Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
07.07.2025 11:53
11k+
Zenanlaryň arasynda FIDE-niň Kubogynda Türkmenistandan ilkinji bolup Lala Şöhradowa ýaryşa başlady
Türkmenistandan zenan küştçüler ilkinji gezek zenanlaryň Küşt boýunça Dünýä Kubogyna gatnaşýar. Zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussady 19 ýaşly Lala Şöhradowa 2025-nji ýylyň 5–29-njy iýuly aralygynda Batumide (Gruziýa) geçirilýän ýaryşa gatnaşýar
07.07.2025 11:34
2.9k+
Xiaomi "Smart Audio Glasses" akylly äýnek-gulaklyklarynyň global satuwyna başlady
Xiaomi dünýä bazarynda Günden goraýan äýnekleriň we açyk görnüşli Bluetooth-gulaklyklaryň funksiýalaryny birleşdirýän Smart Audio Glass-y satyp başlady diýip, Gizmochina habar berýär. Model ýaňy basyş we ses zolagyny emele getiriş algoritmli SLS0820 ultrases dinamikleri bilen enjamlaşdyrylandyr, bu sesiň daşyna çykmazlygyny üpjün edýär
07.07.2025 11:28
4k+
BAE TONcoin-a maýa goýýanlara 10 ýyllyk "altyn wizalary" berip başlady
Birleşen Arap Emirlikleri Toncoin blokçeýn platformasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän täze maksatnama arkaly on ýyllyk altyn wiza almak mümkinçiligini hödürledi. Wiza almak üçin ýüz tutýan adam üç ýyl möhlet bilen azyndan 100 müň dollary TON belgilerine goýmaly
07.07.2025 11:22
2.1k+
“Maklareniň” sürüjisi Lando Norris Beýik Britaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
“Maklareniň” sürüjisi Lando Norris 6-njy iýulda Silwerstounyň ýaryş ýolunda geçirilen Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryşyň soňky aýlawlarynda Norris 10 sekuntlyk jerime alan topardaşy Oskar Piastriniň pit-stopyndan soň öňdebaryjylyga çykdy
07.07.2025 11:08
14k+
Senegalda repçi Eýkonyň futuristik şäher taslamasy ýatyryldy
Senegalda Akon City futuristik şäheriň gurluşygy resmi taýdan ýatyryldy. Munuň sebäbiniň maliýe ýetmezçiligi we gurluşyk işleriniň togtadylmagy bilen baglanyşyklydygyny ýerli wezipeli adamlaryň sözlerine salgylanýan Bi-bi-si habar berýär
07.07.2025 10:59
8k+
Parižde 1923-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Senada suwa düşmäge rugsat berdiler
Fransiýanyň paýtagtynda 1923-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Sena derýasynda suwa düşmäge resmi taýdan rugsat berildi. 5-nji iýuldan başlap parižliler we şäheriň myhmanlary üç sany ýörite enjamlaşdyrylan ýerde suwa düşüp bilerler diýip, France 24 habar berýär
07.07.2025 10:53
4k+
Astronomlar ilkinji gezek goşa supernowa partlamasynyň «barmak yzyny» surata aldylar
Çilidäki Ýewropanyň günorta obserwatoriýasynyň (ESO) Örän uly teleskobyndan (VLT) peýdalanan astronomlar «Ia» görnüşli ýaş supernowa galyndysy bolan SNR 0509-67.5-iň suratyny aldylar. Onuň ýaşynyň 300-350 ýyl aralygyndadygy çaklanýar
07.07.2025 10:47
4.4k+
Messi we adidas täze Superstar krossowkasyny çykardy
Futbolçy Lionel Messi adidas brendi bilen täze hyzmatdaşlygyny – iki reňkde Superstar krossowkasyny hödürledi. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Modelleriň biri Messiniň 2023-nji ýyldan bäri çykyş edýän “Inter Maýami” klubundan ylham alýar
07.07.2025 10:42
2.8k+
Chevrolet Silverado we GMC Sierra pikaplary üçegiň howpsuzlyk ýassyklaryndaky näsazlyk sebäpli yzyna gaýtarylýar
General Motors üçege gurnalan gapdal howpsuzlyk ýassyklarynyň çişirilýän modullary bilen bagly bolup biljek näsazlyk sebäpli 2018-2019-njy ýyllaryň Chevrolet Silverado we GMC Sierra pikaplarynyň yzyna ýygnalýandygyny habar berdi
07.07.2025 10:18
12k+
+43 gradusa çenli yssy: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (07.07 - 13.07)
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az-kem bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 12 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser
06.07.2025 20:51
15k+
Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine we Aşgabadyň lukmançylyk edaralaryna iş saparyny amala aşyrdy
5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Uçuşyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň çäklerinde bar bolan we täze gurulýan saglyk merkezleriniň ýagdaýy, olaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň derejesi bilen tanyşdy
06.07.2025 20:34
9.7k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary boýunça maslahatlaryny berdi
5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäginde gurluşyk toplumyna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýer B
06.07.2025 20:16
12k+
Arheologlar 50-nji ölçegdäki rim aýakgabyny tapdy
Arheologlar Britaniýanyň demirgazygyndaky Nortumberlend graflygynda ýerleşýän Magna rim galasyndaky gazuw-agtaryş işlerinden soň özboluşly tapyndy barada habar berdi. Rimliler tarapyndan zibil ýeri hökmünde ulanylan gorag garymynda 32 jübüt deri aýakgaby tapyldy
06.07.2025 20:11
12k+
UEFA “Çelsä” €31 mln, “Barselona” €15 mln jerime saldy
Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) “Çelsä”, “Barselona” we ýene on kluba maliýe fair play düzgünlerini berjaý etmändigi üçin jerime saldy. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Klublaryň maliýe gözegçilik edarasynyň (CFCB) birinji palatasy London klubuna 31 mln ýewro, katalon klubuna bolsa 15 mln ýewro jerime saldy
06.07.2025 20:08
10k+
Täzelenen Toyota HiLux ilkinji gezek rozetkadan zarýad alýan görnüşde we 8 basgançakly karobka bilen çykar
Toyota kompaniýasy HiLux pikabynyň täze plagin gibrid (PHEV) wersiýasyny taýýarlaýar. Ýapon çeşmeleriň ýazmagyna görä, bu modeliň elektrikleşdirilmegine gönükdirilen ilkinji ädim bolar we Ford Ranger PHEV hem-de BYD Shark 6 ýaly bäsdeşlere gönüden-göni jogap hökmünde çykarylar
06.07.2025 20:05
16k+
77 ýaşly amerikaly aýal öýüni satyp, syýahatçylyk gämisinden 15 ýyllyk ýer satyn aldy
Kaliforniýanyň 77 ýaşly ýaşaýjysy Şeron Leýn öýüni satyp, Villa Vie Odyssey kruiz gämisinde ýaşamaga göçdi. Ol bu ýerde geljek 15 ýyly geçirmegi meýilleşdirýär. Onuň wakasyny NBC Los Angeles we CNN gürrüň berdi
06.07.2025 19:52
12k+
Mask täze partiýa döredip, ony “Amerika” diýip atlandyrdy
Dünýäniň iň baý adamy, Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask “Amerika” ady bilen täze syýasy partiýany döredendigini aýtdy. Bu barada ol 5-nji iýulda ulanyjylaryň arasynda geçirilen ses berişligiň jemi boýunça X sosial ulgamynda habar berdi
06.07.2025 15:52
11k+
ABŞ-da gulçylygy ýatyrmak baradaky resminama 13,7 mln dollara satyldy: ony milliarder Kennet Griffin satyn aldy
Milliarder Kennet S. Griffin Sotheby’s auksionynda ABŞ-nyň Konstitusiýasyna girizilen 13-nji düzedişiň Awraam Linkoln tarapyndan gol çekilen golýazmasyny satyn aldy. Gul eýeçiligini ýatyran resminama 12 mln dollara satyldy, auksionyň komissiýalary hem goşulanda, geleşigiň umumy mukdary 13,7 mln dollar boldy
06.07.2025 15:46
11k+
ABŞ-da mallary goramak üçin milliardlarça tohumsyz siňekler köpeldiler
ABŞ-nyň hökümeti Tehasda we Meksikada et senagatyny Amerikanyň tropik et siňeginiň (Cochliomyia hominivorax) zabun liçinkalaryndan halas etmek üçin uly taslamany durmuşa geçirip başlady. Bu siňekler mallaryň ýarasynda ýumurtga taşlaýarlar, bu bolsa iri şahly mallaryň kesellemegine we ölmegine sebäp bolup bilýär
06.07.2025 15:43
2.9k+
ABŞ-ly alymlar robotlara gutynyň içindäki predmetleri görmegi öwretdiler
Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary ammar robotlaryna karton gutularyň, plastmassa gaplaryň içinde ýa-da ýuka diwarlaryň aňyrsyndaky predmetleri ýokary takyklykda kesgitlemäge mümkinçilik berýän mmNorm tehnologiýasyny döretdiler
06.07.2025 15:41
3.9k+
Tesla-nyň satuwy 13% pese gaçdy, kompaniýa kyn döwri başdan geçirýär
2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde Tesla 384 122 awtomobil satdy, bu bir ýyl ozalkydan 13% azdyr. Kompaniýa yzygider ikinji çärýek satuwyň pese gaçmagy bilen ýüzbe-ýüz bolar. Ösüşe gaýdyp gelmek üçin, kompaniýa ýylyň ikinji ýarymynda tas 110 000 ulag artyk satmaly diýip, Bloomberg ýazýar
06.07.2025 15:06
1.9k+
Apple Watch Ultra 3 hemra aragatnaşygy we 5G goldawy bilen çykar
Apple kompaniýasy Watch Ultra 3 smart-sagadyny 2025-nji ýylyň güýzünde çykarmaga taýynlyk görýär. Bloomberg agentliginiň žurnalisti Mark Gurmanyň habaryna görä, täze model hemra aragatnaşygyny we 5G torlaryny goldar
06.07.2025 15:03
12k+
Heopsyň piramidasynda hakyky gurluşykçylaryň atlary tapyldy, olar gul däl bolup çykdy
Arheologlar Heopsyň piramidasynda ozal näbelli ýazgylary tapdylar, bu onuň gurluşykçylarynyň gelip çykyşyny anyklamaga kömek edýär diýip, Daily Mail ýazýar. Müsüri öwreniji alym Zahi Hawassyň berýän maglumatlaryna görä, täze açyşlar gadymy grek awtorlarynyň piramidany 100 müň sany gullaryň gurandygy baradaky tassyklamany ýalana çykarýar
06.07.2025 14:56
2.3k+
Xerox çap enjamlary bazarynda çökgünlikden halas bolmak üçin Lexmark kompaniýasyny $1,5 mlrd dollara satyn aldy
Xerox kompaniýasy Lexmark kompaniýasyny 1,5 milliard dollara satyn alyp, ofis çap tehnologiýalary boýunça tanalýan iki brendi bir kompaniýanyň düzüminde birleşdirdi. Bu birleşme ulanyjylaryň sanly çözgütlere geçýändigi sebäpli, çap işlerine bolan islegiň peselen döwründe bolup geçdi
06.07.2025 14:52
2.6k+
iOS 26-da ulanyjy uka giden wagty nauşnikler awtomatik ýagdaýda öçer
iOS 26 operasion ulgamynda eger-de ulanyjy aýdym ýa-da islendik bir mazmun diňleýän wagty uklap galsa, AirPods we Beats nauşniklerini awtomatiki usulda öçürýän funksiýa peýda bolar. Bu mümkinçilik ýatmazdan öň aýdym, audiokitap ýa-da podkast diňleýänler üçin peýdalydyr
06.07.2025 14:49
3.5k+
ABŞ-da millionlarça dollar sarp edilen kosmos ýadro reýderi taslamasy ýapyldy
ABŞ-nyň Goranmak boýunça geljekki barlag taslamalary gullugy (DARPA) NASA bilen kosmos termiki ýadro hereketlendirijisini (NTP) döretmek baradaky bilelikdäki taslamany ýatyrdy. Bu karar häzirki zaman raketa tehnologiýasynyň gazananlary, şol sanda SpaceX-iň üstünligi we ýadro hereketlendirijileriniň geljeginiň täze seljermesi bilen düşündirilýär diýip, Space News habar berýär
06.07.2025 14:47
1.4k+
Opera brauzeri 40 dilden üznüksiz terjimä we beýleki gowulaşmalara eýe boldy
Opera web brauzeriniň iň soňky - 120 wersiýasy çykdy we beta synag tapgyryny tamamlady. Täze wersiýa Chromium kodunyň 135 wersiýasyna esaslanýar. Esasy täzelik, rus dilini goşmak bilen, 40-dan gowrak dili goldaýan içerki terjime funksiýasydyr
06.07.2025 14:44
8.3k+
Arheolog Ispaniýanyň golaýynda rowaýata öwrülen Atlantida şäherini tapandygyny aýdýar
Britaniýaly arheolog Maýkl Donnellan Atlantidanyň Ispaniýanyň kenaryndan üç kilometr uzaklykda, Kadis şäheriniň golaýynda ýerleşip biljekdigini aýtdy. Bu barada alymyň alternatiw taryha bagyşlanan Cosmic Summit konferensiýasynda eden çykyşyna salgylanýan, Daily Mail ýazýar
06.07.2025 14:41
6.8k+
Hindistanda 275 ýewro bahadan köpçülikleýin elektrokar çykaryldy
Hindistanda dünýäde iň elýeterli elektromobil bolan Yakuza Mini Electric Car-yň satuwy başlandy. Onuň bahasy 275 ýewro barabar. Ykjam ulag şäher şertleri üçin niýetlenip, eýýäm ýurtdan daşary hem ünsi çekdi. Ol resmi şahadatnama aldy we konsept hökmünde däl-de, yzygiderli çykarylýar
06.07.2025 14:19
6.7k+
15 ýaşly türkmenistanly dzýudoçy Almatyda kadetleriň arasynda Aziýa Kubogynda bürünç medal aldy
15 ýaşly Käkilik Derýaýewa kadetleriň arasynda geçirilen Aziýa Kubogynda bürünç medal gazandy. Bu halkara ýaryş Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilýär. Türkmenistanly türgen 48 kilogram agram derejesinde çykyş etdi
06.07.2025 12:11
7.1k+
Aýdogdy Atabaýew IBCA küşt Olimpiadasynda Türkmenistanyň ilkinji medalyny gazandy
FIDЕ-niň ussatlygyna dalaşgär Aýdogdy Atabaýew Görüş ukyby pes küştçüleriň arasynda Bütindünýä küşt olimpiadasynda medal gazanan ilkinji türkmenistanly küştçi boldy. Ol Serbiýanyň Wrnýaçka-Banýa şäherinde geçirilen 17-nji Olimpiadada bürünç medal gazandy
06.07.2025 11:56
5.4k+
Türkmenistan Nigeriýa diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy teklip etdi
4-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow nigeriýa tarapyna Türkmenistan bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak teklibini beýan edýän we ýany bilen degişli ikitaraplaýyn resminamanyň taslamasy bolan diplomatik notany gowşurdy
06.07.2025 11:52
11k+
Klublaýyn dünýä çempionaty: “PSŽ” dokuz bolup “Bawariýany” utdy, “Real” “Borussiýadan” üstün çykdy
“Pari Sen-Žermen” fransuz klubunyň futbolçylary Klublaýyn dünýä çempionatynyň dörtden bir finalynda Mýunheniň “Bawariýasyny” utdy. Atlantadaky duşuşyk parižlileriň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy. Oýnuň 78-nji minutynda Dezire Due hasaby açdy
05.07.2025 19:15
4.4k+
Mitsubishi «Grandis» modelini Renault-nyň platformasynda gibrid krossower görnüşinde täzeden dikeltdi
Mitsubishi kompaniýasy täze Grandis krossowerini hödürledi. Bu model 13 ýyllyk arakesmeden soň Ýewropa bazaryna dolanyp gelýär. Öňler miniwen görnüşinde çykarylan Grandis, indi Renault-yň platformasynda gurlan gibrid krossower görnüşinde täzeden döredildi
05.07.2025 19:13
5.1k+
Pikiriň güýji bilen dolandyrylyp bilinýän robot protez gol döredildi
Alymlar operasiýa edilmezden ýa-da gymmat enjamlary ulanmazdan pikiriň güýji bilen dolandyrylyp bilinýän robot goly döretdiler. Täze inwaziw däl “beýni-kompýuter” interfeýsi elektrodly şlem bilen işleýär we bedene oturdylmagyny talap etmeýär
05.07.2025 19:05
5.2k+
Porsche 911 Turbo-nyň hereketlendirijisini indi özbaşdak ýygnap bolýar: hereketlendirijiniň görnüşinde konstruktor çykaryldy
Germaniýaly Franzis kompaniýasy Porsche 911 Turbo (930) modeliniň hereketlendirijisiniň görnüşinde özbaşdak ýygnamaga niýetlenen uly konstruktory hödürledi. Ol 250 detaldan ybarat bolup, Porsche-niň meşhur turbinaly hereketlendirijisini täzeden janlandyrýar
05.07.2025 18:56
8k+
Nýu-Ýorkda drona garşy täze Iron Drone Raider tehnologiýasy döredildi
Nýu-Ýorkuň şäher polisiýa bölümi American Robotics kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Iron Drone Raider atly täze drona garşy ulgamy ornaşdyrmaga taýýarlanýar. Ulgam howplary kesgitlemek üçin gijeki görüş kameralary we emeli aň algoritmleri bilen enjamlaşdyrylan awtonom tutujy-dronlary ulanýar diýip, Interesting Engineering habar berýär
05.07.2025 18:48
5.1k+
Gün ulgamynda täze ýyldyzara obýekt peýda boldy – bu gözegçiligiň taryhynda üçünji
Astronomlar Gün ulgamyndan uçup geçýän “ýyldyzara obýekt” bolup çykan täze kometanyň üstüni açdy. Bu gözegçiligiň taryhynda şular ýaly üçünji asman jisimi boldy diýip, Ars Technica ýazýar. 3I/ATLAS (A11pl3Z) adyny alan kometa, takmynan, dört aýdan Güne golaý geler, şondan soň Gün ulgamyny hemişelik terk eder
05.07.2025 18:46
3.3k+
“Lilo we Stiç” “Minecraft-dan” öňe geçip, ýylyň iň girdejili golliwud filmi boldy
“Lilo we Stiç” remeýki bütin dünýäde 957,6 mln dollar ýygnap, 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan golliwud filmi boldy. Ol “Minecraft kinoda” filminden öňe geçdi diýip, Deadline habar berýär. Film eýýäm altynjy hepde prokatda bolup, 1 mlrd dollar görkezijisine golaýlaýar
05.07.2025 18:44
4.7k+
«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň iň täsirli 100 kompaniýasynyň sanawyny çap etdi
«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň iň täsirli 100 kompaniýasynyň sanawyny çap etdi. Bu sanawa iri tehnologiýa korporasiýalary bilen bir hatarda meşhurlyk gazanan uly bolmadyk startaplar hem girýär. Sanawdaky kompaniýalar dürli kategoriýalara bölünýär: «Täzelikçiler», «Destruktorlar», «Liderler», «Titanlar» we «Öňbaşçylar»
«
1
…
241
242
243
…
1118
»
«
1
…
238
239
240
241
242
243
244
245
246
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.