Raşid Meredow Botswananyň halkara gatnaşyklar ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

17.07.2025, 18:202,673

16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Botswana Respublikasynyň halkara gatnaşyklar ministri Penýo Butale bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.