Google emeli aňyň kömegi bilen düwnük keseline garşy derman taýýarlaýar

09.07.2025, 20:082,530

Alphabet holdinginiň düzümine girýän Isomorphic Labs kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryny ulanyp, düwnük keseline garşy derman serişdesini işläp taýýarlaýar. Bu barada Fortune neşiri habar berýär.

Kompaniýanyň prezidenti we Google DeepMind-yň işewürlik müdiri Kolin Merdogyň aýtmagyna görä, derman serişdesini taýýarlamak işleri birnäçe ýyl bäri dowam edýär we ýakyn wagtda kliniki synaglara başlamak meýilleşdirilýär.

“Indiki möhüm ädim – bu adam organizmine goýberip başlamagy göz öňünde tutýan kliniki synaglar” – diýip, Merdok belledi.

Isomorphic Labs ozal Alphabetiň EA-a ýöriteleşen bölümçesi Google DeepMind-yň düzümine girýärdi. Kompaniýa beloklaryň gurluşyny ýokary takyklyk bilen çaklap biljek emeli aň ulgamyny döretdi, bu hem täze derman serişdelerini döretmek işini ep-esli çaltlaşdyrýar.
2024-nji ýylda Isomorphic Labs kompaniýasy Novartis we Eli Lilly farmasewtika kompaniýalary bilen gözleg şertnamalaryny baglaşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.