Türkmenistanda taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny hasaba almagyň Tertibi tassyklanyldy
26.07.2025 09:15
4.6k+

Türkmenistanda taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny hasaba almagyň Tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibini tassyklaýan Karara gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama Milli taryhy-medeni gymmatlyga
Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilen 247 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi
26.07.2025 08:56
22k+

Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilen 247 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi

25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen 247 raýat mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy
Maskyň Starlink hemra internet ulgamynyň işinde global bökdençlik bolup geçdi
25.07.2025 17:14
8.5k+

Maskyň Starlink hemra internet ulgamynyň işinde global bökdençlik bolup geçdi

24-nji iýulda agşam Starlink hemra aragatnaşyk ulgamynyň işinde global bökdençlik ýüze çykdy. Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan hyzmatda aýtmaklaryna görä, näsazlyk takmynan 2,5 sagat dowam edip, soňra doly düzedildi
Aleksandr Usik WBO-nyň guşagyny saklap galmak üçin Jozef Parker bilen duşuşmaly bolar
25.07.2025 17:10
11k+

Aleksandr Usik WBO-nyň guşagyny saklap galmak üçin Jozef Parker bilen duşuşmaly bolar

Agyr agram derejesinde boks boýunça dünýäniň absolýut çempiony ukrainaly Aleksandr Usik Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) wersiýasy boýunça dünýä çempiony adyny saklap galmak üçin täze zelandiýaly Jozef Parker bilen söweşmeli bolar
Türkmenistandan Merdan we Şöhrat Toýlyýewler "Ýüpek ýoly - 2025" halkara rallisinde ýeňiş gazandylar
25.07.2025 17:05
19k+

Türkmenistandan Merdan we Şöhrat Toýlyýewler "Ýüpek ýoly - 2025" halkara rallisinde ýeňiş gazandylar

22-nji iýulda Gorno-Altaýsk (RF) şäherinde «Ýüpek ýoly» halkara rallisi tamamlandy. T2 seriýaly off-road ulaglarynyň ýaryşynda umumy hasap boýunça 214 belgide çykyş eden doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýeňiş gazandylar
FIDE 10 ýaşly Şogjiýewi iň ýaş halkara ussat diýip ykrar etdi
25.07.2025 16:54
5.8k+

FIDE 10 ýaşly Şogjiýewi iň ýaş halkara ussat diýip ykrar etdi

10 ýaşly russiýaly küştçi Roman Şogjiýew resmi taýdan halkara ussat adyny aldy. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. TASS-yň maglumatlaryna görä, Şogjiýew bu tituly almak üçin zerur bolan üç düzgüniň ählisini ýerine ýetirmek bilen, iň ýaş küştçi boldy
Samsung köne smartfonlary Galaxy Z Fold 7 bilen çalyşmak programmasyny giňeltdi: Pixel 9 goşuldy
25.07.2025 11:50
5.2k+

Samsung köne smartfonlary Galaxy Z Fold 7 bilen çalyşmak programmasyny giňeltdi: Pixel 9 goşuldy

Samsung ulanyjylaryň köne smartfonlaryny Galaxy Z Fold 7 smartfonyna çalyşmagy üçin trade-in programmasynyň şertlerini täzeledi. Çalşyp boljak gurluşlaryň sanawyna ozal programma girmeýän Pixel 9 hatary hem goşuldy
Geljekki Redmi Turbo 5 flagmanynyň aýratynlyklary we bahasy belli boldy
25.07.2025 11:49
9k+

Geljekki Redmi Turbo 5 flagmanynyň aýratynlyklary we bahasy belli boldy

Täze Redmi Turbo 5 smartfonynyň esasy aýratynlyklary belli boldy. Smartfonyň şu çärýegiň ahyryna çenli resmi taýdan görkezilmegine garaşylýar diýip, Gizmochina ýazýar. Maglumatlara görä, smartfon Qualcomm Snapdragon 8 Gen 3 prosessoryna hem-de 120 Gs täzelenme ýygylygy we QHD+ durulygy bilen 6,78 dýuýmlyk AMOLED displeýine eýe boldy
Nissan hereketlendirijiniň kemçilikleri sebäpli 444 müňe golaý ulagyny yzyna çagyrýar
25.07.2025 11:46
5.9k+

Nissan hereketlendirijiniň kemçilikleri sebäpli 444 müňe golaý ulagyny yzyna çagyrýar

ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş gullugy (NHTSA) 12 sany ýangyn ýa-da heläkçilik ýaly VC-Turbo hereketlendirijisi bilen baglanyşykly 1900 hadysanyň üstüni açdy. Bu üýtgeýän gysyşly hereketlendirijiler 2019-2024-nji ýyllar aralygynda öndürilen Nissan Rogue-de, Altima-da, Infiniti QX50-de we QX55-de oturdyldy
Ogurlanandan 50 ýyl soň XVI asyryň kartinasy Italiýanyň Belluno muzeýine gaýtarylyp berler
25.07.2025 11:44
7.8k+

Ogurlanandan 50 ýyl soň XVI asyryň kartinasy Italiýanyň Belluno muzeýine gaýtarylyp berler

1973-nji ýylda Italiýanyň Belluno şäherindäki muzeýden ogurlanan Antonio Solarionyň XVI asyra degişli "Eli bäbekli Madonna" kartinasy kanuny eýesine gaýtarylar. Bu barada The Guardian gazeti habar berýär. Kartina Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy Barbara de Dožiniň mülkünde bolup, ony adamsy ogurlyk bolan ýyly edinen eken
Millionlarça dollarlyk seýrek RUF CTR sport awtoulagy ewakuatordan gaçyrdylar
25.07.2025 11:42
19k+

Millionlarça dollarlyk seýrek RUF CTR sport awtoulagy ewakuatordan gaçyrdylar

San-Fransiskoda daşaýyş wagtynda Porsche 911-iň binýadynda gurlan seýrek RUF CTR sport awtoulagy zaýalandy. Bu waka awtoulag ewakuatordan düşürilýärkä bolup geçdi: awtoulag aşak tigirlenip, rampadan gaçdy we yzky bamperi bilen asfalta uruldy diýip, ýerli sosial ulgamlara salgylanýan Carscoops habar berdi
AstraZeneca nyrh howplary sebäpli ABŞ-a 50 milliard dollar maýa goýmak kararyna geldi
25.07.2025 11:36
3.3k+

AstraZeneca nyrh howplary sebäpli ABŞ-a 50 milliard dollar maýa goýmak kararyna geldi

Britaniýanyň iri derman kärhanasy bolan AstraZeneca 2030-njy ýyla çenli ABŞ-nyň ykdysadyýetine 50 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu serişdeler Wirjiniýada täze derman öndürýän zawod gurmaklyga we Meriländ, Massaçusets, Kaliforniýa, Indiana we Tehas ştatlarynda ylmy-barlag işlerini giňeltmeklige gönükdiriler
Toyota bahasy 64 müň dollardan başlaýan Sequoia 2026 wnedorožnigini tanyşdyrdy
25.07.2025 11:32
10k+

Toyota bahasy 64 müň dollardan başlaýan Sequoia 2026 wnedorožnigini tanyşdyrdy

Toyota 2026-njy model ýylynyň täzelenen doly derejeli Sequoia wnedorožnigini görkezdi. Esasy wersiýasynyň bahasy 1600 dollar ýokarlandy we indi 64 025 dollar boldy. Munuň öwezine model has köp premial enjamlary aldy
Serdar Berdimuhamedow Russiýada bolup geçen awiaheläkçilik zerarly W.Putine gynanç bildirdi
25.07.2025 11:00
26k+

Serdar Berdimuhamedow Russiýada bolup geçen awiaheläkçilik zerarly W.Putine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine “Angara” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatynyň guramaçylyk meselelerini maslahatlaşdy
25.07.2025 09:23
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatynyň guramaçylyk meselelerini maslahatlaşdy

Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hazar deňzinde gämili ýüzüşi amala aşyrdy
25.07.2025 09:17
14k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hazar deňzinde gämili ýüzüşi amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda Hazar deňzinde gämili ýüzüşi amala aşyrdy. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatynyň medeni çäreleriniň geçiriljek ýerini gözden geçirdi
25.07.2025 09:10
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatynyň medeni çäreleriniň geçiriljek ýerini gözden geçirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän dabaraly medeni çäreleriň geçirilýän ýerine baryp, bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde döredilen şertler bilen tanyşdy
25.07.2025 08:47
14k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde döredilen şertler bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy. Saparynyň çäklerinde
“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin "Awaza" goşmaça howa gatnawlaryny ýola goýar
24.07.2025 19:16
18k+

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin "Awaza" goşmaça howa gatnawlaryny ýola goýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 17–26-njy awgusty aralygynda Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň çagalaryny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş-dikeldiş merkezlerine äkidip-getirmek maksady bilen, goşmaça howa gatnawlary amala aşyrar
ABŞ we Ýaponiýa ýapon awtoulaglaryna hem-de beýleki harytlara salynýan paçlary azaltmak barada ylalaşdylar
24.07.2025 18:16
19k+

ABŞ we Ýaponiýa ýapon awtoulaglaryna hem-de beýleki harytlara salynýan paçlary azaltmak barada ylalaşdylar

ABŞ bilen Ýaponiýa käbir ýapon harytlaryna, şol sanda awtoulaglara gümrük paçlaryny azaltmagy göz öňünde tutýan nyrh syýasatyny üýtgetmek barada ylalaşyk gazandy. Muny ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüniň Truth Social sosial ulgamynda yglan etdi we bu şertnamany ýurtlaryň arasyndaky “taryhda iň uly” şertnama diýip atlandyrdy
Fransiýada Rim imperiýasy döwrüniň şäherini gaýtadan dikeltmek isleýärler
24.07.2025 18:06
12k+

Fransiýada Rim imperiýasy döwrüniň şäherini gaýtadan dikeltmek isleýärler

Bezýe şäheriniň häkimi Rober Menar Rim imperiýasy döwrüniň şäheriniň, takmynan, b.e. 30-njy ýylyndaky keşbini gaýtadan dikeltmäge gönükdirilen Béziers Antique taslamasyny hödürledi. 30 ýyla niýetlenen taslama diňe gadymy rim gurluşyk tehnologiýalaryny ulanmagy göz öňünde tutýar
Pepsi täze resept bilen soňky 20 ýylda ilkinji içgisini – Prebiotic Cola-ny hödürledi
24.07.2025 18:02
7.5k+

Pepsi täze resept bilen soňky 20 ýylda ilkinji içgisini – Prebiotic Cola-ny hödürledi

PepsiCo kompaniýasy klassyk Pepsi-niň täzelenen we peýdaly görnüşi bolan Prebiotic Cola içgisini hödürledi. Täze içginiň düzüminde her bankada 3 gram prebiotik bar diýlip, kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär
Karl III-niň robot tarapyndan çekilen suraty BMG-niň Ženewadaky sammitinde görkezildi
24.07.2025 17:59
9k+

Karl III-niň robot tarapyndan çekilen suraty BMG-niň Ženewadaky sammitinde görkezildi

Ženewada BMG-niň ştab-kwartirasynda geçen AI For Good sammitinde Karl III-niň adam şekilli robot Ai-Da tarapyndan döredilen portreti görkezildi. Bu barada Sky News habar berýär. Algorithm King diýlip atlandyrylan surat robotyň “gözünde” oturdylan kameralardan alnan suratlaryň esasynda ýagly reňkler bilen çekildi
Jeep, Peugeot we Chrysler ulaglarynyň öndürijisi birinji ýarym ýylda 2,3 milliard ýewro ýitgi barada habar berdi
24.07.2025 17:56
12k+

Jeep, Peugeot we Chrysler ulaglarynyň öndürijisi birinji ýarym ýylda 2,3 milliard ýewro ýitgi barada habar berdi

Stellantis 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda 2,3 milliard ýewro arassa ýitgi çekdi. Bu barada awtoulag öndürijisiniň deslapky ýarym ýyllyk hasabatynda aýdylýar. Çap edilen maglumatlara görä, hasabat döwrüniň arassa girdejisi, bir ýyl ozalky 85 milliard ýewro bilen deňeşdirilende, 74,3 milliard ýewro boldy
Bütindünýä syýahatçylyk guramasy dünýäde iň köp syýahat edilýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi
24.07.2025 17:47
13k+

Bütindünýä syýahatçylyk guramasy dünýäde iň köp syýahat edilýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UN Tourism) maglumatlaryna görä, halkara syýahatçylygy 2024-nji ýylda pandemiýadan öňki derejesine ýetdi, ýagny dünýäde syýahatçylaryň sany 1,47 milliard boldy
Dünýäde täze ulaglara bolan isleg artýar. Ýarym ýylda 44 milliondan gowrak ulag satyldy
24.07.2025 17:42
7k+

Dünýäde täze ulaglara bolan isleg artýar. Ýarym ýylda 44 milliondan gowrak ulag satyldy

2025-nji ýylyň iýun aýynda dünýäde 7 731 358 sany täze ýeňil ulag we ýeňil söwda ulaglary satyldy, bu bolsa 2024-nji ýylyň iýun aýy bilen deňeşdirilende 2,1 göterim köpdür diýip, GlobalData konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanýan Just Auto habar berýär
Argentinada geçen awtoýaryşda 4 sürüji  0,042 sekuntdan hem az aratapawut bilen pellehanadan geçdi
24.07.2025 17:38
7.1k+

Argentinada geçen awtoýaryşda 4 sürüji  0,042 sekuntdan hem az aratapawut bilen pellehanadan geçdi

Argentinada geçirilen Turismo Pista ýaryşynda dört sürüji 0,042 sekuntdan hem az aratapawut bilen pellehanadan geçdi. Ýeňijini diňe fotofiniş netijesinde kesgitlemek başartdy diýip, La Dereсha Diario neşiri ýazýar
Ispaniýanyň futbol federasiýasy eminleriň tehniki komitetine AI boýunça bilermeni belledi. Ol “Realyň” janköýeri
24.07.2025 17:34
10k+

Ispaniýanyň futbol federasiýasy eminleriň tehniki komitetine AI boýunça bilermeni belledi. Ol “Realyň” janköýeri

Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasy (RFEF) emeli aň boýunça hünärmen Çema Alonsony eminleriň tehniki komitetiniň (CTA) AI meseleleri we innowasiýa boýunça geňeşçisi edip belledi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi
Argentinada ýara we çiş şikaýatlardan soň Colgate diş pastasy gadagan edildi
24.07.2025 16:59
8.5k+

Argentinada ýara we çiş şikaýatlardan soň Colgate diş pastasy gadagan edildi

Argentinada raýatlardan zyýanly täsirler barada gelen arzalardan soň Colgate Total Active Prevention Clean Mint diş pastasyny ulanmak, ýaýratmak we mahabatlandyrmak gadagan edildi. Bu barada Derman serişdeleriniň, azyk önümleriniň we lukmançylyk tehnologiýalarynyň hiline gözegçilik milli edarasy (ANMAT) habar berdi
“28 ýyl soň” horrory 29-njy iýulda onlaýn görnüşde çykar
24.07.2025 16:33
7.1k+

“28 ýyl soň” horrory 29-njy iýulda onlaýn görnüşde çykar

Režissýor Denni Boýluň apokalipsisden soňky waka barada “28 ýyl soň” (28 лет спустя) zombi-horrory 29-njy iýulda daşary ýurt sanly platformalarynda çykar. Bu barada WhenToStream portaly habar berdi. Filmiň sýužeti “gahar wirusy” epidemiýasy sebäpli galan dünýäden üzňeleşdirilen Beýik Britaniýada ýaýbaňlanýar
Marvel Galaktusyň şekilindäki uly patrak bedresi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
24.07.2025 14:52
5.1k+

Marvel Galaktusyň şekilindäki uly patrak bedresi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Marvel filmlerinden zalym Galaktusyň şekilindäki patrak bedresi häzire çenli kinoteatrlarda satylan şeýle bedreleriň arasynda iň ulusy diýlip ykrar edildi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynda habar berilýär
Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlige gözegçilik etmek üçin onlaýn platforma işe girizildi
24.07.2025 14:45
17k+

Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlige gözegçilik etmek üçin onlaýn platforma işe girizildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2025-nji ýylda kabul edişligiň ýagdaýyny beýan etmek üçin dalasgar.bilim.tm atly maglumat beriji web saýtyny işe girizdi. Bu barada ministrlikde habar berdiler
Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi 68 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady
24.07.2025 14:36
5.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi 68 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady

Şu gün, 24-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada özbek Lideriniň resmi saýtynda habar berilýär
Merkezi Aziýadaky ösüşiň hasabyna Coca-Cola-nyň çärýek girdejisi 58% ýokarlandy
24.07.2025 14:30
6.7k+

Merkezi Aziýadaky ösüşiň hasabyna Coca-Cola-nyň çärýek girdejisi 58% ýokarlandy

Coca-Cola 2025-nji ýylyň ikinji çärýegi üçin maliýe netijeleri bilen paýlaşdy. Hödürlenen hasabata görä, kompaniýanyň arassa girdejisi 3,8 mlrd dollar boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 58% ýokarydyr
Superbakteriýalar 2050-nji ýyla çenli dünýä ykdysadyýetine ýylda $1,7 trln ýitgi getirip, ölüm derejesini ýokarlandyryp biler
24.07.2025 14:28
8.3k+

Superbakteriýalar 2050-nji ýyla çenli dünýä ykdysadyýetine ýylda $1,7 trln ýitgi getirip, ölüm derejesini ýokarlandyryp biler

2050-nji ýyla çenli antibiotiklere durnuklylyk (AMR) dünýä ykdysadyýetine ýylda 1,7 trln dollara çenli möçberde zyýan ýetirip, ölüm derejesini ep-esli ýokarlandyryp biler. Şeýle maglumatlary 122 ýurdy gurşap alan Global ösüş merkezi öňe sürýär diýip, The Guardian ýazýar
“Missiýa ýerine ýetirmesiz” franşizasynyň ahyrky bölümi 19-njy awgustda onlaýn çykar
24.07.2025 14:26
4.5k+

“Missiýa ýerine ýetirmesiz” franşizasynyň ahyrky bölümi 19-njy awgustda onlaýn çykar

“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” (Миссия невыполнима: Финальная расплата) filmi kinoteatrlarda görkezilip başlanandan üç aýdan soň, 19-njy awgustda sanly platformalarda elýeterli bolar. Meşhur franşizanyň baş keşbi Tom Kruzyň ýerine ýetirmegindäki sekizinji filmi, takmynan, 400 mln dollar býujet bilen dünýä prokatynda 589 mln dollar ýygnady
Dwalişwili, Ankalaýew, Prohazka... UFC 320-de boljak üç esasy söweş yglan edildi
24.07.2025 14:24
12k+

Dwalişwili, Ankalaýew, Prohazka... UFC 320-de boljak üç esasy söweş yglan edildi

UFC-niň metbugat gullugy 4-nji oktýabrda Las-Wegasda UFC 320 ýaryşynyň çäklerinde geçiriljek üç uly söweşi yglan etdi. Söweşleriň birinde iň ýeňil agramda UFC-niň çempiony, gruziýaly söweşiji Merab Dwalişwili bilen amerikaly Kori Sendhagen duşuşar
“Lilo we Stiç” onlaýn görkezilip başlandy
24.07.2025 14:23
2.3k+

“Lilo we Stiç” onlaýn görkezilip başlandy

Disney-iň “Lilo we Stiç” multfilminiň kinoremeýki onlaýn kinoteatrlarda elýeterli boldy. Ozal film 2025-nji ýylyň dünýä prokatynda 1 mlrd dollardan köp gazanan ilkinji golliwud taslamasy bolupdy. Sýužet başga planetadan gelen jandar bilen gawaýili gyzyň dostlugy barada gürrüň berýär
Kilian Mbappe “Realda” 10-njy belgini aldy
24.07.2025 14:21
9.8k+

Kilian Mbappe “Realda” 10-njy belgini aldy

Madridiň “Realynyň” hüjümçisi Kilian Mbappe täze möwsümde 10-njy belgi bilen çykyş eder diýip, L'Équipe habar berýär. Bu ozal bu belgini göteren horwatiýaly ýarymgoragçy Luka Modriç klubdan gidenden soň bolup geçdi
UFC soňky ýaryşdan we Porýe gidenden soň ýeňil agramda söweşijileriň reýtingini täzeledi
24.07.2025 14:16
11k+

UFC soňky ýaryşdan we Porýe gidenden soň ýeňil agramda söweşijileriň reýtingini täzeledi

UFC-niň metbugat gullugy 20-nji iýulda Täze Orleanda (Luizina ştaty, ABŞ) geçen UFC 318 ýaryşynyň jemi boýunça söweşijileriň reýtinglerini täzeledi. Ýeňil agramly söweşijileriň täzelenen sanawyndan karýerasyny tamamlan amerikaly Dastin Porýe aýryldy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.