Gresiýada iş berijilere 13 sagatlyk iş gününi girizmäge rugsat berildi
18.10.2025 22:57
5.6k+

Gresiýada iş berijilere 13 sagatlyk iş gününi girizmäge rugsat berildi

16-njy oktýabrda Gresiýanyň parlamenti iş bilen üpjün edijilere iş gününi 13 sagada çenli uzaltmaga mümkinçilik berýän kanun taslamasyny tassyklady diýip, Athens News Agency habar berýär. Öň ýurtda iň ýokary iş wagty bir çalşyk üçin sekiz sagatdy
Bitkoin 105 müň dollardan aşak düşüp, maýadarlary millionlarça dollardan mahrum etdi
18.10.2025 22:51
5.7k+

Bitkoin 105 müň dollardan aşak düşüp, maýadarlary millionlarça dollardan mahrum etdi

Bitkoin birden arzanlap, iýun aýyndan bäri ilkinji gezek 104 müň dollardan aşak düşüp, 103 790 dollar görkezijisine ýetdi. Şol sebäpli biržalar bir günde treýderleriň 1,2 mlrd dollarlyk şertnamalaryny awtomatik ýagdaýda ýapdy diýip, Bloomberg habar berýär
Mitsubishi Tokioda syýahat üçin gibrid krossower-kemperini görkezer
18.10.2025 12:47
3.6k+

Mitsubishi Tokioda syýahat üçin gibrid krossower-kemperini görkezer

Mitsubishi kompaniýasy 29-njy oktýabrda Tokioda açyljak Japan Mobility Show sergisinde täze konseptiniň premýerasyna taýýarlanýar. Öndüriji asfaltsyz ýollardan uzakda syýahat etmek we şol bir wagtyň özünde-de ýaşamak üçin döredilen synag awtomobilini, ähtimal, krossowerini görkezer
Çöregiň bahasy boýunça ýurtlaryň reýtingi düzüldi
18.10.2025 12:43
19k+

Çöregiň bahasy boýunça ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Dünýäde 0,5 kg agramly ak çörek batonynyň ortaça bahasy 1,74 dollara barabar. Çörek üçin iň gymmat baha Jibutide, iň pes baha bolsa Alžirde hasaba alyndy diýip, RIA Nowosti habar berýär. Jibutide çöregiň bahasy 9,42 dollar
Google öz Veo wideo döredijisini täzeledi: ýokary realizm, ses we kino stili
18.10.2025 12:40
2.1k+

Google öz Veo wideo döredijisini täzeledi: ýokary realizm, ses we kino stili

Google öz EA wideo generatorynyň täzelenen wersiýasyny – Veo 3.1-i çykardy. Täze model şekilleriň has hakykata ýakyn bolmagy, tekst beýanlaryny takyk berjaý etmegi we ses bezeginiň kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar
FIFA milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi
18.10.2025 12:25
11k+

FIFA milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny 1880,76 utuk gazanan Ispaniýanyň milli ýygyndysy eýeledi. Ikinji orna dünýä çempiony bolan Argentina (1872,43) çykdy
Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
18.10.2025 12:05
5k+

Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

17-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär
«Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiň dördünji mejlisinde birnäçe teklipler öňe sürüldi
18.10.2025 11:58
2k+

«Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiň dördünji mejlisinde birnäçe teklipler öňe sürüldi

17-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada hasabat berdi
BMG-niň Baş Assambleýasy “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamany kabul etdi
18.10.2025 10:49
2.5k+

BMG-niň Baş Assambleýasy “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamany kabul etdi

14-nji oktýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu baradaky hoş habary anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R
1-nji noýabrda Türkmenistanda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli maslahat geçiriler
18.10.2025 10:41
23k+

1-nji noýabrda Türkmenistanda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli maslahat geçiriler

1-nji noýabrda Türkmenistanda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçiriler. Maslahata taýýarlyk işleri barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow hasabat berdi
Türkmenistanyň Prezidenti 2052-nji ýyla çenli ýokary hünär bilimini ösdürmegiň Strategiýasyny tassyklady
18.10.2025 10:31
8.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti 2052-nji ýyla çenli ýokary hünär bilimini ösdürmegiň Strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny” tassyklaýan Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şeýle hem Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy
Samsung täze Galaxy Edge smartfonlaryny çykarmakdan ýüz öwürýär. Satuwlar ýöremedi
18.10.2025 10:10
5.9k+

Samsung täze Galaxy Edge smartfonlaryny çykarmakdan ýüz öwürýär. Satuwlar ýöremedi

Samsung inçe we ýeňil Edge smartfonlaryny çykarmakdan ýüz öwürmek kararyna geldi. Günorta Koreýanyň NewsPim neşiriniň maglumatlaryna görä, kompaniýa galan Galaxy S25 Edge smartfonlary satylandan soň önümçiligi bes eder
Türkmenistan we Russiýa ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesi hakynda ylalaşyga gol çekişdi
18.10.2025 10:06
10k+

Türkmenistan we Russiýa ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesi hakynda ylalaşyga gol çekişdi

Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary bilen Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Sergeý Wladimirowiç Şklýaýew duşuşdy
Toyota dünýäniň iň gymmat awtomobil brendi diýlip ykrar edildi
18.10.2025 07:03
8.5k+

Toyota dünýäniň iň gymmat awtomobil brendi diýlip ykrar edildi

Interbrand konsalting kompaniýasy dünýä brendleriniň bahasynyň ýyllyk reýtingini hödürledi. Iň gymmat awtomobil brendi ýene-de Toyota boldy, ol umumy reýtingde altynjy orny eýeledi. Ýapon awtoulag ägirdi diňe iri IT kompaniýalaryndan yza galdy
Google dostlaryň we maşgalanyň kömegi bilen akkaunty dikeltmäge mümkinçilik berer
18.10.2025 07:01
1.9k+

Google dostlaryň we maşgalanyň kömegi bilen akkaunty dikeltmäge mümkinçilik berer

Google kompaniýasy ulanyjylaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we şahsy maglumatlary goramak üçin täze gurallary hödürledi. Olaryň arasynda ynamdar kontaktlaryň kömegi bilen akkaunty dikeltmek funksiýasy bar. Indi
Porsche meşhur sportkarlaryň stilinde hojalyk enjamlarynyň kolleksiýasyny hödürledi
18.10.2025 06:59
2.5k+

Porsche meşhur sportkarlaryň stilinde hojalyk enjamlarynyň kolleksiýasyny hödürledi

Porsche kompaniýasy SMEG italýan brendi bilen bilelikde döredilen hojalyk enjamlarynyň täze kolleksiýasyny hödürledi. Oňa hem çäkli çykaryljak eksklýuziw modeller, hem köpçülige elýeterli boljak enjamlar girdi
Redmi elýeterli K90 Pro Max flagmanynyň dizaýnyny görkezdi: ol jins stiline eýe boldy
18.10.2025 06:55
5.9k+

Redmi elýeterli K90 Pro Max flagmanynyň dizaýnyny görkezdi: ol jins stiline eýe boldy

Redmi kompaniýasy 27-nji oktýabrda Hytaýda Redmi K90 hataryny, şol sanda täze K90 Pro Max flagmanyny hödürlejekdigini tassyklady. Şol çärede adaty wersiýa K90-nyň hem görkezilmegine garaşylýar. Resmi suratlarda ultra-inçe çarçuwaly we yzky panelde uly gönüburç şekilli kamera moduly bolan K90 Pro Max-yň ak wersiýasy görkezildi
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin eýýäm milliondan gowrak petek satyldy
17.10.2025 21:01
8.5k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin eýýäm milliondan gowrak petek satyldy

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryna eýýäm milliondan gowrak petek satyldy. Bu barada FIFA salgylanyp, NBC News habar berýär. Uly gyzyklanma bildiren janköýerler, esasan, ABŞ-dan, Kanadadan we Meksikadan boldy – hut bu üç ýurt 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ýaryşy kabul eder
ABŞ-da “Titan” batiskafynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi anyklandy
17.10.2025 20:57
11k+

ABŞ-da “Titan” batiskafynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi anyklandy

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2023-nji ýylyň iýunynda “Titanik” gämisiniň galyndylarynyň ýanyna çümen wagty ýarylan “Titan” batiskafynyň heläkçilige uçramagynyň sebäpleri barada hasabatyny hödürledi
Toyota kompaniýasy Century-ny Lexus-dan ýokary premium brend etmegi meýilleşdirýär
17.10.2025 20:21
4.5k+

Toyota kompaniýasy Century-ny Lexus-dan ýokary premium brend etmegi meýilleşdirýär

Toyota konserni öz brend ulgamynda Century brendiniň ornuny takyk kesgitlemek isleýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Akio Toýoda Century-nyň geljekde Toyota-nyň flagmany bolup, Lexus-dan ýokarda durjakdygyny aýtdy. Century hatarynyň haçan giňeldilip başlanjakdygy entek belli däl
ABŞ-nyň Zikgehanasy Stiw Jobsly bir dollarlyk teňňäniň dizaýnyny görkezdi
17.10.2025 18:58
5.4k+

ABŞ-nyň Zikgehanasy Stiw Jobsly bir dollarlyk teňňäniň dizaýnyny görkezdi

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple-iň egindeş esaslandyryjysy we öňki baş direktory Stiw Jobsa bagyşlanan bir dollarlyk teňňäniň dizaýnyny hödürledi. Teňňede Kaliforniýanyň baýyrlarynda özi üçin adaty bolan obrazda – wodolazkada, jinsde we krossowkada aýbogdaşyny gurup oturan ýaş Jobs şekillendirilýär
SpaceX “Falcon 9” raketa göterijisiniň birinji basgançagyny 500-nji gezek Ýere yzyna gaýtardy
17.10.2025 18:55
3.2k+

SpaceX “Falcon 9” raketa göterijisiniň birinji basgançagyny 500-nji gezek Ýere yzyna gaýtardy

16-njy oktýabrda SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketasynyň nobatdaky uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Ol orbita Starlink ulgamynyň 28 hemrasyny çykardy. Kompaniýa üçin bu uçuş aýratyn ähmiýetli boldy – raketanyň birinji basgançagy 500-nji gezek Ýere üstünlikli gaýdyp geldi
“PSŽ-niň” hüjümçisi Li Kan In ýylyň iň gowy aziýaly futbolçysy boldy
17.10.2025 18:53
4.8k+

“PSŽ-niň” hüjümçisi Li Kan In ýylyň iň gowy aziýaly futbolçysy boldy

“Pari Sen-Žermen” fransuz klubunyň wingeri Li Kan In AFC Awards Riyadh 2025 tarapyndan ýylyň iň gowy aziýaly futbolçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada Aziýanyň futbol konfederasiýasy öz resmi saýtynda habar berdi
BAE-niň ýygyndysynyň janköýerleri Katardan utulandan soň meýdança iPhone we awtoulag açarlaryny zyňdylar
17.10.2025 18:50
17k+

BAE-niň ýygyndysynyň janköýerleri Katardan utulandan soň meýdança iPhone we awtoulag açarlaryny zyňdylar

Kataryň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň oýnunda BAE-ni utdy. Hulen Lopeteginiň topary iki gol geçirip, ikinji ýaryma goşulan wagtda bolsa bir goly sypdyryp, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy
Loewe Parfumes Crafted atly täze hoşboý ys hataryny çykardy
17.10.2025 17:29
2.8k+

Loewe Parfumes Crafted atly täze hoşboý ys hataryny çykardy

Loewe Parfumes brendi Crafted atly täze hoşboý ys toplumyny hödürledi. "Bagyşla, bala" («Прости, детка») filmindäki we "Milliarder" («Миллиардер») serialyndaky keşpleri bilen tanalýan aktrisa Ýewa Wiktor toplumyň ýüzi boldy diýip, Hypebae habar berýär
Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi
17.10.2025 17:14
5.3k+

Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasynyň Gýoteborgdaky zawodynyň gurnama hataryndan iň soňky V90 uniwersaly düşdi. Bu awtoulag satylmaz — ol kompaniýanyň muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler. Volvo-nyň bellemegine görä, bu modeli öndürmegiň bes edilmegi islegiň azalmagy bilen däl-de, kompaniýanyň global önümçilik strategiýasynyň täzelenmegi bilen baglydyr
Yamaha doly dolandyrylýan şassili trisikl döretdi
17.10.2025 16:55
3.7k+

Yamaha doly dolandyrylýan şassili trisikl döretdi

Ýaponiýanyň Yamaha kompaniýasy üç tigirli Tricera ulagynyň täzelenen görnüşini hödürledi. Täze modeliň esasy aýratynlygy — üç tigriniň ählisiniň hem dolandyrylmagyny üpjün edýän ulgamdyr. Prototip şu aýyň ahyrynda Tokioda geçiriljek Japan Mobility Show sergisinde ilkinji gezek görkeziler
Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň altyn medaly gowşuryldy
17.10.2025 12:30
4.8k+

Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň altyn medaly gowşuryldy

Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşmak üçin Aşgabatda geçirilen Ýewraziýa Patent Guramasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 47-nji mejlisine gatnaşyjylar ýurdumyzyň «akylly» şäherine geldiler
2025-nji ýylda dünýäde iň köp eksport edýän 30 döwletiň sanawy düzüldi
17.10.2025 12:22
9.7k+

2025-nji ýylda dünýäde iň köp eksport edýän 30 döwletiň sanawy düzüldi

2025-nji ýylda Hytaý eksport babatda dünýäde lider hökmünde öz ornuny berkitmegini dowam etdirýär. ABŞ bilen arasyndaky salgyt gapma-garşylygyna garamazdan, Hytaý Afrika, Günorta-Gündogar Aziýa we Ýewropa bilen söwda gatnaşyklaryny giňeldýär
Hytaýly alymlar bary-ýogy bir atom galyňlykda ýady saklaýjy  çip döretdiler
17.10.2025 12:18
3k+

Hytaýly alymlar bary-ýogy bir atom galyňlykda ýady saklaýjy çip döretdiler

Professor Çunsen Liunyň ýolbaşçylygyndaky hytaýly alymlar topary galyňlygy  bir atoma deň bolan iki ölçegli materiallardan we adaty kremnili arhitekturadan düzülen gibrid ýady saklaýan çip işläp düzdüler. Çibiň sygymy 1 kilobaýt, maglumatlary ýazmak we pozmak wagty bolsa bary-ýogy 20 nanosanýa deň
Audi meşhur “Gelendwagen” bilen bäsleşip biljek ulagyny taýýarlamaga girişdi
17.10.2025 12:16
6.3k+

Audi meşhur “Gelendwagen” bilen bäsleşip biljek ulagyny taýýarlamaga girişdi

Mercedes-Benz G-Class 1970-nji ýyllaryň ahyryndan bäri  elli ýyla golaý wagt bäri nemes awtoulag stiliniň nyşany bolup galýar. BMW-niň X5 we XM ýaly modelleri bar, emma hakyky “Gelendwageniň” bäsdeşi häzire çenli döredilmedi
Teýlor Swiftiň täze albomy birinji hepdesinde 4 milliondan gowrak nusgada satyldy — bu rekord
17.10.2025 11:50
4.2k+

Teýlor Swiftiň täze albomy birinji hepdesinde 4 milliondan gowrak nusgada satyldy — bu rekord

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swiftiň “Life of a Showgirl” 12-nji studiýa albomy ilkinji gezek çykanyndan soňky ilkinji ýedi günde 4,002 million nusgada satyldy. Billboard we beýleki halkara habar serişdeleriniň maglumatyna görä, bu görkeziji aýdym-saz senagatynda täze rekord boldy
HPG 2025-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy
17.10.2025 11:39
1.5k+

HPG 2025-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy

Halkara pul gaznasy (HPG) 2025-nji ýylyň jemi boýunça dünýä ykdysasyýetiniň ösüş çaklamasyny 3,2%-e çenli gowulandyrdy, bu bolsa öňki hasaplardan 0,2 göterim punkt ýokarydyr. 2026-njy ýyl üçin çaklama üýtgewsiz galdy we 3,1%-e barabar
102 ýaşly we 97 ýaşly tennisçiler taryhda iň garrylaryň tennis duşuşygyny geçirdiler
17.10.2025 11:37
6.7k+

102 ýaşly we 97 ýaşly tennisçiler taryhda iň garrylaryň tennis duşuşygyny geçirdiler

Amerikaly Artur Lind bilen awstraliýaly Genri Ýang tennis taryhyna girip, iň garry oýunçylaryň arasyndaky duşuşygy geçirdiler. Bu barada Halkara Tennis Federasiýasynyň (ITF) metbugat gullugy habar berdi. 102 ýaşly Ýang we 97 ýaşly Lind Horwatiýanyň Bol şäherinde geçirilen ITF World Championship ýaryşynyň çärýek finalynda duşuşdylar
Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady
17.10.2025 00:39
2.6k+

Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady

Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr
IT pudagynyň milliarderleri şu hepde ýene $60 mlrd baýady
17.10.2025 00:27
5.8k+

IT pudagynyň milliarderleri şu hepde ýene $60 mlrd baýady

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň duýdansyz hereketleri gazna bazarynda üýtgemeleriň bolmagyna getirýär, ýöne ýagdaýyň sähel gowulaşmagy-da maýadarlara ummasyz pul gazanmaga mümkinçilik berýär. Şu hepdäniň başynda ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda gepleşiklerinde öňegidişligiň alamatlary tehnologiýa pudagynyň on iri wekiliniň umumy baýlygynyň 60 mlrd dollar ýokarlanmagyna getirdi
GM wodorod ulaglarynyň eýýamyny tamamlaýar: esasy ugur elektromobiller boldy
17.10.2025 00:22
3.8k+

GM wodorod ulaglarynyň eýýamyny tamamlaýar: esasy ugur elektromobiller boldy

General Motors wodorod ýangyç elementleriniň üstünde işlemegini bes edýändigini resmi taýdan yglan edip, köpýyllyk HYDROTEC maksatnamasyny tamamlady. Munuň deregine kompaniýa batareýa tehnologiýalaryny ösdürmäge we elektromobil hataryny giňeltmäge ünsi jemlär
Mariýa Grasiýa Kýuri Dior-da sekiz ýyldan soň Fendi-niň ýolbaşçysy boldy
17.10.2025 00:20
3.4k+

Mariýa Grasiýa Kýuri Dior-da sekiz ýyldan soň Fendi-niň ýolbaşçysy boldy

Mariýa Grasiýa Kýuri Fendi-niň täze döredijilik müdiri boldy. Onuň brend üçin ilkinji kolleksiýasy – güýz-gyş 2026 – fewral aýynda Milandaky moda hepdeliginde görkeziler. Dizaýner üçin bu karýerasynyň başlan ýerine gaýdyp gelmek boldy: Kýuri hut şu ýerde 1989-njy ýylda işläp başlady we on ýyl zähmet çekdi
Nvidia 1,2 kg agramly, ýöne örän kuwwatly iň kiçi superkompýuteri döretdi
17.10.2025 00:19
2.9k+

Nvidia 1,2 kg agramly, ýöne örän kuwwatly iň kiçi superkompýuteri döretdi

Nvidia kompaniýasy dünýäde emeli aňly iň kiçi superkompýuteri – DGX Spark-y hödürledi. Onuň agramy bary-ýogy 1,2 kg barabar. Ykjamdygy üçin ony stolda aňsatlyk bilen ýerleşdirip, hatda torbaňda göterip bolýar. Muňa garamazdan, onuň öndürijiligi doly derejeli maglumat merkeziniň mümkinçilikleri bilen deňleşip bilýär
Naomi Uotts Golliwuddaky Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy
17.10.2025 00:10
6k+

Naomi Uotts Golliwuddaky Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy

“Malholland-draýw” (Малхолланд-драйв) we “Mümkin däl” (Невозможное) filmleri bilen tanalýan britaniýaly aktrisa Naomi Uotts Golliwuddaky Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy. Bu barada USA Today habar berýär. Dabarada oňa adamsy, aktýor Billi Krudop, dogany, tanymal fotosuratçy Ben Uotts, şeýle-de kärdeşleri Jek Blek we Edward Norton goldaw berdi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.