Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
02.10.2025 19:02
6.3k+
Trampyň akkauntyny petikläni üçin YouTube 24,5 million dollar tölär
YouTube wideohosting hyzmaty ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň hyzmatyň üstünden beren talap arzasyny çözmek üçin 24,5 million dollar tölemäge razy boldy. Bu barada kazyýet resminamalaryna salgylanýan Reuters habar berýär
02.10.2025 18:56
1.3k+
Adobe iOS üçin Premiere wideo redaktorynyň mugt görnüşini çykardy
Adobe kompaniýasy meşhur wideo redaktor programmasy bolan Premiere-iň iOS wersiýasynyň satuwa çykarylandygyny habar berdi. Android wersiýasy entek işlenip düzüliş tapgyrynda. iPhone-yň ulanyjylary eýýämden programmany mugt göçürip alyp bilerler
02.10.2025 18:26
3.2k+
Audi 5850 dollardan 140 km ýöreýiş ätiýaçlygy bolan elektrowelosiped çykardy
Audi kompaniýasy Italiýanyň Fantic kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen ikinji nesli eMTB elektrik dag welosipedini görkezdi. Täze modeliň bahasy 5 850 dollardan başlaýar. Audi eMTB 2.0-niň tizligi sagatda 32 km-e ýetýär we bir zarýadda 140 km aralygy geçýär
02.10.2025 18:10
899
Spotify EA bilen döredilen aýdymlara bellik goýup, dipfeýkleri bloklap başlar
Spotify emeli aňyň kömegi bilen döredilen aýdym-sazlar üçin täze düzgünleri girizýär. Üýtgeşmeleriň maksady aýdym döredilende EA-nyň ulanylandygyny aç-açan etmekden, spam bilen göreşmekden we rugsatsyz artistleriň sesine öýkünmegi gadagan etmekden ybarat
02.10.2025 18:03
7.6k+
“Akylly” Galaxy Ring ýüzüginiň batareýasy eýesiniň barmagynda wagty çişdi
Samsung Galaxy Ring-i ulanyjylaryň biriniň ýüzük barmagynda wagty litiý-ion batareýasy çişdi, şol sebäpli ýüzük onuň barmagyny pugta gysdy we ahyrynda ony aýyrmak üçin lukmanyň kömegi gerek boldy. Waka uçara münmezden öň bolup geçdi, şol sebäpli ýolagçy uçuşyny-da sypdyrdy
02.10.2025 17:55
5.9k+
ABŞ-da hökümet işini bölekleýin togtatdy: täze maliýe ýyly üçin býujeti ylalaşyp bolmady
ABŞ-nyň Kongresi 1-nji oktýabrda başlan täze maliýe ýyly üçin býujeti ylalaşyp bilmedi. Hökümet işini bölekleýin togtatdy diýip, NBC News habar berýär. Kongresiň iki palatasyna-da respublikanlar gözegçilik edýär
02.10.2025 17:51
10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy
1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy
02.10.2025 14:59
11k+
“Arkadag” AFK Çempionlar ligasy – 2-niň ikinji tapgyrynda Bahreýniň “Al-Haldiýasyndan” utuldy
1-nji oktýabra geçilen gije Türkmenistanyň çempiony we Kubogynyň eýesi – “Arkadag” futbol kluby AFK Çempionlar ligasy 2-niň toparlaýyn tapgyrynda ikinji oýnuny geçirdi. Arkadag şäherinden adybir topar myhmançylykda Bahreýniň “Al-Haldiýa” klubundan 0:2 hasabynda utuldy
02.10.2025 14:18
8.3k+
UEFA-nyň Çempionlar ligasy: “PSŽ” “Barselonany” utdy, “Karabah” ikinji ýeňşini gazandy
UEFA-nyň Çempionlar ligasynda umumy tapgyryň ikinji oýunlary tamamlandy. Agşamyň esasy duşuşygy Barselonada geçirildi, bu ýerde katalon kluby ýaryşyň häzirki çempiony “Pari Sen-Žermeni” kabul etdi. “Barselona” eýýäm ilkinji minutlarda hasaby açyp bilerdi, ýöne parižlileriň goragçysy Ilýa Zabarnyý Ferran Torresiň urgusyndan soň topuň derwezä girmegine mümkinçilik bermedi
02.10.2025 11:47
3.5k+
AirPods üçin oýun döredildi: ulanyjylar kellesini ýaýkap ýaryş motosiklini dolandyryp bilerler
App Store-da RidePods atly adaty bolmadyk oýun çykdy, bu ýaryş oýnunda motosikli ekranyň düwmelerine basyp däl-de, kelläň hereketi bilen dolandyryp bolýar. Ýaryş wagtynda oýunçylar ýolda motosikl sürmek bilen garşydan gelýän awtoulaglardan sowlup geçmäge we netijelerini ýokarlandyrmaga synanyşýarlar
02.10.2025 11:46
17k+
Ilaty iň çalt azalýan ýurtlaryň reýtingi düzüldi
Ilatyň köpelmegi adatça gülläp ösüşiň görkezijisi hasaplanýardy, emma häzirki wagtda dünýäde başga bir tendensiýa barha göze ilýär: ilat sanynyň azalmagy, şol sanda has ösen ýurtlarda hem bolup geçýär. Visualcapitalist ilaty iň çalt azalýan ýurtlary görkezýän infografikany taýýarlady
02.10.2025 11:42
8.3k+
Abu-Dabide dünýäde ilkinji uglerod zyňyndylary nola deň bolan metjit açylar
Oktýabr aýynda Abu-Dabide dünýädäki ilkinji uglerod zyňyndysy nola deň bolan metjit ybadatçylar üçin gapylaryny açar. Taslama Masdar City taslamasynyň çäklerinde durmuşa geçirildi we ol adaty gurluşyk tehnikalaryny häzirki zaman durnukly ösüş tehnologiýalary bilen birleşdirýär
02.10.2025 11:25
4.1k+
Arkadag Medisina Klasteriniň önümleri WorldFood Moscow 2025 sergisinde “Ýylyň önümi” atly altyn medal aldy
Arkadag şäheriniň “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümleri we çaga iýmitleri "WorldFood Moscow 2025" iýmit önümleri halkara sergisinde “Ýylyň önümi” atly altyn medala we degişli diploma mynasyp boldy
02.10.2025 11:14
2.3k+
Türkmenistanda filosofiýa we ykdysadyýet boýunça halkara olimpiadalar geçiriler
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Filosofiýa boýunça II Halkara olimpiadasy we Ykdysadyýet boýunça II Halkara olimpiadasy geçiriler. Olimpiadalary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (HYYÖU) guraýar diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiri habar berýär
02.10.2025 11:05
1.8k+
Raşid Meredow ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen duşuşdy
1-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň
02.10.2025 11:00
6.5k+
“Sport ýyldyzy” HK “Jahan” döredijilik merkeziniň binalaryny we “Şehitler” metjidini döwrebaplaşdyrar
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasynyň arasynda durmuş maksatly binalary gurmak we ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn şertnama gol çekmek dabarasy boldy
02.10.2025 10:48
7.2k+
Türkmenistan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygyna girişýär
1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen “Aga-gurluşyk” hususy kärhanasynyň arasynda ikitaraplaýyn şertnama gol çekildi
02.10.2025 10:38
14k+
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde şu ýylyň 9 aýynyň netijeleri maslahatlaşyldy
1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi
02.10.2025 10:08
3.1k+
Türkmenistanyň Döwlet sirki şowhunly çykyşlaryna çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet sirki Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. 5-nji oktýabrda sagat 19:00-da geçiriljek çykyşlarda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly
02.10.2025 09:56
19k+
Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary täzelendi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň düzüminde wezipe üýtgeşmelerini geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Rahim Hekimowiç Ataýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy
02.10.2025 09:49
14k+
Serdar Berdimuhamedow täze etrap kazyýetlerini we prokuraturalaryny döretmek hakynda resminamalara gol çekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly käbir etrap kazyýetlerini hem-de prokuraturalaryny döretmek hakynda kararlara gol çekdi
01.10.2025 18:08
2k+
SpaceX kompaniýasy Starship-iň indiki synag uçuşynyň senesini yglan etdi
SpaceX aerokosmos kompaniýasy 13-nji oktýabrda Super Heavy tizleşdirijisi bilen bilelikde Starship kosmos gämisiniň 11-nji synag uçuşyny geçirmegi meýilleşdirýär. “Starship-iň onunjy uçuş synagy dünýäde ilkinji dolulygyna köp gezeklik raketa göterijisini döretmekde möhüm ädim boldy
01.10.2025 18:05
8.7k+
“Barselona”, “Real”, “Atletik” we “Atletiko” Jiddada Ispaniýanyň Superkubogynda oýnar
2026-njy ýylyň ýanwarynda futbol boýunça Ispaniýanyň Superkubogy ýene-de Saud Arabystanynda geçer. Bu barada Ispaniýanyň patyşalyk futbol federasiýasy (RFEF) habar berdi. Ýaryş Saud Arabystanynyň çäginde altynjy gezek geçiriler
01.10.2025 18:03
6.4k+
Boeing kompaniýasy 737 MAX modelini çalyşjak täze uçary işläp taýýarlamaga girişdi
Boeing korporasiýasy 737 MAX-yň ornuny tutjak täze inçe fýuzelýažly uçaryň üstünde işläp başlady. Kompaniýa öňki modeliň howpsuzlygy bilen bagly meselelerden soň bazardaky ornuny dikeltmäge çalyşýar diýip, The Wall Street Journal habar berýär
01.10.2025 18:00
5k+
Disney “Haýwanlar şäheri 2” multfilminiň jemleýji treýlerini görkezdi
Disney “Haýwanlar şäheri 2” multfilminiň soňky treýlerini çykardy. Onuň daşary ýurt kinoteatrlarynda premýerasy 26-njy noýabrda bolar. Ikinji bölümde tomaşaçylar ýene-de towşan Judi Hops we tilki Nik Uaýld bilen duşuşar
01.10.2025 17:52
7.8k+
Polşaly alpinist dünýäde ilkinji bolup Ewerestden kislorod ballony bolmazdan lyžada düşdi
Polşaly alpinist Anjeý Bargel kislorod ballonyny ulanmazdan lyžada Ewereste çykan we düşen dünýäde ilkinji adam boldy. Bu barada The Guardian habar berýär. “Depä çykmagyň özi kyn boldy. Men ozal hiç haçan şonça wagtlap şeýle belentlikde bolmandym
01.10.2025 17:46
4.7k+
Teýlor Swiftiň entek çykmadyk albomy Spotify-da rekord goýdy
Teýlor Swift Spotify-da täze rekord goýdy: onuň geljekki “The Life of a Showgirl” albomy resmi çykmazyndan ozal 5 milliondan gowrak ulanyjy tarapyndan çykan badyna diňlemek üçin öňünden ýatda saklanyp galdy. Bu platformanyň taryhynda albomyň şeýle görkezijä ilkinji gezek ýetmegidir
01.10.2025 14:38
2.3k+
ChatGPT-de ene-ata gözegçiligi işläp başlady
OpenAI kompaniýasy ChatGPT üçin ene-ata gözegçiligi funksiýasynyň işläp başlandygyny habar berdi. 2025-nji ýylyň 29-njy sentýabryndan hyzmat sazlamak üçin aýratyn sahypa bilen bilelikde web-wersiýany we mobil goşundysyny ulanyjylar üçin elýeterli boldy diýip, Bloomberg belleýär
01.10.2025 14:36
3k+
RTR Vehicles ussahanasy «Ford Mustangy» 882 at güýjüne çenli güýçlendirdi
RTR Vehicles awtobezeg ussahanasy Ford Mustang-yň binýadynda taýýarlan Spec 5 täze taslamasyny hödürledi. 5 litrlik kompressorly V8 indi 882 at güýjüni ösdürýär. Bu bolsa ony zawodyň iň güýçli modeli bolan 826 at güýjündäki Mustang GTD-den güýçli edýär, üstesine-de bahasy has arzan
01.10.2025 14:28
4.1k+
Gymmatbaha elektrokarlar islegden gaçýar: Porsche, Audi we Mercedes-de ýagdaý nähili?
Porsche, Audi we Mercedes ýaly gymmatbahaly awtoulag öndürijileri lýuks elektrokarlaryň satuwynyň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bloomberg neşiriniň habar bermegine görä, satuwlaryň peselmegi sebäpli kompaniýalar täze modelleriň çykarylyş meýilnamalaryny we önümçiligi giňeltmek taslamalaryny täzeden seretmeli bolýarlar
01.10.2025 14:22
2.5k+
Google soňky 10 ýylda ilkinji gezek logotipini üýtgetdi: gradient G ähli platformalarda peýda bolar
Google soňky on ýylda firma logotipiniň ilkinji uly täzelenmesine girişdi. Ilkinji gezek ýazda Android we iOS üçin Google programmasynda peýda bolan täze, gradient görnüşli G harp indi kem-kemden kompaniýanyň ähli platformalaryna ýaýraýar
01.10.2025 13:59
3.1k+
OpenAI "Sora 2" wideogeneratoryny hödürledi we onuň binýadynda TikTok-a meňzeş sosial ulgamyny yglan etdi
OpenAI kompaniýasy wideo döretmek boýunça Sora 2 täzelenen emeli aň generatory hödürledi. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, täze wersiýa hereketiň fizikasyna has gowy düşünýär, hakykata has ýakyn sahnalary döredýär we generasiýa prosesini takyk dolandyrmaga mümkinçilik berýär
01.10.2025 13:41
8.4k+
EXPO-2025 sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyna baryp görenleriň sany iki milliondan geçdi
Osakada geçirilýän EXPO-2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyna şu güne çenli 2 milliondan gowrak adam baryp gördi. Bu barada serginiň guramaçylary habar berdi. Häzirki ýagdaýa çenli türkmen pawilýonynyň saýtyndaky maglumata görä, bu san 2 mln 5 müň adamdan geçdi we bu san artmagyny dowam edýär
01.10.2025 13:21
1.3k+
Aşgabatda hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi
29–30-njy sentýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Wengriýanyň wekiliýetine Daşary işler we söwda ministrliginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça döwlet sekretary Boglarka Illeş ýolbaşçylyk etdi
01.10.2025 13:09
1.8k+
Aşgabatda parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmek üçin halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara hyzmatdaşlyk: parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmegiň kepili» atly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
01.10.2025 12:39
2.7k+
Türkmenistanda Irlandiýanyň täze ilçisi Kler Brosnan işe başlady
30-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Irlandiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Kler Brosnandan ynanç hatyny kabul etdi
01.10.2025 12:33
4.6k+
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň ýolbaşçylaryny Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, şeýle hem ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
01.10.2025 12:21
7.8k+
LC Waikiki-niň Türkmenistandaky resmi dükanlary güýz-gyş eşiklerini çykardy
Aşgabatda “Berkarar” we “Arkaç” söwda we dynç alyş merkezlerinde ýerleşýän LC Waikiki brendiniň resmi dükanlary güýz we gyş möwsümi üçin täze harytlaryny satuwa çykardy. Dükanlarda jemi 100 müňden gowrak haryt bar
01.10.2025 12:14
7.6k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşulularyny we enelerini baýramçylyk bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hormatly ýaşulularyny we mähriban enelerini Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutanynyň gutlagynda belleýşi ýaly, ýaşululara çäksiz hormatyň nyşany hökmünde Aşgabat we Arkadag şäherlerini, tutuş ýurdumyzy gurşap alýan aýdym-sazly dabaralar hem-de baý many-mazmunly medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär
01.10.2025 12:00
8.7k+
Çempionlar ligasy: «Galatasaraý» «Liwerpuly» utdy, «Kaýrat» bolsa «Reala» garşy durup başarmady
30-njy sentýabrda we 1-nji oktýabra geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Stambulda «Galatasaraý» «Liwerpuldan» üstün çykdy, Kilian Mbappe het-trik bilen «Reala» ýeňiş getirdi
«
1
…
187
188
189
…
1118
»
«
1
…
184
185
186
187
188
189
190
191
192
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.