içaly filmleriniň 20-ligini düzdi

Collider neşiri ähli döwürleriň iň gowy 20 içaly filminiň sanawyny neşir etdi. Saýlawa 1920-nji ýyllaryň ahyryndan şu güne çenli surata düşürilen filmler girizildi. Sanawda birinji orny Şon Konneriň baş keşbi janlandyrmagyndaky Jeýms Bond hakyndaky üçünji film — “Goldfinger” («Голдфингер») (1964) eýeledi
OpenAI Julýard sungat mekdebiniň goldawy bilen emeli aň aýdym-saz generatorynyň üstünde işleýär
30.10.2025 12:47
1.7k+

OpenAI Julýard sungat mekdebiniň goldawy bilen emeli aň aýdym-saz generatorynyň üstünde işleýär

OpenAI kompaniýasy aýdym-saz döretmäge ukyply täze emeli aň modeliniň üstünde işlemäge girişdi diýip, The Information neşiri habar berýär. Bu maksat bilen kompaniýa EA-ny taýýarlamak üçin gerekli bolan nota partituralaryny belläp tertipleşdirmäge goldaw berýän dünýä belli Julýard sungat mekdebi bilen hyzmatdaşlyk edýär
Lexus Tokiodaky sergide üç dürli konsept-karyny hödürledi: miniwen, kross-kupe we sürüjisiz ulag
30.10.2025 12:19
6k+

Lexus Tokiodaky sergide üç dürli konsept-karyny hödürledi: miniwen, kross-kupe we sürüjisiz ulag

Tokioda Japan Mobility Show sergisinde Lexus kompaniýasy LS indeksli üç täze tejribeli konsept modelini görkezdi. Häzir bu at marka üçin flagman sedana degişli bolsa-da, onuň öndüriliş döwri tamamlanmaga ýakyn gelýär
Umar Nurmagomedow UFC-niň çempiony adyna esasy dalaşgär boldy
30.10.2025 11:45
11k+

Umar Nurmagomedow UFC-niň çempiony adyna esasy dalaşgär boldy

Garyşyk söweş sungatynyň russiýaly wekili Umar Nurmagomedow UFC-niň ýeňil agram derejesinde söweşijileriň sanawynda birinji basgançaga galdy. Bu agram derejesinde hereket edýän çempion adyny  gruziýaly Merab Dwalişwili saklap gelýär, emma Nurmagomedow indi çempionlyk üçin esasy dalaşgär hasaplanýar
Türkmenistanda maliýe we ykdysady adalgalaryň düşündirişli sözlügi çap edildi
30.10.2025 11:36
2.3k+

Türkmenistanda maliýe we ykdysady adalgalaryň düşündirişli sözlügi çap edildi

Türkmenistanda “Maliýe we ykdysady ulgamda ulanylýan adalgalaryň düşündirişli sözlügi” atly okuw gollanmasy çap edildi. Gollanmany Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy L. Saryýewa taýýarlady
Türkmen Oba hojalyk instituty "Agroinnowasiýalar" halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini yglan etdi
30.10.2025 11:19
1.8k+

Türkmen Oba hojalyk instituty "Agroinnowasiýalar" halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini yglan etdi

Türkmen Oba hojalyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan eden “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine arzalary kabul etmegini dowam edýär
Türkmenistan Samarkantda geçirilen ÝUNESKO-nyň maslahatynda ileri tutýan ugurlaryny hödürledi
30.10.2025 11:08
3.7k+

Türkmenistan Samarkantda geçirilen ÝUNESKO-nyň maslahatynda ileri tutýan ugurlaryny hödürledi

ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasy köp wagtdan bäri ilkinji gezek guramanyň ştab-kwartirasyndan daşynda geçirilýär — 43-nji gezek geçirilýän bu forumy Özbegistanyň Samarkant şäheri kabul etdi. 29-njy oktýabrda konferensiýanyň çäginde ÝUNESKO agza döwletleriniň milli komissiýalarynyň 12-nji sebitara maslahaty geçirildi
Türkmenistan we GIZ ekologiýa maksatnamalary boýunça täze ylalaşyklara gol çekdiler
30.10.2025 10:59
2.6k+

Türkmenistan we GIZ ekologiýa maksatnamalary boýunça täze ylalaşyklara gol çekdiler

Aşgabatda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) iki sany sebit maksatnamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminamalara Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow hem-de GIZ-iň ýurdumyzdaky çäreleriniň utgaşdyryjysy bolup çykyş edýän Ýoahim Fris gol çekdiler
Argentinanyň Merkezi banky Maradonanyň geçiren «asyryň goluna» bagyşlap şaýy puluny çykardy
30.10.2025 10:43
4.8k+

Argentinanyň Merkezi banky Maradonanyň geçiren «asyryň goluna» bagyşlap şaýy puluny çykardy

Argentinanyň Merkezi banky «asyryň goluna» – Maradonanyň geçiren meşhur goluna bagyşlanan ýörite şaýy puluny çykardy. Bu şaýy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna gabatlanyp taýýarlanyldy. Şol çempionata Argentina ýaryşyň häzirki çempiony hökmünde gatnaşar
Coursera Türkmenistanyň Bilim ministrligine bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak boýunça çözgütlerini hödürledi
30.10.2025 10:24
3.6k+

Coursera Türkmenistanyň Bilim ministrligine bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak boýunça çözgütlerini hödürledi

27-nji oktýabrda Waşington şäherinde Coursera kompaniýasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda kompaniýa bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ekosistemany hödürledi hem-de hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny görkezdi
ABŞ-da Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kraça institutynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy
30.10.2025 09:57
2.2k+

ABŞ-da Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kraça institutynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Waşington şäherinde Bütindünýä bankynyň hem-de Perdýu uniwersitetiniň ýanyndaky Kraç Tehnologik Diplomatiýa institutynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny geçirdi
Türkmenistanly talyp «Türki halklaryň iň gowy talyby» adyna mynasyp boldy
30.10.2025 09:47
9.1k+

Türkmenistanly talyp «Türki halklaryň iň gowy talyby» adyna mynasyp boldy

Astanada L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň Pedagogika ýokary mekdebinde daşary ýurt dilleri (nemes we iňlis) ugry boýunça okaýan türkmenistanly talyp Hemra Parrykow «Türki halklaryň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Aşgabatda geçirilen forumda ýokary hilli bilimi we adam maýasyny ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy
29.10.2025 18:12
4.9k+

Aşgabatda geçirilen forumda ýokary hilli bilimi we adam maýasyny ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

27-nji oktýabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Durnukly ösüş maksatlary: okatmagyň usulyýeti we innowasiýalar esasynda ýokary hilli bilimi we adam maýasyny ösdürmek» atly halkara ylmy maslahat geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BSG-niň forumyna gatnaşdy
29.10.2025 17:53
3.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BSG-niň forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bütindünýä Söwda Guramasy bilen Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) bilelikde guran «CAREC sebiti we köptaraplaýyn söwda ulgamy: Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda integrasiýany çuňlaşdyrmak» atly ýokary derejeli forumyna gatnaşdy
8-nji noýabrda Türkmenistanda giň gerimli ekologik çäresi geçiriler
29.10.2025 17:13
7.6k+

8-nji noýabrda Türkmenistanda giň gerimli ekologik çäresi geçiriler

8-nji noýabrda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler. Bu giň gerimli ekologik çäräniň dowamynda türkmen arçasynyň nahallarynyň hem oturdylmagy meýilleşdirilýär. Çäräniň guramaçylary
Samsung ilkinji gezek üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonyny görkezdi
29.10.2025 17:05
6.5k+

Samsung ilkinji gezek üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonyny görkezdi

Samsung kompaniýasy ilkinji gezek üç eplenýän — Galaxy Z TriFold täze smartfonynyň nusgasyny görkezdі. Täze enjam Günorta Koreýada geçirilýän APEC 2025 sammitinde tanyşdyryldy diýip, SamMobile habar berýär. Žurnalistler we myhmanlar smartfony diňe aýnaň aňyrsyndan görüp bildiler: bir nusga eplenen, beýlekisi bolsa doly açyk ýagdaýda ýerleşdirildi
Mask Grokipedia atly täze onlaýn ensiklopediýasyny işe girizdi: makalalar “Wikipediýadan” alnyp, täzeden işlenilipdir
29.10.2025 14:33
3.1k+

Mask Grokipedia atly täze onlaýn ensiklopediýasyny işe girizdi: makalalar “Wikipediýadan” alnyp, täzeden işlenilipdir

Ilon Maska degişli bolan xAI kompaniýasy oktýabrda yglan eden täze sanly ensiklopediýasyny - Grokipedia-ny resmi taýdan işe girizdi. Bu taslama Grok atly çatboty döreden şol bir topar tarapyndan taýýarlanylýar
BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär
29.10.2025 14:18
4k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär
Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar
29.10.2025 13:52
6.1k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar
Ýamaýka bilen Kuba taryhynda iň güýçli harasat aralaşdy
29.10.2025 13:47
14k+

Ýamaýka bilen Kuba taryhynda iň güýçli harasat aralaşdy

Sişenbe güni Ýamaýkanyň üstünden “Melissa” atly harasat geçip gitdi. Ol suw joşmalaryna we köpçülikleýin elektrik kesilmelerine sebäp boldy. "Melissa" bu ada döwletiniň taryhynda iň güýçli harasat boldy. ABŞ-nyň Harasat gözegçilik Milli merkeziniň (NHC) maglumatlaryna görä, 29-njy oktýabrda irden harasat Kubanyň kenaryna ýetdi
Apple bazar bahasy 4 trillion dollara ýeten taryhda üçünji kompaniýa boldy
29.10.2025 13:32
4k+

Apple bazar bahasy 4 trillion dollara ýeten taryhda üçünji kompaniýa boldy

Apple korporasiýasynyň bazar bahasy ilkinji gezek 4 trillion dollardan geçdi, muňa Nasdaq biržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Bu kompaniýany Nvidia bilen Microsoft-dan soň taryhda şeýle derejä ýetmegi başaran üçünji kompaniýa edýär
Haýwanlar özara degşende: Nikon Comedy Wildlife Awards 2025-iň finalçylary yglan edildi
29.10.2025 13:21
7.1k+

Haýwanlar özara degşende: Nikon Comedy Wildlife Awards 2025-iň finalçylary yglan edildi

Nikon Comedy Wildlife Awards 2025 bäsleşiginiň guramaçylary finalçylary yglan etdiler. Sanawa düşen suratlar diňe bir gülki döretmek bilen çäklenmän, eýsem, laýyk pursat tutup bilmekde suratçylaryň ussatlygyny hem görkezýär
Ierusalimde ilkinji gezek assiriýa ýazgysy tapyldy
29.10.2025 13:04
5.1k+

Ierusalimde ilkinji gezek assiriýa ýazgysy tapyldy

Ierusalimde gazuw işlerini alyp barýan arheologlar möhüm tapyndyny ýüze çykardylar: olar, takmynan,  2700 ýyllyk kiçijik kerpiç bölegini – assiriýa klin ýazgysy bilen bezelen bölegi – tapdylar. Bu tapyndy gadymy şäheriň taryhynda ilkinji gezek şeýle ýazgyň ýüze çykarylandygyny görkezýär
ABŞ-da Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we AC Language School kompaniýasynyň wekilleri duşuşdylar
29.10.2025 12:03
7k+

ABŞ-da Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we AC Language School kompaniýasynyň wekilleri duşuşdylar

28-nji oktýabrda ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew AC Language School kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyga kompaniýanyň hökümet we operasion meseleleri boýunça jogapkär wekili Angeles Çawes hem-de degişli hünärmenler gatnaşdy
Pablо Pikassonyň kartinasy auksionda 37 million dollara satyldy
29.10.2025 11:52
4.5k+

Pablо Pikassonyň kartinasy auksionda 37 million dollara satyldy

Pablо Pikassonyň “Gülli şlýapaly zenanyň heýkeli” atly kartinasy Pariždäki Drou auksionynda 32 million ýewro (takmynan 37 million dollar) satyldy, diýip Associated Press habar berýär. Suratda Pikassonyň ylham çeşmesi we söýgülisi Dora Maaryň portreti çekilipdir
Microsoft täze şertnamanyň çäklerinde OpenAI-dan 27% paý aldy
29.10.2025 11:42
771

Microsoft täze şertnamanyň çäklerinde OpenAI-dan 27% paý aldy

Microsoft we OpenAI täze uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişendigini mälim etdiler. Ylalaşygyň çäginde Microsoft OpenAI-dan 27% paý alar. Bukjanyň bahasy 135 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar
Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy
29.10.2025 11:35
2.7k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady
Ispaniýada Pablo Pikassonyň serginiň öňýanynda ýitip giden kartinasy tapyldy
29.10.2025 11:21
3.6k+

Ispaniýada Pablo Pikassonyň serginiň öňýanynda ýitip giden kartinasy tapyldy

Ispaniýanyň Milli polisiýasy Pablo Pikassonyň 1919-njy ýylda guaş bilen çekilen ýitip giden “Gitaraly natýurmort” atly eseriniň tapylandygyny habar berdi (El Pais). Kartinanyň ölçegi 12,7 x 9,8 sm. Geçen hepde eser Madridden Granada sergisine iberilmeli bolupdy, ýöne ýolunyň dowamynda ýitipdi
Saud Arabystany “Guryýer köprüsi” atly ýokary tizlikli demir ýol taslamasyny işläp taýýarlaýar
29.10.2025 11:17
8.1k+

Saud Arabystany “Guryýer köprüsi” atly ýokary tizlikli demir ýol taslamasyny işläp taýýarlaýar

Saud Arabystany 7 milliard dollarlyk ýokary tizlikli demir ýol taslamasyny işläp taýýarlady. Ol Gyzyl deňzi Pars aýlagy bilen birleşdirer we ýurduň iň iri şäherlerini birleşdirmegi, şeýle hem Arap ýarym adasynda ulag we söwdany döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär
Mongoliýada Gobi çölünde Marsdaky durmuşa meňzedilen syýahatçylyk lageri dörediler
29.10.2025 11:10
5.2k+

Mongoliýada Gobi çölünde Marsdaky durmuşa meňzedilen syýahatçylyk lageri dörediler

Mongoliýada adaty bolmadyk syýahatçylyk taslamasy işlenip düzülýär: Gobi çölünde myhmanlar Marsdaky ýaly şertlerde ýaşaýşy başdan geçirip bilerler. Bu başlangyjy Ulan-Batorda ýerleşýän MARS-V guramasy amala aşyrýar
Alymlar birnäçe ösümlikleriň rak keseline garşy täsiriniň bardygyny tassykladylar
29.10.2025 11:02
4.9k+

Alymlar birnäçe ösümlikleriň rak keseline garşy täsiriniň bardygyny tassykladylar

Yrakly, hindistanly we russiýaly alymlar Hytaýyň halk lukmançylygynda ulanylýan birnäçe ösümlikden alnan maddalary barladylar we olaryň iň azyndan sekizsinde rak keseline garşy täsirleriň bardygyny subut etdiler
Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar
29.10.2025 10:57
6k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär
Mýanmada molýuskalaryň iki täze görnüşi tapyldy
29.10.2025 10:52
2k+

Mýanmada molýuskalaryň iki täze görnüşi tapyldy

Halkara alymlar topary Mýanmada süýji suwda ýaşaýan korbikul (Corbicula) tohumyna degişli molýuskalaryň iki täze görnüşini we sferokorbikul (Sphaerocorbicula) atly täze kiçi tohumy ýüze çykardylar. Şeýlelikde, tohumyň doly klassifikasiýasy täzeden anyklandy
Russiýada B gepatitini çalt anyklaýan dünýäde ilkinji ýokary duýgur test döredildi
29.10.2025 10:48
2.2k+

Russiýada B gepatitini çalt anyklaýan dünýäde ilkinji ýokary duýgur test döredildi

Russiýada ilkinji gezek duýgurlygy boýunça PZR bilen deňeşdirip bolýan B gepatitini anyklaýan çalt test resmi taýdan hasaba alyndy. Bu barada Rospotrebnadzor (RF) habar berdi. Bu synag Rospotrebnadzoryň Merkezi epidemiologiýa ylmy-barlag institutynyň alymlary tarapyndan LAMP (Loop mediated isothermal amplification) tehnologiýasy esasynda işlendi
Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýäniň Respublika güni bilen gutlady
29.10.2025 10:29
3.4k+

Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýäniň Respublika güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Türkiýäniň doganlyk halkyna ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
Rak keselini bejermegiň täze usuly ýarym sagatda rak öýjükleriniň 92%-ni ýok etdi
29.10.2025 09:41
7.8k+

Rak keselini bejermegiň täze usuly ýarym sagatda rak öýjükleriniň 92%-ni ýok etdi

Rak häzirki wagtda dünýäde ölüme sebäp bolýan keselleriň arasynda ikinji ýerde durýar. Şonuň üçin alymlar has netijeli we howpsuz bejergi usullaryny gözlemegini dowam etdirýärler. Tehas uniwersitetiniň (Ostin) we Portu uniwersitetiniň alymlary täze tehnologiýany işläp düzdüler
Toyota RAV4 retro görnüşe eýe bolýar: Mitsuoka Buddy täzeden çykýar
29.10.2025 09:36
4.7k+

Toyota RAV4 retro görnüşe eýe bolýar: Mitsuoka Buddy täzeden çykýar

Özboluşly we nostalgiýa ruhly awtoulaglary bilen tanalýan Mitsuoka ýapon kompaniýasy öz retro krossoweri bolan Buddy-nyň gaýdyp gelýändigini resmi taýdan mälim etdi. Bu model Toyota RAV4-iň öňki nesline esaslanýar, ýöne onuň daş keşbi 1970-nji ýyllaryň Chevrolet we Cadillac awtoulaglaryny ýada salýar
Mercedes-Benz dünýäde iň güýçli 13 kg-lyk elektrik hereketlendirijisini taýýarlady
29.10.2025 09:27
4.7k+

Mercedes-Benz dünýäde iň güýçli 13 kg-lyk elektrik hereketlendirijisini taýýarlady

Mercedes-Benz-iň Britaniýadaky şahamçasy YASA Group täze nesil aksial elektrik hereketlendirijisini hödürledi. Bu görnüşli hereketlendirijiler okunyň ugrunda aýlanýandygy üçin has ykjam bolýar we elektrikli awtoulaglar üçin amatly hasaplanylýar diýip, Interesting Engineering habar berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.