Volkswagen 50 müň adamy işden çykarar we modellerini azaldar

05.09.2026, 13:484,039

Volkswageniň müdirler geňeşi çykdajylary azaltmagyň giň gerimli meýilnamasyny tassyklady. 2030-njy ýyla çenli kompaniýa 50 müň iş ornuny çäklendirmegi we model hataryny iki esse azaltmagy meýilleşdirýär diýip, CNN habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde, awtokonsern ulaglaryň önümçilik prosesini 75% töweregi ýönekeýleşdirmegi meýilleşdirýär.

Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, Germaniýadaky dört zawodyň 2031–2034-nji ýyllar aralygynda bäsdeşlige ukyplylygyny saklamak kyn bolar.

Önümçilik ulgamyndaky bu özgertmeler Volkswagen-iň taryhyndaky «iň giň gerimli özgertme maksatnamasy» bolar diýip, DW habar berýär.

Kompaniýanyň bu kararyna hytaý awtoulag öndürijileriniň barha güýçlenýän bäsdeşligi hem-de ABŞ-da import paçlarynyň ýokarlanmagy täsir etdi.

Häzirki wagtda Volkswagen-de, takmynan, 650 müň adam işleýär. Kompaniýa ýylyň birinji ýarymynda salgytdan soňky arassa peýdasynyň 30% azalandygyny habar berdi. Munuň esasy sebäpleriniň biri Hytaý bazaryndaky satuwlaryň peselmegi boldy.