Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
18.07.2025 06:12
3.5k+
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Özbegistanyň ilçisi bilen duşuşdy
17-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
17.07.2025 18:23
11k+
Agramy 25 kg bolan Ýerdäki iň uly Mars meteoriti auksionda 5,3 mln dollara satyldy
Sotheby’s auksionynda häzire çenli Ýerde tapylan iň uly Mars meteoriti satyldy. Auksion öýüniň sosial ulgamlarynda habar berlişi ýaly, onuň üçin gutarnykly baha 4,3 mln dollar boldy. Ýygymlary we çykdajylary göz öňünde tutup, alyjy, takmynan, 5,3 mln dollar töledi
17.07.2025 18:20
2.6k+
Raşid Meredow Botswananyň halkara gatnaşyklar ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Botswana Respublikasynyň halkara gatnaşyklar ministri Penýo Butale bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
17.07.2025 18:01
18k+
Ýaryşlarda ömrüne ýeke gezek hem ýeňiş gazanyp görmedik at mobil oýnuň gahrymanynyň prototipine öwrüldi
20 ýyldan gowrak öň sport karýerasyny tamamlan 29 ýaşly ýapon çapuw aty "Haru Urara" 26-njy iýunda çykan Uma Musume Pretty Derbi mobil oýnundaky gahrymanyň prototipi boldy. Bu bir wagtlar yhlaslylygyň nyşanyna öwrülen haýwana täzeden gyzyklanma döretdi diýip, UPI ýazýar
17.07.2025 17:50
8.2k+
Akulalaryň suratlarynyň Shark Photographer of the Year 2025 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Shark Trust haýyr-sahawat guramasy suwasty suratlaryň Shark Photographer of the Year 2025 halkara bäsleşiginiň jemini jemledi. Netijeler 14-nji iýulda – akulalar barada habarlylygyň gününde yglan edildi. Bu baýramçylyk akulalaryň deňiz ekoulgamyndaky ähmiýeti barada habardarlygy ýokarlandyrmak we olar baradaky ters düşünjelere garşy göreşmek üçin döredildi
17.07.2025 17:34
2.8k+
“Emmi-2025” baýragyna dalaşgärler yglan edildi
77-nji “Emmi” telewizion baýragynyň guramaçylary 2025-nji ýylda baýraga dalaşgärleri yglan etdi. Bu barada Variety habar berýär. Iň köp nominasiýany “Bölünişik” (Разделение, 27) we “Kinostudiýa” (23) seriallary aldy
17.07.2025 17:32
5.1k+
FIFA-nyň ilkinji resmi senasy hödürlendi: ony Robbi Uilýams ýazdy
Britaniýaly aýdymçy Robbi Uilýams Halkara Futbol Federasiýasynyň taryhda ilkinji resmi senasyny hödürledi. Desire atly aýdym italiýaly aýdymçy Laura Pauzini bilen bilelikde ýazyldy. Aýdymyň awtorlary Karl Brazil, Ouen Parker we Erik Ýan Grob hem-de Uilýamsyň özi boldy
17.07.2025 17:25
3.6k+
HBO "Biziň iň soňkymyz" serialynyň üçünji möwsüminiň 2027-nji ýylda çykjakdygyny tassyklady
HBO-nyň we HBO Max-yň kontent boýunça ýolbaşçysy Keýsi Bloýs The Last of Us (“Biziň iň soňkymyz”) serialynyň üçünji möwsüminiň 2027-nji ýylda çykjakdygyny habar berdi. Bu täze möwsümiň çykjak senesiniň ilkinji resmi tassyklamasy boldy diýip, Variety habar berýär
17.07.2025 17:13
12k+
“Meniň belgim. Meniň taryhym”: Ýamal “Barselonada” 10-njy belgini aldy
“Barselonanyň” wingeri Lamin Ýamal 10-njy belginiň täze eýesi boldy. Bu barada ol sosial ulgamlarda habar berip, suratlary bilen paýlaşdy. “Meniň belgim. Meniň taryhym. Meniň syýahatym. x10” – diýip, futbolçy ýazdy
17.07.2025 16:53
16k+
Täze Zelandiýada taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň ilçisi işläp başlady
16-njy iýulda Wellingtondaky Hökümet binasynda Täze Zelandiýanyň general-gubernatory Sindi Kironyň adyna ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky taryhda ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow resmi taýdan akkreditasiýa edildi
17.07.2025 16:42
1.9k+
Raşid Meredow Horwatiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Horwatiýanyň daşary we Ýewropa işler ministri Gordan Grliç-Radman bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär
17.07.2025 14:38
6.2k+
Galaxy S26 Ultra täze ultra-inçe CoE OLED displeýine eýe bolar
Samsung Galaxy S26 Ultra flagman smartfony Color Filter of Encapsulation tehnologiýasyny ulanýan iň täze CoE OLED displeýine eýe bolar. Bu barada Ice Universe hytaý insaýderi habar berdi. CoE OLED beýleki displeýlerden adaty gatlaklaryň deregine reňk süzgüjiniň ulanylýandygy bilen tapawutlanýar
17.07.2025 14:37
11k+
Syýahatçy Kornuollda “ýekeşahyň” kelleçanagyny tapdy
Angliýanyň günorta-günbatarynda, Kornuoll graflygyndaky Tintagel galasynyň harabalygyndan uzak bolmadyk ýerde kanadaly bir syýahatçy maňlaý böleginden bir uly şah çykyp duran kellaçanagy tapdy diýip, Daily Mail habar berýär
17.07.2025 14:35
7.1k+
Amerikaly alymyň pişigi oňa eýýäm ikinji gezek näbelli bir wirusy açmaga kömek etdi
Pepper atly pişik ikinji gezek öý hojaýynyna, Floridadan mikrobiolog Jon Ledniskä täze, ozal ylma belli bolmadyk wirus ştammyny açmaga kömek etdi diýip, Gizmodo habar berýär. Pepper öýe jansyz gyzylguýruk syçany getirdi we Ledniski ony barlaghanada öwrenmek kararyna geldi
17.07.2025 14:33
3.4k+
Sazanda Farrell Uilýams Fransiýanyň iň ýokary baýragyny aldy
Sazanda we Louis Vuitton-yň erkekler hatarynyň direktory Farrell Uilýams Fransiýanyň iň ýokary baýragyny – Hormatly legion ordenini aldy. Bu barada ýurduň hökümetiniň resmi saýtynda habar berilýär. 2023-nji ýylda aýdymçy, prodýuser we telekeçi iň uly fransuz moda öýleriniň birinde erkekler hatarynyň döredijilik direktory wezipesine bellendi
17.07.2025 14:32
3k+
Dünýäde elektromobil satuwy birinji ýarymýyllykda 28% ýokarlandy
2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynda bütin dünýäde 9,1 mln elektromobil satyldy we bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28% köpdür. Şeýle maglumatlary Rho Motion analitikleri berýär. Hytaý satuwy 32% – 5,5 mln elektromobile çenli ýokarlandyryp, iň uly dünýä bazary adyny saklady
17.07.2025 14:30
5.9k+
Galaxy S25 Ultra 2025-nji ýylyň iň gowy smartfony boldy
Tom’s Guide neşiriniň bilermenleri 2025-nji ýylyň iň gowy on smartfonynyň reýtingini düzdi. Sanawda öňdebaryjy Galaxy S25 Ultra boldy. Bilermenleriň pikiriçe, umumy aýratynlyklary boýunça onuň bilen deňleşip biljek ýok
17.07.2025 14:28
3.2k+
Turşudan süýjä: Hytaýda kömürturşy gazyny şekere öwürmegi öwrendiler
Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Týanszin senagat biotehnologiýa institutynyň alymlary kömürturşy gazyny çylşyrymly uglewodlara netijeli öwürmegiň usulyny işläp taýýarladylar. CO₂-ni üýtgetmegiň netijesinde olara fruktoza, glýukoza, amiloza, amilopektin we azyk hem himiki senagatda ulanmak üçin ýaramly bolan beýleki birleşmeleri almak başardýar
17.07.2025 14:27
2.4k+
Kaliforniýada ilkinji gezek elektrik energiýasynyň üçden iki bölegi arassa çeşmeleriň paýyna düşdi
2023-nji ýylda Kaliforniýanyň elektrik energiýasyna zerurlyklarynyň 67%-i arassa energiýanyň hasabyna üpjün edildi. Bu öňdebaryjy dünýä ykdysadyýetleriniň arasynda rekord görkezijidir. Ştatyň gubernatory Gewin Nýusom Kaliforniýanyň federal häkimiýetleriň hereketlerine garamazdan ýaşyl energetikany ösdürmegi dowam etdirjekdigini aýtdy
17.07.2025 13:22
12k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi
16-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjana saparynyň çäklerinde “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we “Sea Breeze” toplumynyň esaslandyryjysy Emin Agalarow garşyladylar
17.07.2025 13:09
10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
16-njy iýulda Azerbaýjanda saparda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy
17.07.2025 12:35
7.1k+
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
16-njy iýulda Baku şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy. Sahiba Gafarowa türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň sessiýalarynyň geçýän ýeri bolan uly mejlisler zaly bilen tanyşdyrdy we degişli maglumatlary berdi
17.07.2025 12:27
7.4k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Geýdar Aliýewi we Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralady
16-njy iýulda Azerbaýjana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna baryp, Geýdar Aliýewiň guburyna gül desselerini goýdy
17.07.2025 12:05
16k+
Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň haýyr-sahawat gaznalarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi
16-njy iýulda Baku şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň arasynda duşuşyk geçirildi
17.07.2025 11:58
4.6k+
Baku şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy
16-njy iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen gepleşikleri geçirdi. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” köşgünde geçirilen duşuşygyň barşynda Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Liderine Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi
17.07.2025 10:30
8.5k+
“Real” Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi Lukas Waskesiň gidýändigini yglan etdi
Madridiň “Realy” 34 ýaşly goragçy Lukas Waskesiň klubdan gidýändigini habar berdi. Ol toparyň düzüminde 23 titul gazandy. “Men “Real Madridi” terk edýärin, ýöne “Real Madrid” meni hiç haçan terk etmez. Men nirä gitsemem, maňa dünýäniň iň gowy toparynda oýnamak miýesser etdi diýip buýsanç bilen aýdaryn
17.07.2025 10:26
7.1k+
Barselona we Kongo DR 44 mln ýewrolyk hemaýatkärlik şertnamasy barada ylalaşýar
“Barselona” futbol kluby Kongo Demokratik Respublikasy bilen dört ýyllyk hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşmaga ýakyn. Bu barada Mundo Deportivo neşiri habar berýär. Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, klub her ýyl 11 mln ýewro alar
17.07.2025 10:18
8.4k+
«Real» eşiginde ýerleşdirýän mahabatdan iň köp girdeji gazanýan klub bolup çykdy
Madridiň «Realy» oýun eşiklerinde mahabaty ýerleşdirmekden gazanýan girdejisi boýunça dünýäniň futbol klublarynyň arasynda birinji orny eýeleýär. Bu barada Ispaniýanyň Marca gazeti habar berýär. Neşiriň maglumatyna
16.07.2025 18:19
5.8k+
Mask Starship-iň onunjy uçuşynyň senesini aýtdy. Soňky gezek tizleşdiriji ýarylyp, gämi ýanypdy
SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Ilon Mask Starship kosmos gämisiniň täze synag uçuşyny yglan etdi. Milliarder X sosial ulgamyndaky sahypasynda Starship-iň prototipiniň onunjy uçuşynyň, takmynan, ýene üç hepdeden, ýagny awgust aýynyň başynda boljakdygyny ýazdy
16.07.2025 18:17
10k+
Jeýk Pol iň uly şüweleňiň guramaçysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Amerikaly bloger we boksçy Jeýk Pol bir wagtyň özünde 20 çempionlyk ady (şol sanda wagtlaýyn atlary hem goşmak bilen) orta goýlan boks şüweleňini gurandygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada Nýu-Ýorkda (ABŞ) bolan ýaryşdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda habar berildi
16.07.2025 17:45
7.8k+
“Mançester Siti” Puma bilen APL-iň taryhynda iň uly hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy
"Mançester Siti" toparyň tehniki hemaýatkäri Puma brendi bilen hyzmatdaşlygyny 2034/35 möwsümine çenli uzaltdy diýip, Manchester Evening News habar berýär. Täze şertnama ýylda 100 million ýewro düşýär diýip, çeşme habar berýär
16.07.2025 17:43
4.8k+
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” kinoremeýki onlaýn çykdy
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) filmi kinoteatrlarda görkezilip başlanandan bir ýarym aý soň onlaýn görnüşde çykdy. Film öz taýpasy wikingleriň aždarhalar bilen tükeniksiz söweşinden ýadan ýetginjek Ikkingiň (Hiccup) wakasyny gürrüň berýär
16.07.2025 13:49
7.6k+
Türkmen talyplary Rumyniýada Kluj-Napoka Tehniki uniwersitetinde tejribelik geçýärler
1-nji iýulyndan 21-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 14 talyby we 2 mugallymy Rumyniýada Kluj-Napoka Tehniki uniwersitetinde tomusky tejribelik maksatnamasyna gatnaşýarlar
16.07.2025 13:39
3.9k+
Endrýu Garfild OpenAI kompaniýasyndaky dawa baradaky filmde Sem Altmanyň keşbini oýnar
“Möý adam” filminiň ýyldyzy Endrýu Garfild täze “Emeli” (Artificial) dramedisinde Sem Altmanyň keşbini ýerine ýetirer. Filme Luka Guadanino režissýorlyk eder diýip, Variety habar berýär. OpenAI-iň egindeş esaslandyryjysy we baş ylmy işgäri Ilýa Suskeweriň keşbini Ýura Borisow oýnar
16.07.2025 13:34
5.2k+
Bawariýanyň galalary, Karnak megalitleri we Minos köşkleri ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi
ÝUNESKO Bütindünýä mirasynyň sanawyna täze desgalary, şol sanda Fransiýadaky Karnak megalitlerini, Germaniýadaky patyşa Lýudwig II-niň galalaryny we Kritdäki Minos köşk toplumlaryny goşdy. Çözgüt ylmy gözlegler we tanyşdyryşlar bilen birlikde berlen arzalar gözden geçirilenden soň kabul edildi
16.07.2025 13:28
7.2k+
Grenlandiýada 3 km buzuň astyndan gadymy tundranyň galyndylary tapyldy. Ol ýerde haşhaş, moh we hatda leýlisaç ösüpdir
Grenlandiýanyň köp bölegi buz we gar bilen örtülendir, şonuň üçin adanyň ady şoňa ýaňzydylyp goýlan. Emma bu hemişe beýle bolmandyr. Alymlar üç kilometrlik buz gatlagynyň astyndan gadymy tundra ekoulgamynyň yzlaryny tapdylar
16.07.2025 12:55
6.4k+
Hermés-den iň gymmat Birkin ýantorbasyny satyn alyjynyň ady belli boldy
Sotheby’s auksionynda Hermés Birkin ýantorbasy üçin kimiň rekord 8,58 mln ýewro (10 mln dollar) töländigi belli boldy. Bu torba indi Allu ýapon kompaniýasynyň başynda duran Valuence Japan kompaniýasyna degişlidir
16.07.2025 12:48
2.7k+
Apple wintaž we könelişen enjamlaryň sanawynyň üstüni ýetirdi
Apple kompaniýasy birnäçe Mac, iPhone we iPad modellerini goşmak bilen, wintaž we könelişen önümleriniň sanawyny artdyrdy diýip, kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan MacRumors habar berýär. Wintaž enjamlarynyň hataryna korpusynyň şekilinden hem tanalýan 2013-nji ýylyň Mac Pro-sy goşuldy
16.07.2025 12:42
8.6k+
Ýaponiýanyň Tokara adalarynda 3 hepdäniň içinde 2000-den gowrak ýertitremesi bolup geçdi
Ýaponiýanyň uzakdaky Tokara adalarynda soňky üç hepdäniň dowamynda 2000-den gowrak ýertitremeleri bolup geçdi. Käbir ýer yranmalarynyň magnitudasy 5 baldan geçdi. Bu barada Ýaponiýanyň Meteorologiýa guramasy habar berdi
16.07.2025 12:27
8.7k+
Wengriýanyň iň köne kitaphanasynda agaç tomzaklary ýüz müňlerçe seýrek kitaplara hüjüm etdi
Wengriýanyň iň gadymy kitap toplumy bolan Pannonhalmadaky orta asyr monastyr kitaphanasynyň işgärleri agaç tomzagy zerarly zeper ýeten 100 000 töweregi seýrek kitaplary gyssagly dezinseksiýa etmeklige girişdiler
«
1
…
234
235
236
…
1118
»
«
1
…
231
232
233
234
235
236
237
238
239
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.