Özbegistanda ýaşy 9,2 müň ýyla barabar bolan ekerançylyk gurallary we däneleri tapyldy
28.08.2025 07:12
6.7k+

Özbegistanda ýaşy 9,2 müň ýyla barabar bolan ekerançylyk gurallary we däneleri tapyldy

Özbegistanyň günortasynda, Surhandarýa derýasynyň jülgesinde, Toda gowagynda Özbegistandan, Hytaýdan we Ýewropadan arheologlaryň topary gadymy adamlaryň gonalgasyny tapdy. Onuň ýaşy, takmynan, 9,2 müň ýyla barabar
Google Play-den 77 zyýanly programma aýryldy: olar 19 mln gezek ýüklendi
28.08.2025 07:09
4.8k+

Google Play-den 77 zyýanly programma aýryldy: olar 19 mln gezek ýüklendi

Google Play programmalar dükanyndan jemi 19 mln gezek gurnalan 77 zyýanly programma bozuldy. Howpy Zscaler ThreatLabs gözleg toparynyň hünärmenleri ýüze çykardy diýip, BleepingComputer neşiri ýazýar. Gözlegiň maglumatlaryna görä, ýüze çykarylan programmalaryň 66%-den gowragy mahabat görkezýän programmalardy
Nissan 18 ýyldan soň GT-R R35 modeliniň önümçiligini tamamlady
28.08.2025 07:04
6.8k+

Nissan 18 ýyldan soň GT-R R35 modeliniň önümçiligini tamamlady

Nissan kompaniýasy R35 kuzowly GT-R modeliniň soňky nusgasynyň çykarylandygyny habar berdi. Bu wersiýa konweýerde 2007-nji ýylda peýda boldy, 18 ýylyň içinde bolsa 48 müň awtomobil ýygnaldy. Ahyrky awtomobil Midnight Purple goýy benewşe reňkine boýalan GT-R T-Spec boldy
Hytaýda ilkinji gezek adama doňzuň öýkeni oturdyldy
28.08.2025 06:44
8.5k+

Hytaýda ilkinji gezek adama doňzuň öýkeni oturdyldy

Hytaýda alymlar topary ilkinji gezek genetiki taýdan üýtgedilen doňuzdan alnan öýkeni ölüm halyndaky hassa oturtdy. Organ şol bada bitişmezlik ýagdaýyny görkezmedi. Bu hem ylmy gözlegçileriň pikiriçe, haýwan organlaryny ksenotransplantasiýa üçin ulanyp boljakdygyny tassyklaýar diýip, Nature Medicine habar berýär
Angliýadan dokuz ýaşly alpinist 700-den gowrak dag depesine çykdy
28.08.2025 06:41
4.2k+

Angliýadan dokuz ýaşly alpinist 700-den gowrak dag depesine çykdy

Angliýadan dokuz ýaşly Frenki Makmillan 700-den gowrak dag depesine, şol sanda Ýewropanyň iň beýik on depesine çykdy diýip, What’s the Jam habar berýär. Frenki üç ýaşynda alpinizm bilen meşgullanyp başlady. Onuň ejesi Basýa hem ogly bilen bilelikde dag depelerine işjeň çykýar we ömrüniň köp böleginiň daglarda geçýändigini belleýär
Repçi Jay-Z dünýäniň iň baý sazandasy bolmagynda galýar, onuň baýlygy 2,6 mlrd dollara ýetdi
28.08.2025 06:36
5.4k+

Repçi Jay-Z dünýäniň iň baý sazandasy bolmagynda galýar, onuň baýlygy 2,6 mlrd dollara ýetdi

Forbes neşiriniň wersiýasy boýunça, repçi Jay-Z dünýäniň iň baý sazandasy bolmagynda galýar. Onuň baýlygy 2,6 mlrd dollar diýlip hasaplanýar. 2019-njy ýylda Jay-Z ilkinji hip-hop-artist-milliarder boldy. Soňky ýyllarda onuň baýlygy ep-esli: 2023-nji ýyldaky 1,4 mlrd dollardan 2,5 mlrd dollara çenli artdy
6-njy sentýabrda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar
27.08.2025 16:43
7.9k+

6-njy sentýabrda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar

6-njy sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar
Çempionlar ligasynyň täze toplary gijeki asmandan, kosmosdan we demirgazyk şapagyndan ylham alyp döredildi
27.08.2025 16:39
9.3k+

Çempionlar ligasynyň täze toplary gijeki asmandan, kosmosdan we demirgazyk şapagyndan ylham alyp döredildi

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) 2025/26 möwsüminiň erkekler we zenanlar Çempionlar ligasy üçin täze resmi toplaryny hödürledi. Täze modeller ýaryşyň umumy tapgyrynda ulanylar. Erkekler Çempionlar ligasy üçin top gök we altyn nagyşlar bilen bezeldi
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
27.08.2025 16:22
7.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýýa Sanduwа we ýurduň ähli halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi
Serdar Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasyny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 10 ýyllygy bilen gutlady
27.08.2025 16:18
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasyny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 10 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
ABŞ-da 2030-njy ýyla çenli guruljak geljegiň şäheriniň - Telosanyň render suratlary görkezildi
27.08.2025 16:14
15k+

ABŞ-da 2030-njy ýyla çenli guruljak geljegiň şäheriniň - Telosanyň render suratlary görkezildi

Daniýaly arhitektor Býarke Ingels hem-de onuň BIG studiýasy täze şäher — Telosanyň ilkinji şekillerini görkezdiler. Bu megapolisi gurmak pikiri amerikaly milliarder Mark Loranyň taslamasydyr. Täze şäher ABŞ-nyň Newada ştatynyň çölünde dolulygyna noldan gurlar
Belgiýaly adam Lego heýkeljikleriniň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnady
27.08.2025 16:03
6.9k+

Belgiýaly adam Lego heýkeljikleriniň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnady

Belgiýaly Stiwen wan Daýk Lego heýkeljikleriniň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnady. Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri onda 11 803 predmeti hasaba aldy. Bu öňki rekord eýesiniňkiden iki müň heýkel köpdür
Netflix-iň çykaran filmi ilkinji gezek ABŞ-da prokatyň öňdebaryjysy boldy
27.08.2025 16:00
2.7k+

Netflix-iň çykaran filmi ilkinji gezek ABŞ-da prokatyň öňdebaryjysy boldy

Netflix-iň “Keý-pop melgun awçylary” animasion filmi amerikan prokatynda birinji orny eýeledi. Ilkinji dynç günleri film 18-20 mln dollar töweregi gazandy diýip, Variety habar berýär. Adatça Netflix kinoteatr relizlerinden gaça durýar
Kosmosdan alnan suratlar Aziýada gijeki yşyklandyryşyň 10 ýylda näderejede üýtgändigini görkezdi
27.08.2025 15:59
14k+

Kosmosdan alnan suratlar Aziýada gijeki yşyklandyryşyň 10 ýylda näderejede üýtgändigini görkezdi

2014-nji we 2024-nji ýyllaryň dowamynda Aziýanyň çäklerinde gijeki yşyklandyryş kartalaryny deňeşdirmek arkaly soňky on ýylda sebitde emeli ýagtylandyryşyň paýlanylyşynyň näderejede üýtgändigini görmek bolýar. Şeýle kartalar adamyň işjeňligini wizual öwrenmäge kömek edýär
Afrika Hytaýdan rekord mukdarda Gün panellerini satyn aldy
27.08.2025 15:55
4.9k+

Afrika Hytaýdan rekord mukdarda Gün panellerini satyn aldy

2025-nji ýylda Afrika ýurtlary Hytaýdan geçen ýylkydan has köp Gün panellerini satyn aldylar. Diňe maý aýynda yklym umumy kuwwaty 1,57 GWt bolan panelleri import etdi, bu bolsa taryhy maksimum boldy. Şol bir wagtyň özünde, bu ösüş ýigrimi töweregi kiçi ýurt tarapyndan amala aşyryldy diýip, Wired habar berýär
Hytaý dünýäde ilkinji suwasty emeli aň maglumat merkezini gurýar
27.08.2025 15:44
5.2k+

Hytaý dünýäde ilkinji suwasty emeli aň maglumat merkezini gurýar

Hytaý emeli aň üçin dünýäde ilkinji suwasty maglumat merkezini gurýar. Bu desga Şanhaýyň kenaryndan 10 km uzaklykda ýerleşip, golaýdaky deňiz ýel elektrostansiýasyndan energiýa alar diýip, Live Science habar berýär
Xiaomi 2026-njy ýylda SU7 ulagynyň uzaldylan görnüşini çykarmaga taýýarlanýar: ilkinji suratlar
27.08.2025 15:37
4.8k+

Xiaomi 2026-njy ýylda SU7 ulagynyň uzaldylan görnüşini çykarmaga taýýarlanýar: ilkinji suratlar

Xiaomi SU7 elektromobiliniň täze görnüşiniň ýol synaglaryna başlady. Nikaplanan nusganyň ilkinji suratlary Hytaýyň Weibo sosial ulgamynda peýda boldy. Car News China-nyň habaryna görä, bu modeliň uzaldylan görnüşi bolup, 2026-njy ýylda SU7 L ady bilen çykarylar
Nemes týunerleri Toyota Land Cruiser Prado-nyň ýerden beýikligini 50 millimetr artdyrdylar
27.08.2025 15:21
7.4k+

Nemes týunerleri Toyota Land Cruiser Prado-nyň ýerden beýikligini 50 millimetr artdyrdylar

Germaniýanyň Delta 4x4 atelýesi Toyota Land Cruiser Prado-nyň soňky nesli üçin üýtgeşmeler toplumyny hödürledi. Wnedorožnik döwrebaplaşdyrylan podweskany, kuzowyň goragyny we goşmaça esbaplary aldy. Bukjanyň bahasy entek mälim edilmedi
Samsung 86 dollardan Galaxy A07 smartfonyny hödürledi
27.08.2025 14:40
8.9k+

Samsung 86 dollardan Galaxy A07 smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy 2025-nji ýylda özünde iň amatly bahadan satyljak smartfonyny — Galaxy A07 modelini resmi taýdan hödürledi. Täze model eýýäm Indoneziýada alyjylar üçin elýeterlidir. Esasy aýratynlyklary: Ekran:
«Awatar 3-iň» täze kadry peýda boldy. Onda öňki ganhor gaýdyp gelýär
27.08.2025 14:29
5.6k+

«Awatar 3-iň» täze kadry peýda boldy. Onda öňki ganhor gaýdyp gelýär

«Awatar: Ot we kül» (Avatar: Fire And Ash) filminiň premýerasy şu ýylyň iň köp garaşylýan kino wakalarynyň biridir. Jeýms Kemeronyň franşizasynyň üçünji bölüminiň 19-njy dekabrda görkezilmegine garaşylýar. Häzirlikçe döredijiler taslama barada bölekleýin maglumatlary paýlaşýarlar
Telegram-da indi “statusyňyza” saz goşmaga mümkinçilik döredi
27.08.2025 14:21
1.8k+

Telegram-da indi “statusyňyza” saz goşmaga mümkinçilik döredi

Telegram messenjeriniň MacOS üçin niýetlenen beta wersiýasynda profiliňize saz goşmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu barada Telelakel kanalyna salgylanýan Rozetked portaly habar berdi. Işleýiş nukdaýnazaryndan ol “Wkontakte-däki” aýdym-saz statusyna meňzeýär
Afrikada kerkleriň şahlaryna radioaktiw izotoplary sanjyp başladylar. Näme üçin?
27.08.2025 14:16
12k+

Afrikada kerkleriň şahlaryna radioaktiw izotoplary sanjyp başladylar. Näme üçin?

Günorta Afrika Respublikasynda Rhisotope taslamasy (iňlisçe “rhinoceros” – kerk  we “isotope” – izotop diýmegi aňladýar) başlandy. Başlangyjyň çäklerinde brakonýerlerden (bikanun awçylyk edýänlerden) ejir çekýän kerkleriň populýasiýasyny goramak üçin haýwanlaryň şahlaryna radioaktiw izotoplar sanjym edilýär
SpaceX kompaniýasy Starship gämisiniň onunjy synag uçuşyny üstünlikli geçirdi
27.08.2025 11:42
2.9k+

SpaceX kompaniýasy Starship gämisiniň onunjy synag uçuşyny üstünlikli geçirdi

26-njy awgustda SpaceX amerikan kompaniýasy Starship gämisi oturdylan Super Heavy raketa göterijisiniň onunjy synag uçuşyny üstünlikli geçirdi. Çäre X sosial ulgamy arkaly göni ýaýlymda görkezildi. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, synagda öňde goýlan maksatlara ýetildi we bu uçuş "dünýäde ilkinji dolulygyna köp gezeklik raketa göterijisini işläp taýýarlamakda ähmiýetli ädim» boldy
Apple 9-njy sentýabrda iPhone 17-ni we beýleki täzeliklerini tanyşdyrar
27.08.2025 11:24
4.2k+

Apple 9-njy sentýabrda iPhone 17-ni we beýleki täzeliklerini tanyşdyrar

Apple kompaniýasy her ýylky tanyşdyryş çäresiniň senesini mälim etdi. Çäre 9-njy sentýabrda, sagat 22:00-da (Aşgabat wagty bilen) kompaniýanyň Kaliforniýadaky Kupertino şäherindäki baş edarasynda ýerleşýän Stiw Jobs adyndaky teatrda geçiriler
Mask iPhone-a ChatGPT-niň goşulmagy sebäpli Apple bilen OpenAI-i kazyýete berdi
27.08.2025 11:12
7.7k+

Mask iPhone-a ChatGPT-niň goşulmagy sebäpli Apple bilen OpenAI-i kazyýete berdi

Milliarder Ilon Maskyň X we xAI kompaniýalary Apple we OpenAI (ChatGPT çat-botuny dörediji) kompaniýalaryna garşy şikaýat arzasy bilen Tehasdaky kazyýete ýüz tutdy. Bu barada 25-nji awgustda Bloomberg agentligi habar berdi
Meksikaly aşpezler tako taýýarlap, birbada üç rekord goýdy
26.08.2025 21:51
11k+

Meksikaly aşpezler tako taýýarlap, birbada üç rekord goýdy

Sýerra-Madre daglarynyň etegindäki Guadalupe şäherçesinde geçirilen La Discada festiwalynda meksikaly aşpezler Ginnesiň birbada üç rekordyny goýdy. Olar bir sagatda hödür edilen iň köp tako, iň uly gowrulan tagam we iň uly saç üçin hasaba alyndy
Taksi bolan Mercedes 2 mln km-den gowrak ýol geçipdir, ýöne Finlýandiýanyň salgyt edarasy muňa ynanmady
26.08.2025 21:31
23k+

Taksi bolan Mercedes 2 mln km-den gowrak ýol geçipdir, ýöne Finlýandiýanyň salgyt edarasy muňa ynanmady

Ozal Germaniýada taksi hökmünde ulanylan Mercedes-Benz E-Class 2,2 mln kilometrden gowrak ýol geçip, işe ukyply ýagdaýda galdy. Häzir awtomobil Finlýandiýada diýip, “Ilta-Sanomat” neşiri ýazýar. Ulagyň eýesi – ulanylan “Mersedesleri” satmak bilen meşgullanýan 36 ýaşly işewür Wille Rýaýsýanen
Boston Dynamics kompaniýasy Atlas robotyna çylşyrymly başarnyklary özleşdirmegi öwretdi
26.08.2025 21:23
2.6k+

Boston Dynamics kompaniýasy Atlas robotyna çylşyrymly başarnyklary özleşdirmegi öwretdi

Boston Dynamics kompaniýasy Atlas modeliniň mysalynda adam şekilli robotlaryň ösüşiniň täze derejesini hödürledi. Indi robot diňe bir hereket etmäge ukyply bolman, eýsem Toyota Research Institute (TRI) bilen bilelikde döredilen uly özüni alyp baryş modelleriniň (LBMs) dolandyrmagynda dowamly we çylşyrymly başarnyklary ýerine ýetirip bilýär
Inga Ruginene Litwanyň täze premýer-ministri boldy
26.08.2025 16:31
10k+

Inga Ruginene Litwanyň täze premýer-ministri boldy

Litwanyň parlamenti Inga Rugineneni ýurduň premýer-ministri wezipesine tassyklady. Bu barada Litwanyň radiosy we telewideniýesi (LRT) habar berdi. Ses berişlik açyk ýagdaýda geçirildi. Litwanyň sosial-demokratik partiýasynyň 44 ýaşly wekiliniň dalaşgärligini parlamentiň 127 deputatynyň 78-isi goldady, 35-isi garşy çykdy, 14-üsi saklandy
Mercedes-Benz täze ulaglaryň önümçiligi üçin köneleri söküp başlar
26.08.2025 16:15
9k+

Mercedes-Benz täze ulaglaryň önümçiligi üçin köneleri söküp başlar

Mercedes-Benz konserni Germaniýada köne awtomobilleri sökmek boýunça synag taslamasynyň işe girizilendigini habar berdi. Resmi maglumatlara görä, bu başlangyjyň maksady girdeji däl-de, daşky gurşawa ýetýän zyýanly täsiri azaltmakdyr: çig malyň bir bölegi gaýtadan işlenenden soň önümçilikde ulanylar
Aşgabatda Pakistanyň DIM-niň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi
26.08.2025 15:19
2k+

Aşgabatda Pakistanyň DIM-niň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi

25-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillaniniň arasynda duşuşyk geçirildi.  Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň özara gyzyklanma bildirýän ugurlardaky hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar
Raşid Meredow Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
26.08.2025 15:03
5.7k+

Raşid Meredow Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

25-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Türkmenistan we Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişdi
26.08.2025 14:48
4.9k+

Türkmenistan we Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişdi

25-nji awgustda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Google-yň aýtmagyna görä, Gemini her soraga jogap bermek üçin bary-ýogy 5 damja suw sarp edýär. Hakykatdan hem şeýlemikä?
26.08.2025 14:37
4.7k+

Google-yň aýtmagyna görä, Gemini her soraga jogap bermek üçin bary-ýogy 5 damja suw sarp edýär. Hakykatdan hem şeýlemikä?

Google kompaniýasy Gemini emeli aňynyň daşky gurşawa ýetirýän täsiri barada öz barlagyny çap etdi. Kompaniýa netijeliligiň ýokarlanmagy bilen häzirki modeliň ortaça 0,24 watt sagat elektrik energiýasyny (telewizoryň dokuz sekuntlap işlemegine deň) we bir tekst soragy üçin takmynan 0,26 millilitr suw (bäş damja) sarp edýändigini tassyklaýar
Türkmenistan CAFA Milletler kubogynda Gyrgyzystan, Özbegistan we Oman bilen duşuşar
26.08.2025 14:29
11k+

Türkmenistan CAFA Milletler kubogynda Gyrgyzystan, Özbegistan we Oman bilen duşuşar

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlarynyň tertibi resmi taýdan mälim edildi. Bu barada CAFA-nyň metbugat gullugy habar berýär. CAFA-nyň Milletler kubogy taryhda ikinji gezek geçirilýär
Lego «Willi Wonka we şokolad fabrigi» filmi esasynda toplum çykarar
26.08.2025 14:13
2.5k+

Lego «Willi Wonka we şokolad fabrigi» filmi esasynda toplum çykarar

Lego 1971-nji ýylda çykarylan «Willi Wonka we şokolad fabrigy» filminiň esasynda täze konstruktoryň çykarylýandygyny mälim etdi diýip, HypeBeast habar berýär. Toplum 2025 sany detal bilen düzülip, şokolad şaglawugyny we derýany ýygnamaga mümkinçilik berýär
Warner Bros. basketbolçy Kobi Braýant hakynda film düşürer
26.08.2025 14:03
3k+

Warner Bros. basketbolçy Kobi Braýant hakynda film düşürer

Warner Bros. Pictures kompaniýasy basketbolçy Kobi Braýant hakynda film taýýarlamaga girişýär. Variety neşiriniň habar bermegine görä, studiýa onuň durmuşy barada ýazylan deslapky ssenarini satyn alypdy. Filmiň wakalary hakyky durmuş wakalaryna esaslanýar
OpenAI Hindistanda ilkinji ofisini açýar
26.08.2025 13:50
1.3k+

OpenAI Hindistanda ilkinji ofisini açýar

OpenAI tiz wagtdan Hindistanda ilkinji ofisini açjakdygyny habar berdi. Wekilhana ýakyn aýlarda Nýu-Delide işläp başlar. Kompaniýa eýýäm ýurtda ýuridik şahs hökmünde hasaba alyndy we ýerli hünärmenler toparyny döredýär
Täze Lexus NX 2026 krossoweri hödürlendi
26.08.2025 13:44
6k+

Täze Lexus NX 2026 krossoweri hödürlendi

Lexus Hytaýda 2026-njy model ýylynyň NX krossowerini hödürledi. Awtomobil 299,8 müň ýuandan 509,8 müň ýuana çenli (takmynan, 42 müň ABŞ dollaryndan 71 müň dollara çenli) baha bilen alty görnüşde çykarylar. Model uly radiator gözenegi we matrisa çyralary bilen markanyň firma dizaýnyny saklap galdy
Kanadada guş dümewiniň ýaýramak howpy sebäpli 400 düýeguşy ýok ediler
26.08.2025 13:40
5.6k+

Kanadada guş dümewiniň ýaýramak howpy sebäpli 400 düýeguşy ýok ediler

Kanadada federal şikaýat kazyýeti Britan Kolumbiýasyndaky Universal Ostrich Farms fermasynda 400 düýeguşy ýok etmek baradaky çözgüdi tassyklady. Bu çäre guş dümewiniň ýaýramak howpy bilen baglanyşykly diýip, The Washington Post habar berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.