Mariýa Grasiýa Kýuri Dior-da sekiz ýyldan soň Fendi-niň ýolbaşçysy boldy

17.10.2025, 00:203,437

Mariýa Grasiýa Kýuri Fendi-niň täze döredijilik müdiri boldy. Onuň brend üçin ilkinji kolleksiýasy – güýz-gyş 2026 – fewral aýynda Milandaky moda hepdeliginde görkeziler.

Dizaýner üçin bu karýerasynyň başlan ýerine gaýdyp gelmek boldy: Kýuri hut şu ýerde 1989-njy ýylda işläp başlady we on ýyl zähmet çekdi. Ol meşhur Baguette torbasyny döredijileriň biri boldy. Soňky sekiz ýyl Dior-a ýolbaşçylyk edip, bu wezipede ilkinji aýal boldy.  
LVMH Group-yň başlygy we baş direktory Bernar Arno Kýuriniň häzirkizaman modasynda iň görnükli döredijilik şahsyýetleriniň biridigini belledi. Ol Kýuriniň ýolbaşçylygynda Fendi-niň öz däplerini berkidip, täze üstünliklere ýetjekdigine ynam bildirdi.
2024-nji ýylda Kim Jons gidenden soň, brendiň zenanlar hatary döredijilik müdiri bolmazdan galdy. Onuň wezipe borçlaryny moda öýüniň esaslandyryjysynyň agtygy Silwiýa Wenturini Fendi ýerine ýetirdi. 2025-nji ýylyň güýzünde ol Fendi-niň hormatly prezidenti wezipesini eýeledi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.