Ford kompaniýasy markanyň taryhyndaky iň kuwwatly, köpçülikleýin öndüriljek Mustang kabrioleti bilen tanyşdyrdy.
Mustang Dark Horse SC Convertible kupeden ýedi aý soň çykaryldy. Ol ýaryş ýollary üçin niýetlenen kupe garanyňda has amatly alternatiwa hökmünde hödürlenilýär.

Kabriolet 5,2 litrlik, 806 at güýji we 894 Nm aýlanma pursady bolan V8 motorda işleýär. 7 tizlikli, iki muftaly awtomat geçiriji yzky tigirleri herekete getirýär.
MagneRide adaptiw asma ulgamy ulag gündelik sürülende ýoldaky büdür-südür ýerleri duýman geçer ýaly sazlanyldy.
Ulag täze üýtgeşik Precision Purple Metallic reňkinde çykarylýar. Tormoz supportlarynyň reňki-de şoňa görä sazlaşdyrylan.

Salonda iki sany 12,4 we 13,2 dýuýmlyk ekran, 12 dinamikli Bang & Olufsen ulgamy, iki zolakly klimat-kontrol we elektrik oturgyçlar bar. Salonyň içiniň yşyklandyrylyşyny göwnüň islän görnüşinde, dürli reňklerde sazlap bolýar.

Mustang Dark Horse SC Convertible üçin sargytlar şu güýzde kabul edilip başlanar. Ilkinji nusgalar alyjylara 2027-nji ýylyň ýazynda gowuşar. Bahalary heniz yglan edilmedi, ýöne kupeniň iň arzan görnüşi ABŞ-da 106 000 dollardan satylýandygyny göz öňüne tutsaň, kabriolet bazara ondan 4-5 müň dollar gymmat çykarylsa gerek.