Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

29.10.2025, 10:576,053

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär.

Meseläni çözmek üçin Tesla eýýäm mugt programma üpjünçiligi täzelenmesini goýberdi. Täzelenme 2023-nji ýylyň 13-nji noýabryndan 2025-nji ýylyň 11-nji oktýabry aralygynda öndürilen Cybertruck üçin elýeterli. Kompaniýa bu näsazlygyň ýol hadysalaryna sebäp bolandygy barada maglumatlaryň ýokdugyny aýtdy.
Şeýle hem kompaniýa akkumulýator batareýasynyň näsazlygy sebäpli 12 960 sany Model 3 we Model Y elektrik ulagyny yzyna çagyrýar. Bu näsazlyk hereket wagtynda motoryň güýjüniň duýdansyz ýitmegine sebäp bolup biler. Mesele 2025-nji ýylda öndürilen käbir Model 3 we Model Y awtoulaglarynda ýüze çykaryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.