Ford Expedition 2026-nyň alyp gaçmakdan goragyny güýçlendirdiler

22.09.2025, 23:596,681
1 / 5

Ford kompaniýasy 2026-njy ýylyň modeli bolan Expedition ulagyny Security Package atly toplumy bilen enjamlaşdyrdy. Bu ulgam ähli görnüşlerde — XL, Active, Tremor, Platinum we King Ranch — komplektasiýalarda elýeterli bolup, FordPass mobil goşundysy arkaly işledilýär.

Hyzmatyň ilkinji 12 aýy mugt berilýär, soňra bolsa aýlyk bahasy 8 dollar bolup kesgitlenýär.
Security Package ulag üçin birnäçe howpsuzlyk mümkinçiliklerini hödürleýär:

  • Ulgam ulagda birugsat hereket ýüze çykan ýagdaýynda, ýagny döwüp içine girilende, hereketlendiriji işledilende ýa-da sürülende — eýesine şol wagtda push-bildiriş iberýär.
  • Start Inhibit funksiýasy motory uzak aralykdan bloklap, ony açar bilen hem işledip bolmaz ýaly edýär.
  • Ulag ogurlanan halatynda ýörite gözleg gullugy işjeňleşdirilip, maglumatlar Ford-yň serwerlerine geçirilýär we polisiýa bilen hyzmatdaşlykda peýdalanylýar.
  • ABŞ-nyň käbir ştatlarynda ogurlyk sebäpli zyýan ýeten ýagdaýynda abatlaýyş çykdajylary üçin 2500 dollara çenli tölegiň öwezini doldurmak mümkinçilikleri bar.

Mundan başga-da, täze modelde gara üçek opsiýasy peýda bolup, ulagyň daşky görnüşini has-da stilistik edýär. Salonda bolsa enjamlary tiz zarýadlamaga mümkinçilik berýän USB portlary saklanyp galdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.