“PSŽ” – möwsümiň iň gowy kluby, Luis Enrike – iň gowy tälimçi
23.09.2025 11:01
5.4k+

“PSŽ” – möwsümiň iň gowy kluby, Luis Enrike – iň gowy tälimçi

Fransiýanyň “PSŽ” kluby France Football žurnaly tarapyndan möwsümiň iň gowy futbol kluby, oňa ýolbaşçylyk edýän Luis Enrike bolsa iň gowy tälimçi diýlip ykrar edildi. Dabara duşenbe güni Parižde geçirildi. Geçen möwsümde “PSŽ” Çempionlar ligasynda, Fransiýanyň çempionatynda, Kubogynda we Superkubogynda ýeňiji boldy
Donnarumma iň gowy derwezeban hökmünde Lew Ýaşin baýragyny aldy
23.09.2025 11:00
4.6k+

Donnarumma iň gowy derwezeban hökmünde Lew Ýaşin baýragyny aldy

Italiýanyň milli futbol ýygyndysynyň derwezebany Janluiji Donnarumma France Football žurnaly tarapyndan möwsümiň iň gowy derwezebany hökmünde Lew Ýaşin adyndaky baýraga mynasyp boldy. Baýragy oňa watandaşy – Italiýanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezebany Janluiji Buffon gowşurdy
Ýamal France Football tarapyndan ýene-de iň gowy ýaş oýunçy diýlip ykrar edildi
23.09.2025 10:57
5.7k+

Ýamal France Football tarapyndan ýene-de iň gowy ýaş oýunçy diýlip ykrar edildi

“Barselonanyň” ispaniýaly futbolçysy Lamin Ýamal yzygider ikinji ýyl France Football žurnaly tarapyndan ýylyň iň gowy ýaş oýunçysyna berilýän “Kopa baýragyny” aldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy duşenbe güni Pariždäki Şatle teatrynda geçirildi
“PSŽ-niň” futbolçysy Usman Dembele “Altyn topuň” eýesi boldy
23.09.2025 08:10
9.8k+

“PSŽ-niň” futbolçysy Usman Dembele “Altyn topuň” eýesi boldy

“Pari Sen-Žermen” klubunyň fransiýaly futbolçysy Usman Dembele UEFA we L’Equipe bilen bilelikde France Football žurnaly tarapyndan möwsümiň iň gowy futbolçysyna berilýän “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy duşenbe güni Pariždäki Şatle teatrynda geçirildi
Hytaýda maşinistsiz tizligini sagatda 200 km-e çykaryp biljek dünýäde iň tiz otly guruldy
23.09.2025 00:21
6.7k+

Hytaýda maşinistsiz tizligini sagatda 200 km-e çykaryp biljek dünýäde iň tiz otly guruldy

Hytaýyň Şandun welaýatynyň Sindao şäheriniň Sýunan etrabynda dünýäde iň çalt awtomatlaşdyrylan otly görkezildi. Ol sagatda 200 km-e çenli tizlikde hereket edip bilýär. Otly GoA4 (Grade of Automation 4) derejesindäki dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan bolup, doly sürüjisiz işläp bilýär
Ford Expedition 2026-nyň alyp gaçmakdan goragyny güýçlendirdiler
22.09.2025 23:59
6.6k+

Ford Expedition 2026-nyň alyp gaçmakdan goragyny güýçlendirdiler

Ford kompaniýasy 2026-njy ýylyň modeli bolan Expedition ulagyny Security Package atly toplumy bilen enjamlaşdyrdy. Bu ulgam ähli görnüşlerde — XL, Active, Tremor, Platinum we King Ranch — komplektasiýalarda elýeterli bolup, FordPass mobil goşundysy arkaly işledilýär
Hyundai ýarym milliondan gowrak Palisade ulaglaryny yzyna gaýtarýar
22.09.2025 18:57
8k+

Hyundai ýarym milliondan gowrak Palisade ulaglaryny yzyna gaýtarýar

Hyundai ABŞ-da 2020-2025-nji ýyllarda öndürilen 568 müňden gowrak "Palisade" awtoulagyny tehniki näsazlyklar sebäpli yzyna gaýtarýandygyny habar berdi. Bu barada "Reuters" habar gullugy ABŞ-nyň Ulag ýollarynda hereket howpsuzlygy boýunça milli müdirligine (NHTSA) salgylanyp habar berýär
ABŞ-da enjam panelindäki näsazlyk sebäpli 590 müňden gowrak Toyota we Lexus yzyna gaýtarylýar
22.09.2025 18:45
9.4k+

ABŞ-da enjam panelindäki näsazlyk sebäpli 590 müňden gowrak Toyota we Lexus yzyna gaýtarylýar

Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasy enjam panelindäki bolup biljek näsazlyk sebäpli ABŞ-da 591 377 awtomobiliň yzyna gaýtarylýandygyny habar berdi. Kemçilik sebäpli sürüjiler tizlik, teker başyşy, tormoz ulgamynyň işi we beýleki görkezijiler ýaly möhüm maglumatlary görmän biler
Samsung 199 ýewrodan Galaxy A17 4G smartfonyny çykardy
22.09.2025 18:31
8.3k+

Samsung 199 ýewrodan Galaxy A17 4G smartfonyny çykardy

Samsung kompaniýasy resmi taýdan Galaxy A17 4G smartfonyny hödürledi. Ol köp babatda Galaxy A17 5G modelini gaýtalaýar, ýöne arzan – Ýewropada baha 199 ýewrodan başlaýar. Täze smartfonda esasy üns köp modeller üçin adaty parametrlere gönükdirildi: uly displeý, sygymly batareýa we döwrebap kamera toplumy
Amerikan ýeňil atletikaçylary 4х400 m estafeta ýaryşynda dünýä çempionatynyň rekordyny täzeledi
22.09.2025 18:27
5.2k+

Amerikan ýeňil atletikaçylary 4х400 m estafeta ýaryşynda dünýä çempionatynyň rekordyny täzeledi

ABŞ-nyň zenanlar ýygyndysy Tokioda geçirilýän ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň altyn medalyny gazandy. Topar 4х400 m estafeta ýaryşynda 3 minut 16,16 sekunt netije bilen ýeňiji boldy. Bu dünýä çempionatynyň täze rekordydyr
Huawei “Ýel energiýasy” konsepsiýasy bilen täze sagatlaryny we beýleki önümlerini hödürledi
22.09.2025 18:18
3.4k+

Huawei “Ýel energiýasy” konsepsiýasy bilen täze sagatlaryny we beýleki önümlerini hödürledi

Huawei Parižde uly tanyşdyrylyş geçirip, “Ýel energiýasy” konsepsiýasynyň çäklerinde birnäçe enjamlaryny görkezdi. Kompaniýa Watch GT 6, Watch Ultimate 2 we Watch D2 akylly sagatlaryny, nova 14 smartfonyny, MatePad 12 X planşetini we täze FreeBuds 7i nauşniklerini hödürledi
Samsung oktýabrda Project Moohan XR garniturasyny hödürlär
22.09.2025 18:13
1.5k+

Samsung oktýabrda Project Moohan XR garniturasyny hödürlär

Samsung kompaniýasy 21-nji oktýabrda Project Moohan XR garniturasy bilen tanyşdyrar. Bu barada ETNews neşiri habar berýär. Ozal KHBS-de dürli seneler – 29-njy sentýabr we 13-nji oktýabr barada aýdylypdy, ýöne indi sene takyk kesgitlendi
Google kompaniýasy Gemini-ni göni Chrome-a birleşdirýär: ol ulanyjylaryň işini aňsatlaşdyrar
22.09.2025 18:08
1.2k+

Google kompaniýasy Gemini-ni göni Chrome-a birleşdirýär: ol ulanyjylaryň işini aňsatlaşdyrar

Google kompaniýasy macOS we Windows kompýuterlerinde täzelenen Gemini emeli aňyny Chrome bilen birleşdirip başlady. Hyzmat eýýäm ABŞ-da ulanyjylar üçin elýeterli bolup, ýazylmagy talap etmeýär. Täze EA agenti açyk sahypalary we brauzeriň taryhyny görüp biler
Mercedes Germaniýada öz zerurlyklary üçin hususy ýel elektrostansiýasyny gurar
22.09.2025 18:01
3.3k+

Mercedes Germaniýada öz zerurlyklary üçin hususy ýel elektrostansiýasyny gurar

Mercedes-Benz Germaniýanyň demirgazygynda Papenburg şäherindäki synag ýolunyň çäginde hususy ýel elektrostansiýasynyň gurluşygyna başlady. 2027-nji ýyla çenli, takmynan, 800 gektarlyk ýerde umumy kuwwaty 140 megawatt bolan 20 ýel turbinasyny gurnamak meýilleşdirilýär
Pikassonyň ylham çeşmesi bolan zenanyň portreti auksionda 11-14 mln dollara satylar
22.09.2025 17:45
4.5k+

Pikassonyň ylham çeşmesi bolan zenanyň portreti auksionda 11-14 mln dollara satylar

Pablo Pikassonyň “Buste de femme” suraty Gonkongda Christie’s auksionynyň esasy harydy bolar. Bu suratda onuň ylham çeşmesi bolan Dora Maar şekillendirilýär. Hünärmenleriň hasaplamalary boýunça, sungat eseri 11-14 mln dollara satylyp bilner diýlip, auksion öýüniň saýtynda habar berilýär
Aşgabatda Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli forum geçirildi
22.09.2025 17:43
3.9k+

Aşgabatda Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli forum geçirildi

20-nji sentýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewidir» atly milli forum geçirildi. Forum Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk baýramy we Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli guraldy
Tramp TikTok-y satyn almak boýunça geleşige gatnaşýan milliarderleriň atlaryny aýtdy
22.09.2025 17:31
12k+

Tramp TikTok-y satyn almak boýunça geleşige gatnaşýan milliarderleriň atlaryny aýtdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp TikTok boýunça şertnama gatnaşýan maýadarlaryň atlaryny aýtdy. Ol Fox News teleýaýlymynda beren interwýusynda olaryň arasynda Oracle-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellisonyň, Dell kompaniýasynyň ýolbaşçysy Maýkl Delliň, şeýle-de News Corp
Türkmen samboçylary Duşenbede Dünýä Kubogynda 11 medal gazandylar
22.09.2025 14:26
6.9k+

Türkmen samboçylary Duşenbede Dünýä Kubogynda 11 medal gazandylar

20-21-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde sambo boýunça Dünýä Kubogy geçirildi. Bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy jemi 11 medaly, ýagny 4 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal gazanyp, uly üstünliklere eýe boldy
Werstappen Azerbaýjanyň Gran-prisini utup, “Uly tuwulga” boýunça Hemilton bilen deňleşdi
22.09.2025 12:40
3k+

Werstappen Azerbaýjanyň Gran-prisini utup, “Uly tuwulga” boýunça Hemilton bilen deňleşdi

21-nji sentýabrda Bakuwda Formula-1 çempionatynyň 17-nji tapgyry bolan Azerbaýjanyň Gran-prisi geçirildi. Ýeňiji dört gezek dünýä çempiony, niderlandly Maks Werstappen (“Red Bull”) boldy. Ikinji orny Jorj Rassell (“Mersedes”), üçünji orny Karlos Saýns (“Uilýams”) eýeledi
Döwlet we Hökümet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutladylar
22.09.2025 12:39
22k+

Döwlet we Hökümet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutladylar

22-nji sentýabrda dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa  doglan güni mynasybetli gutlaglaryny iberdiler. Gutlag hatlarynyň teksti Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi tarapyndan çap edildi
Aşgabatda döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy geçirildi
22.09.2025 12:17
11k+

Aşgabatda döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy geçirildi

20-nji sentýabrda Aşgabatda dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň hünärmenlerine, döredijilik işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy boldy
Madridiň “Atletikosy” eýesini çalşar. Kluby Apollo amerikan gaznasy satyn alýar
22.09.2025 10:50
5.9k+

Madridiň “Atletikosy” eýesini çalşar. Kluby Apollo amerikan gaznasy satyn alýar

Madridiň “Atletiko” futbol kluby Apollo amerikan maýa goýum gaznasynyň gözegçiligine geçmäge ýakyn. Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, klubuň häzirki eýeleri bilen gepleşikler ahyrky tapgyrda dowam edýär
Berlinde Ikinji jahan urşy döwrüniň partlaýjylary sebäpli tas 20 müň adam ewakuasiýa edildi
22.09.2025 10:46
10k+

Berlinde Ikinji jahan urşy döwrüniň partlaýjylary sebäpli tas 20 müň adam ewakuasiýa edildi

Berlinde Ikinji jahan urşy döwrüniň iki bombasynyň tapylmagy sebäpli tas 20 000 adam ewakuasiýa edildi. Bu barada Berliniň polisiýasyna salgylanyp, Independent neşiri habar berdi. 18-nji sentýabrda agşam Fişerinzel sebitindäki Şpreýe derýasynyň düýbünde gyrmança bilen basylan ýarylmadyk bomba tapyldy
Noa Laýls 4-nji gezek DÇ-de 200 m ylgawda ýeňiji bolup, Useýn Bolduň üstünligini gaýtalady
22.09.2025 10:45
4k+

Noa Laýls 4-nji gezek DÇ-de 200 m ylgawda ýeňiji bolup, Useýn Bolduň üstünligini gaýtalady

Amerikaly sprinter Noa Laýls Tokiodaky dünýä çempionatynda 200 m aralyga ylgamakda altyn medal gazandy. Ol finalda 19,52 sekunt netijäni görkezdi. Ikinji orny onuň watandaşy Kenni Bednarek eýeledi (19,58), üçünji orna ýamaýkaly Braýan Lewell mynasyp boldy (19,64)
Keniýaly Odira dünýä çempionatynda 800 m ylgawda rekord bilen ýeňiş gazandy
22.09.2025 10:41
2k+

Keniýaly Odira dünýä çempionatynda 800 m ylgawda rekord bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Lilian Odira 800 m aralyga ylgamakda dünýä çempiony boldy. Final 21-nji sentýabrda Tokioda 2025-nji ýylyň Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirildi. Odira bu aralygy 1.54,62 netije bilen geçip, dünýä çempionatynyň täze rekordyny goýdy
Gazagystanly millioner “Realy” utan ýagdaýynda “Kaýratyň” oýunçylaryna awtomobil wada berdi
22.09.2025 10:40
15k+

Gazagystanly millioner “Realy” utan ýagdaýynda “Kaýratyň” oýunçylaryna awtomobil wada berdi

Gazagystanly işewür Tursengali Alaguzow Almatynyň “Kaýraty” Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 2-nji oýnunda Madridiň “Realyny” utsa, toparyň futbolçylaryna awtomobil sowgat bermegi wada berdi. Oýun 30-njy sentýabrda Aşgabat wagty bilen 21:45-de bolar
Google Discover habarlar lentasyny täzeledi. Indi onda sosial ulgamlardaky ýazgylar peýda bolar
22.09.2025 00:53
2.5k+

Google Discover habarlar lentasyny täzeledi. Indi onda sosial ulgamlardaky ýazgylar peýda bolar

Google kompaniýanyň ykjam programmasyna gurlan we Android enjamlarynda elýeterli Discover hyzmaty üçin giňeldilen funksiýanyň çykandygyny yglan etdi. Bu barada taslamanyň resmi web sahypasynda habar berildi . Google Discover – bu Google mobil programmasyna gurlan habarlar we mazmun lentasydyr
Lexus LX wnedorožnigini garderobly “kaşaň” gözellik salonyna öwürdi
22.09.2025 00:52
10k+

Lexus LX wnedorožnigini garderobly “kaşaň” gözellik salonyna öwürdi

Lexus-yň amerikan bölümi özüniň flagman LX wnedorožnigi bolan Glam LX konseptiniň adaty bolmadyk görnüşini görkezdi. Awtoulag garderobly we serpilip açylýan dört gapyly ykjam gözellik salonyna öwrüldi. Iň uly üýtgeşmeler ýükdanyna degişli boldy
“Tagt oýunlarynyň” ýyldyzy Dikkensiň “Iki şäher hakyndaky powestler” filminiň ekranlaşdyrylyşynda oýnar
22.09.2025 00:40
3.3k+

“Tagt oýunlarynyň” ýyldyzy Dikkensiň “Iki şäher hakyndaky powestler” filminiň ekranlaşdyrylyşynda oýnar

“Tagt oýunlarynyň” ýyldyzy Kit Harington Çarlz Dikkensiň “Iki şäher hakyndaky powestler” atly täze ekranlaşdyrylmasynda baş keşpleriň birini ýerine ýetirer. Dört bölümli mini serialy Bi-bi-si bilen MGM + döredýär diýip, Variety habar berdi
Ortaýer deňzinde Raýan Goslingiň düşmeginde “Ýyldyzlar urşy” filmi surata düşürilip başlandy
22.09.2025 00:36
4.8k+

Ortaýer deňzinde Raýan Goslingiň düşmeginde “Ýyldyzlar urşy” filmi surata düşürilip başlandy

“Ýyldyzlar urşy” atly meşhur kino seriýasynyň “Ýyldyz gyryjysy” (“Звездный истребитель”) diýip atlandyrylan onunjy bölümi surata düşürilip başlandy. Režissýor Şon Lewi surata düşüriş meýdançasyndan bir fotosuraty sosial torlara ýerleşdirdi
Lissabon bagtly dynç alyş üçin iň gowy şäherleriň sanawynda birinji orunda durýar
22.09.2025 00:31
5.1k+

Lissabon bagtly dynç alyş üçin iň gowy şäherleriň sanawynda birinji orunda durýar

BookRetreats syýahatçylyk gullugy bagtly dynç alyş üçin iň gowy şäherleriň sanawyny çap etdi. TimeOut neşiriniň habar bermegine görä, sanawda Lissabon birinji orunda durýar. Hünärmenler “Dynç alyşda bagtyň indeksi” düzülende dünýäniň 47 şäherine bäş ölçeg: Gün şöhlesiniň mukdary, ukynyň hili, sagdyn iýmitiň bolmagy, tebigata golaýlyk we beden maşklary üçin şertleriň bolmagy esasynda baha berdiler
Hytaýda bir çapar zenany doňduryjy kamerada galmakdan halas etdi we onuň kompaniýasyndan paý aldy
22.09.2025 00:28
11k+

Hytaýda bir çapar zenany doňduryjy kamerada galmakdan halas etdi we onuň kompaniýasyndan paý aldy

Hytaýda bir çapar tötänden doňduryjyda gulplanyp galan bir zenany halas etdi. Zenan minnetdarlyk hökmünde oňa öz kompaniýasyndan paý berdi diýip, China Morning Post habar berýär. Hunan welaýatyndan Çen atly bir zenanyň logistika kompaniýasy bolupdyr
Hytaý awiakompaniýasy dünýäniň iň uzak göni uçuş gatnawyny amala aşyrar
22.09.2025 00:23
9.6k+

Hytaý awiakompaniýasy dünýäniň iň uzak göni uçuş gatnawyny amala aşyrar

Şu ýylyň dekabrynda Hytaýyň China Eastern Airlines awiakompaniýasy Şanhaý bilen Buenos-Aýresiň (Argentina) arasynda täze gatnaw ugruny açar. Bu dünýädäki iň uzak göni uçuş bolar diýip,  China Daily ýazýar. Bu ýoluň uzynlygy 19 631 kilometre barabar bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
21.09.2025 21:59
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine gatnaşmak üçin iş Nýu-Ýorka ugrady
21.09.2025 21:45
9.1k+

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine gatnaşmak üçin iş Nýu-Ýorka ugrady

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Bu barada TDH habar berýär. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar
Lýuis Hemilton 15 mln ýewro öz awtomobil kolleksiýasyny satdy
21.09.2025 21:27
9.6k+

Lýuis Hemilton 15 mln ýewro öz awtomobil kolleksiýasyny satdy

“Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton öz awtomobil kolleksiýasyny satandygyny habar berdi. “Indi meniň ulaglarym ýok. Men kolleksiýamdan dyndym. Meni sungat has özüne çekýär. Eger men ulag satyn aljak bolsam, bu Ferrari F40 bolardy
Şotlandiýanyň kenarlarynda Makdonaldlar urugynyň orta asyr galasynyň galyndylary tapyldy
21.09.2025 21:24
4.8k+

Şotlandiýanyň kenarlarynda Makdonaldlar urugynyň orta asyr galasynyň galyndylary tapyldy

Arheologlar Şotlandiýanyň günbatar kenarynda ýitirilen diýlip hasaplanan orta asyr galasyny we patyşalyk köşgüni tapdy. Açyş Makdonaldlar urugynyň galasy baradaky rowaýatlaryň hakykatdygyny tassyklady diýip, BBC News habar berýär
Alymlar syçanlaryň göni içinde işleýän böwrek modelini ösdürip ýetişdirdi
21.09.2025 21:20
1.9k+

Alymlar syçanlaryň göni içinde işleýän böwrek modelini ösdürip ýetişdirdi

Alymlar barlaghanada janly syçanlary ulanyp, emeli böwrek modelini ösdürip ýetişdirdiler. Olar böwregiň iki esasy elementini: gany süzýän nefronlary we peşewi ýygnaýan turbalary birleşdirýän aýratyn gurluşlary – assembloidleri ulandy
Ekwadorda 112 mln ýyl ýaşy bolan ýantar tapyldy: onda şol döwrüň mör-möjekleri gatap galypdyr
21.09.2025 21:17
6.3k+

Ekwadorda 112 mln ýyl ýaşy bolan ýantar tapyldy: onda şol döwrüň mör-möjekleri gatap galypdyr

Ekwadoryň gündogaryndaky çägeli karýerde biologiki galyndylar bilen gatan 112 mln ýyllyk ýantaryň Günorta Amerika üçin ilkinji nusgalary tapyldy. Gatan şepbikde dinozawrlar döwründe ýaşan tomzaklar, çybynlar, siňekler, arylar, çirkeýler we kerep saklanyp galypdyr
Ýapon alymlary sygry zebranyň reňkine boýandygy üçin Şnobel baýragyny aldy
21.09.2025 21:10
13k+

Ýapon alymlary sygry zebranyň reňkine boýandygy üçin Şnobel baýragyny aldy

Ýaponiýaly biologlar üýtgeşik tejribeleri üçin Şnobel baýragyna mynasyp boldy – olar sygry zebranyň reňkine boýady. Kyodo News-iň habar bermegine görä, sylaglama dabarasy 18-nji sentýabrda Bostonda geçirildi. “Zebranyňky ýaly zolaklara boýalan sygyrlar gögeýinleriň hüjüminden gaçyp biler” atly ylmy gözleg 2019-njy ýylda neşir edildi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.