Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
10.07.2025 18:45
3.5k+
Mattel kompaniýasy 1-nji görnüşli süýjüli diabetli «Barbie» gurjagyny çykardy
Mattel kompaniýasy taryhda ilkinji gezek 1-nji görnüşli diabetli (süýji kesel) Barbie gurjagyny hödürledi diýip, The Guardian neşiri habar berýär. Täze gurjak «Breakthrough T1D» atly täjirçilik däl gurama bilen bilelikde taýýarlanyp, ol çagalaryň özleri bilen oýunjaklaryň arasynda bir umumylyk tapyp bilmegi üçin döredilipdir
10.07.2025 18:17
13k+
FIFA milli ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Türkmenistan iki orun ýokary galdy
Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) täzelenen reýtinginde iki orun ýokary galdy. Indi topar 1092,4 bal (+16,27) bilen 140-njy orny eýeleýär. Türkmenistanyň milli ýygyndysyna sanawdaky ornuny ýokarlandyrmaga 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň saýlama ýaryşynyň oýnundaky ýeňiş kömek etdi: 10-njy iýunda topar Tailandyň milli ýygyndysyny 3:1 hasabynda utdy
10.07.2025 18:00
6.1k+
Tramp misiň importyna 50% gümrük pajyny girizdi: metalyň bahasy rekord täzeledi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp misiň importyna 50 göterimlik gümrük paçlarynyň girizilýändigini mälim etdi. Täze çäreler 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyndan güýje girer diýip, «Reuters» agentligi habar berýär. «Milli
10.07.2025 15:46
6.1k+
“Red Bull” “Formula-1-iň” toparynyň ýolbaşçysyny Werstappen bilen dawadan soň işden çykardy
Kristian Horner “Red Bull Reýsing” toparynyň ýolbaşçysy wezipesinden aýryldy we baş direktoryň wezipe borçlaryndan boşadyldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi. KHBS-iň maglumatlaryna görä, britaniýalynyň işden çykarylmagynyň sebäbi onuň toparyň esasy sürüjisi Maks Werstappen bilen uzaga çeken dawasy we häzirki möwsümde şowsuz netijeler boldy
10.07.2025 14:09
14k+
Karlo Ançelotti salgyt tölemändigi üçin bir ýyl tussaglyga höküm edildi
Madridiň Ýokary kazyýeti Madridiň “Realynyň” öňki baş tälimçisi Karlo Ançelottini salgyt tölemändigi bilen bagly iş boýunça bir ýyl tussaglyga höküm etdi. Bu barada kazyýet çözgüdiniň tekstine salgylanyp, TASS habar berýär
10.07.2025 14:06
5.5k+
Apellýasiýa kanagatlandyryldy: «Liona» Fransiýanyň 1-nji Ligasynda galmaga rugsat berildi
Fransiýanyň «Lion» futbol kluby ýurduň çempionatynyň ýokary ligasynda galmagy başardy. Milli administratiw gözegçilik departamentiniň (DNCG) topary 2-nji Liga düşürmek baradaky kararyna garşy berlen apellýasiýa kanagatlandyryldy
10.07.2025 14:01
4.5k+
X-iň baş direktory Ýakkarino işden gitdi. MrBeast bu wezipä özüni hödürledi
X (öňki Twitter) sosial ulgamynyň baş direktory Linda Ýakkarino kompaniýadan gidýändigini habar berdi. “Men iki ýyldan soň X-iň baş direktory wezipesinden gitmek kararyna geldim. Haçan-da biz Ilon Mask bilen ilkinji gezek X-iň geljegi barada gürrüňdeş bolanymyzda, men munuň kompaniýanyň ajaýyp missiýasyny durmuşa geçirmek üçin gowy mümkinçilik boljakdygyna düşündim
10.07.2025 12:05
1.6k+
Windows 11-de öňünden ornaşdyrylan programmalary öçürmek ýeňilleşdirildi
Insider Preview maksatnamasy arkaly paýlanyp başlanan Windows 11-iň 25H2 wersiýasynda, öňünden ornaşdyrylan programmalary ýeňil öçürmäge mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu täzelik ulgamyň resmi täzelenmesi çykarylansoň, diňe Pro wersiýasyny ulanýanlar üçin elýeterli bolar
10.07.2025 11:41
3.4k+
Alymlar Ýerde Merkuriniň ilkinji bölekleriniň tapylandygyny habar berdiler
Afrikada tapylan iki meteorit Merkuriý planetasynyň ylma mälim bolan ilkinji bölekleri bolup çykdy. Bu barada Icarus ylmy žurnaly habar berýär. Eger ylmy çaklama tassyklansa, bu Ýerde Güne iň golaý planetanyň meteoritleriniň tapylmagyna degişli ilkinji ýagdaý bolar
10.07.2025 11:35
6.1k+
ESA kosmosdan Ortaýer deňziniň näderejede gyzýandygyny görkezdi
Ýewropadaky aşa yssy howa hatda kosmosdan hem aýdyň görünýär. Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Ortaýer deňzi sebitindäki gury ýerleriň we suwuň üstki temperaturasynyň ýokarlanýandygyny görkezýän emeli hemra suratyny çap etdi
10.07.2025 11:19
3.8k+
Keniýada kömürturşy gazyny karbonatlara öwürýän agaç tapyldy
Ýewropanyň we Keniýanyň alymlary Gündogar Afrikada ösýän injir agajynyň bir görnüşi bolan Ficus wakefieldii-niň kömürturşy gazyny özüne siňdirip, onuň toprakda karbonat ýataklary görnüşinde saklamaga ukyplydygyny anykladylar
10.07.2025 11:09
8.6k+
Kesar kesimi arkaly doglan çagada akganlylygyň döremek töwekgelçiligi 20% ýokarlanýar
Şwesiýanyň Karolinska institutynyň (KI) alymlary garny kesip almak arkaly doglan çagalarda akganlylygyň döremek ähtimallygynyň tebigy ýol bilen dünýä inen çagalar bilen deňeşdirilende, takmynan, 20% ýokarydygyny anyklady
10.07.2025 10:58
3.1k+
Samsung saglyk datçikleriniň uly toplumy bilen smart-sagatlarynyň täze hataryny görkezdi
Galaxy Unpacked 2025 çäresinde Samsung kompaniýasy akylly sagatlaryň täze neslini hödürledi – Galaxy Watch8, Watch8 Classic we Watch Ultra (2025). Esasy model Galaxy Watch8 40 mm we 44 mm korpusly wersiýalarda elýeterli bolar
10.07.2025 10:55
3k+
Samsung flagman kitapça smartfony Galaxy Z Fold 7-ni hödürledi
9-njy iýulda geçirilen Samsung Unpacked çäresinde Samsung kompaniýasy çeýe Galaxy Z Fold7 smartfonyny hödürledi. Flagman öňki modelden inçe, ýeňil we kuwwatly boldy. Smartfon güýçli kamera, uly displeý we emeli aň funksiýalary bilen üpjün edildi
10.07.2025 10:53
3.3k+
Samsung täze eplenýän Galaxy Z Flip7 we Flip7 FE smartfonlaryny hödürledi
Galaxy Unpacked tanyşdyrylyş dabarasynda Samsung kompaniýasy täze eplenýän Galaxy Z Flip7 we Galaxy Z Flip7 FE smartfonlaryny hödürledi. Galaxy Z Flip7 flagman modeliniň esasy aýratynlygy ulaldylan daşky displeý boldy – indi onuň diagonaly öňki 3,4 dýuým bilen deňeşdirilende 4,1 dýuým boldy
10.07.2025 10:35
2.8k+
Nvidia bazar bahasy 4 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy
9-njy iýulda Nvidia bazar bahasy 4 trln dollardan geçen taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy. Nasdaq söwdasynda amerikan mikroçip öndürijisiniň paýnamalary bir paý üçin 164,2 dollara ýetdi, bu hem kompaniýa öň ýetilmedik görkezijä ýetmäge mümkinçilik berdi
10.07.2025 10:14
10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow "Awazadaky" Kongresler merkeziniň halkara maslahata taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy
9-njy iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kongresler merkezine baryp gördi. Bu ýerde awgust aýynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde dürli derejedäki duşuşyklar geçiriler
10.07.2025 09:57
11k+
“PSŽ” 24 minutda “Realyň” bellisini edip, Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykdy
“PSŽ” fransuz kluby futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynda Madridiň “Realyny” uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Ist-Raterfordda (Nýu-Jersi ştaty) geçirilen oýun 4:0 hasabynda tamamlandy
09.07.2025 20:12
5.7k+
Twitter-iň döredijisi internetsiz işleýän Bitchat atly messenjeri işe girizdi
Twitter bilen Bluesky-yň esaslandyryjylaryndan biri bolan Jek Dorsi internet baglanyşygy bolmasa-da işleýän merkezleşdirilmedik Bitchat atly täze messenjeriň beta wersiýasyny hödürledi. Goşundy hatlary enjamlaryň arasynda geçirmek üçin Bluetooth Mesh tehnologiýasyndan peýdalanýar
09.07.2025 20:08
2.5k+
Google emeli aňyň kömegi bilen düwnük keseline garşy derman taýýarlaýar
Alphabet holdinginiň düzümine girýän Isomorphic Labs kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryny ulanyp, düwnük keseline garşy derman serişdesini işläp taýýarlaýar. Bu barada Fortune neşiri habar berýär. Kompaniýanyň
09.07.2025 20:06
7.1k+
Gonkongda Kriştianu Ronaldunyň wagtlaýyn muzeýi açyldy
Gonkongda saud “Al-Nasrynyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronalduwa bagyşlanan wagtlaýyn muzeý açyldy. Bu barada Blooloop habar berýär. Muzeý K11 çeperçilik-medeni merkezinde ýerleşýär
09.07.2025 19:57
6.2k+
Artist Gallery Awards 2025 foto bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Artist Gallery Awards 2025 foto bäsleşiginiň emin agzalary ýaryşda ýeňiş gazanan fotosuratlaryň adyny mälim etdiler. Bäsleşige gatnaşan suratlar tebigatyň gözelligini we dartgynly pursatlaryny özünde jemleýär. Her bir surat haýwanat dünýäsinden özboluşly wakany beýan edýär, şol sanda jandarlaryň durmuşyndaky şatlykly, kynçylykly, dartgynly ýa-da howsalaly ýagdaýlary açyp görkezýär
09.07.2025 19:53
5.2k+
“Alaňyň” üçünji bölümi düşürilip başlandy. Filmiň resmi ady yglan edildi
Legendary studiýasy “Alaňyň” üçünji bölüminiň düşürilip başlanandygyny habar berdi. Deni Wilnýowyň ylmy-fantastiki wakasynyň üçünji filmi “Alaň: Üçünji bölüm” (Dune: Part Three) adyny aldy. Taslama bu at bilen kino auditoriýasy barada maglumatlary ýygnamak we seljermek bilen meşgullanýan Rentrak analitiki kompaniýasynyň bazasynda peýda boldy
09.07.2025 19:37
2.1k+
“Garfild kinoda” multfilminiň dowamy çykar
Sony Pictures we Alcon Entertainment kompaniýalary “Garfild kinoda” multfilminiň dowamyny taýýarlamak işleriniň başlanandygyny habar berdi. Gürleýän pişige ýene-de Kris Pratt ses berer. Multfilmiň dowamyny düşürmek işleri birinji bölüm çykandan bir ýyldan gowrak wagt soň tassyklandy
09.07.2025 14:16
3.9k+
Trump Media kompaniýasy Netflix-iň bäsdeşi boljak Truth+ akym hyzmatyny işe girizdi
Trump Media kompaniýasy özüniň Truth+ akym hyzmatynyň dünýä derejesinde işe başlandygyny habar berdi. Häzirki wagtda platformadaky göni ýaýlymlar we wideo mazmun mugt elýeterlidir. Abuna ýazylmak barada maglumat ýok diýip, Reuters ýazýar
09.07.2025 14:12
7.7k+
Ýaponiýada 145 müň dollardan BMW M3 CS Touring-iň ýörite wersiýasy satylýar
BMW Ýaponiýada “zarýadlanan” M3 CS Touring uniwersalyny satyp başlady. Ýerli bazar üçin bary-ýogy 30 sanysy bölünip berildi. Bu diňe ýapon bazary üçin niýetlenen, seýrek duş gelýän M seriýaly modelleriň biriniň ruly sag tarapdaky wersiýasydyr
09.07.2025 14:08
15k+
Mbappe psihologik basyş edilmegi babatda “PSŽ”-nyň üstünden ýazan arzasyny yzyna aldy
Fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe öňki kluby bolan “Pari Sen-Žermene” üstünden beren kazyýet arzasyndan özüne psihologik basyş edilmegi babatdaky bölegi yzyna aldy diýip, L'Equipe habar berýär. Futbolçy "ünsüni sport meselelerine jemlemek" üçin şeýle karara geldi
09.07.2025 14:00
11k+
Toyota düýbünden täze benzin hereketlendirijilerini hödürledi: öňküden ýeňil hem kuwwatly
Toyota zyňyndylary azaltmaklyga we kuwwatyny ýitirmezden, ýangyç tygşytlylygyny ýokarlandyrmaklyga gönükdirilip döredilen benzin hereketlendirijileriniň täze maşgalasyny hödürledi. Bu işläp taýýarlama entek doly elektrikli ulaglara geçmäge taýyn bolmadyk sürüjilere niýetlenendir
09.07.2025 13:57
3.3k+
Implant ysmaz syçanlaryň hereketini dikeltmäge kömek etdi
Barlagçylar adamlarda we haýwanlarda oňurga ýiliginiň şikeslerini bejermegiň täsirli usulyny döretmäge bir ädim ýakynlaşdylar. Oklend uniwersitetiniň (Täze Zelandiýa) alymlary ysmaz alakalarda hereket funksiýalaryny dikeldýän minimal inwaziw tehnologiýany işläp düzdüler
09.07.2025 13:38
4.7k+
Hereketlendirijisindäki näsazlyk zerarly milliona golaý Peugeot, Citroen we Opel ulaglary yzyna ýygnalýar
Stellantis konserni BlueHDi dizel hereketlendirijilerinde gaz paýlaýjy mehanizm zynjyrynyň wagtyndan öň könelýändigi sebäpli Ýewropada awtoulaglary köpçülikleýin yzyna çagyrmak kampaniýasyny başlatdy. Hyzmat kampaniýasy 2017-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2023-nji ýylyň ýanwaryna çenli öndürilen alty brende - Peugeot, Citroen, Opel, Vauxhall, DS we Fiat modellerine degişli
09.07.2025 13:33
10k+
Hytaýyň täze lazerli enjamy çybynlary üç millisekuntda ýok edýär
Hytaýda Photon Matrix atly enjam döredildi. Bu enjam çybynlary üç millisekundyň dowamynda tapyp, aralygy kesgitläp, lazer arkaly ýok edýär diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär. Işläp düzüjileriň maglumatlaryna görä, enjam bir sekuntda 30-a çenli çybyny ýok edip bilýär
09.07.2025 13:12
11k+
ABŞ-da göz şekilli penjireleri bolan üýtgeşik myhmanhana guruldy
Denwer amerikan şäheriniň merkezinde fasady ýüzlerçe “göz” şekilinde ýerine ýetirilen üýtgeşik Populus myhmanhanasy açyldy. Binagärlik taslamasy Studio Gan studiýasy tarapyndan durmuşa geçirildi we diňe bir täsin dizaýny bilen däl, eýsem gurluşyga ekologik çemeleşmesi bilen tapawutlanýar diýip, ArchDaily ýazýar
09.07.2025 12:26
2.7k+
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” filmi 15-nji iýulda Internetde çykar
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) filminiň remeýkiniň sanly görnüşi 15-nji iýulda Internetde çykar diýip, When to Stream neşiri ýazýar. Onlaýn görnüşdäki premýerasy film kinoteatrlarda görkezilenden bir aý soň bolar
09.07.2025 12:22
4.8k+
“Mançester Ýunaýted” Amazonyň klub hakynda 10 mln funt sterlinglik dokumental film düşürmek teklibini ret etdi
"Mançester Ýunaýted" şertnamanyň bahasynyň 10 million funt sterlingdigine garamazdan, Amazonyň klub barada dokumental film düşürmek baradaky teklibinden ýüz öwürdi diýip, The Athletic habar berýär. Çeşmäniň habaryna görä, Amazon bilen gepleşikler geçen möwsümiň ikinji ýarymynda birnäçe aýlap geçirilipdi
09.07.2025 11:47
2.1k+
Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan ozduryp, dünýäde iň meşhur OS boldy
2025-nji ýylyň iýulynda Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan öňe geçip, stolüsti kompýuterler üçin iň köp ulanylýan operasion ulgam boldy. StatCounter-iň berýän maglumatlaryna görä, Windows 11 häzirki dünýä bazarynyň 52%-ini eýeledi, Windows 10-yň paýy bolsa 44,59%-e çenli azaldy
09.07.2025 11:39
7.5k+
“Çelsi” Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykdy, ol “Real” ýa-da “PSŽ” bilen duşuşar
Londonyň “Çelsisi” 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionaty ýaryşynyň ilkinji finalçysy boldy. Ol ýarym finalda Braziliýanyň “Fluminense” toparyny 2:0 hasabynda utdy. Oýun Ist-Raterforddaky (ABŞ) “Metlaýf” stadionynda geçirildi
09.07.2025 11:18
3.4k+
“Barselona” 35 ýaşly Woýseh Şensny bilen şertnamany 2027-nji ýyla çenli uzaltdy
“Barselona” polşaly derwezeban Woýseh Şensny bilen täze şertnama baglaşdy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. 35 ýaşly futbolçy bilen şertnama 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Şensny katalon toparyna 2024-nji ýylyň oktýabrynda – karýerasyny tamamlandygyny yglan edenden iki aý soň goşuldy
09.07.2025 11:12
2.3k+
Türkmenistanyň Prezidenti Argentinany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Argentinanyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hawýer Herardo Mileýe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi
09.07.2025 11:02
12k+
Gurbanguly Berdimuhamedow awgustda “Awazada” geçiriljek halkara maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi
8-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary Balkan welaýatyna bilen ugrady. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi
09.07.2025 10:38
6.8k+
Billi Aýliş 400 müň futbolkany gaýtadan işlemäge iberer
Billi Aýlişiň öňki konsert syýahatlaryndan 400 müň töweregi ulanylmadyk futbolka 280 müň sany täze önüm döretmek üçin gaýtadan işlener. Bu barada Fast Company habar berýär. Taslama artistler bilen bagly egin-eşikleriň we ýadygärlik sowgatlarynyň satuwyna jogap berýän Universal Music Group kompaniýasynyň Bravado bölümçesi tarapyndan durmuşa geçiriler
«
1
…
239
240
241
…
1118
»
«
1
…
236
237
238
239
240
241
242
243
244
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.