Ford $165 million jerimeden we 4,38 million ulagdaky näsazlykdan soň gözegçiligi güýçlendirdi

Şu gün, 09:10821

Ford kompaniýasynda täze döredilen awtoulag howpsuzlygy boýunça baş ýolbaşçy (Chief Auto Safety Officer) wezipesine Dewid Haýns bellenildi. Mundan beýläk ol ulaglaryň howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmegine, içki düzgünnamalara we kompaniýanyň bu ugurdaky strategiýasyna jogap berer.

Haýns 13 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyna gözegçilik edýän milli edarasynda (NHTSA) işledi. Ol ýerde Haýns çaknyşmalaryň öňüni almak boýunça standartlar müdirligine ýolbaşçylyk etdi hem-de sürüjä kömek beriji ulgamlar we awtomatlaşdyrylan ulag sürüş ulgamy üçin bildirilýän talaplaryň işlenip düzülmegine gatnaşdy.

Ford kompaniýasynda Haýns inženerleriň, programmistleriň, hil, önümçilik we satyn alyş boýunça hünärmenleriň işine ýolbaşçylyk eder.

Kompaniýanyň Haýnsy bu wezipä bellemeginiň maksady awtomobilleriň howpsuzlygy bilen bagly meseleleriň önümçiligiň has irki tapgyrlarynda ýüze çykarylmagyny gazanmakdyr.

Bu özgerişleri durmuşa geçirmäge Ford-y soňky döwürde has ýygy-ýygydan gaýtalanýan ýagdaýlar mejbur etdi. 2024-nji ýylda ol NHTSA bilen ylalaşyk baglaşdy – düzgünleşdiriji edara kompaniýa 165 million dollar möçberinde jerime saldy.

Muňa awtoulaglaryň yzky kameralaryndaky näsazlyklaryň wagtynda ýygnalmanlygy, şeýle hem bu barada ýeterlik maglumatlaryň berilmänligi sebäp boldy. Salnan jerimäniň ujundan 65 million dollary gönüden-göni tölenmeli, ýene 55 million dollar degişli talaplaryň ýerine ýetirilişine baglylykda soňa goýulmaly, galan 45 million dollar bolsa howpsuzlygy ýokarlandyrmak çärelerine gönükdirilmeli edildi.

2026-njy ýylda yglan edilen çagyryşlarynyň birinde 4 380 609 sany Ford we Lincoln awtoulagy yzyna ýygnalypdy. Integrated Trailer Module programma üpjünçiligindäki näsazlyk tormoz çyralarynyň we öwrüm görkeziji çyralaryň işlemezligine getirip bilýär. Näsazlygy programma üpjünçiligini täzelemek arkaly aradan aýryp bolýar.

Şu ýyl Ford eýýäm 13 milliondan gowrak awtomobili öz içine alýan 64 sany yzyna çagyryş çäresini geçirdi.

Awtomobil eýeleri üçin häzirlikçe hemme zat öňki-öňküligine galýar. Yzyna çagyryş barada maglumat çykanda, ulagy VIN-kod boýunça barlamaly we öndürijiniň görkezmelerine eýermeli.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.