Türkmenistanyň Prezidenti Moldowany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

27.08.2025, 11:227,171

Prezident Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýýa Sanduwа we ýurduň ähli halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Maýýa Sanduwа berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Moldowa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Moldowa Garaşsyzlyk gününi 27-nji awgustda belläp geçýär. Bu sene 1991-nji ýylda parlament tarapyndan Garaşsyzlyk Jarnamasy kabul edilenden bäri bellenilip gelinýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.