Türkmenistanda taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny hasaba almagyň Tertibi tassyklanyldy

26.07.2025, 09:154,656

Türkmenistanyň Prezidenti Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibini tassyklaýan Karara gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama Milli taryhy-medeni gymmatlyga eýe bolan serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba almak we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmek maksady bilen, şeýle hem “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.
25-nji iýulda geçirilej Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa milli taryhy-medeni mirasyň gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagy, döwlet tarapyndan goralmagy ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler barada hasabat berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.