Ford 2024-nji ýylyň oktýabryndan 2026-njy ýylyň iýunyna çenli öndürilen 148 663 sany Mustangy yzyna çagyrýar. Muňa awtoulagyň faralarynyň, kondisioneriniň we aýna ýuwujylarynyň birden hatardan çykmak howpy sebäp boldy. Üstesine-de ulagyň hereketlendirijisi güýjüni ýitirip ýa-da doly öçüp biler.
Mesele hereketlendiriji bölümindäki sim geçirijileriniň biriniň berkidilişi bilen bagly. 2024-nji ýyldan başlap, simleriň bir bölegi goşmaça ýylylyk goraýjy turbalar bilen örtülip başlandy. Emma bu goragyň klemmalaryň ýeterlik derejede berk oturmagyna päsgel berýändigi anyklanyldy. Awtoulag sürlende döreýän titremeler sebäpli klemmalaryň biri ýa-da birnäçe-si hatardan çykmagy mümkin. Bu bolsa käbir elektrik ulgamlarynyň işlemegini bes etmegine getirip biler.
Näsazlyk dürli netijä getirip bilýär, iň ýönekeýi aýna ýuwujylaryň nasosynyň ýa-da kondisioneriň hatardan çykmagydyr. Faralaryň öçmegi bolsa gijelerine we görüşiň pes şertlerinde ulag sürmek howpuny ýokarlandyrýar. Hereket edýän wagty awtoulagyň motorynyň öçmegi bolsa gönüden-göni ýol-ulag hadysasyna getirip biljek ýagdaýdyr.
Ford görkezilen döwürde öndürilen Mustanglaryň ählisini diýen ýaly barlamagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň çaklamasyna görä, bu kemçilik yzyna çagyryşa degişli awtoulaglaryň bary-ýogy 1%-inde ýüze çykmagy ähtimal.
Kompaniýa hereketlendiriji bölümindäki sim geçirijileri bilen bagly kemçilik sebäpli awtoulaglaryny awtoulaglaryny yzyna ilkinji gezek çagyrmaýar. Ol iýul aýynda hem Bronco we Bronco Sport modelleriniň käbirlerini ýangyn howpuny döredip biljek kemçilik sebäpli yzyna ýygnapdy.