Donald Tramp "Victory 45-47" ady bilen öz atyryny çykardy
03.07.2025 11:14
8.3k+

Donald Tramp "Victory 45-47" ady bilen öz atyryny çykardy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Victory 45-47 ady bilen öz atyr hatarynyň satuwa çykarylandygyny habar berdi. Atyrlar onuň 2016-njy we 2024-nji ýyllarda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňişleriniň şanyna döredildi (Tramp Ak tamyň hasap boýunça 45-nji we 47-nji ýolbaşçysy boldy)
Volkswagen, BMW we Mercedes sürüjisiz awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döreder
03.07.2025 10:54
5.7k+

Volkswagen, BMW we Mercedes sürüjisiz awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döreder

Volkswagen, BMW, Mercedes-Benz we başga-da Germaniýanyň sekiz kompaniýasy, şol sanda Bosch we ZF awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döretmek boýunça özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekişdiler
Jeep Compass 2026 markanyň Ýewropadaky iň aerodinamik wnedorožnigine öwrüldi
03.07.2025 10:49
3k+

Jeep Compass 2026 markanyň Ýewropadaky iň aerodinamik wnedorožnigine öwrüldi

Jeep markanyň Ýewropa bazary üçin iň aerodinamik wnedorožnigine öwrülen täzelenen Compass 2026-ny hödürledi. Täze krossoweriň aerodinamik garşylygynyň koeffisiýenti 0,29 bolup, bu öňki nesilden 10% gowudyr. Kämilleşdirilen
Türkmenistanyň we Merkezi Afrika Respublikasynyň daşary işler ministrleri LLDC 3 boýunça maslahatlaşdylar
03.07.2025 10:33
3.3k+

Türkmenistanyň we Merkezi Afrika Respublikasynyň daşary işler ministrleri LLDC 3 boýunça maslahatlaşdylar

2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Merkezi Afrika Respublikasynyň daşary işler, frankofoniýa we daşary ýurtdaky merkezi afrikalylaryň işleri boýunça ministri Silwi Baýpo Temonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Maýkl Jordanyň goly goýlan kartoçka 2,5 mln dollara satyldy
03.07.2025 10:29
4.3k+

Maýkl Jordanyň goly goýlan kartoçka 2,5 mln dollara satyldy

Basketbolçy Maýkl Jordanyň awtografy bolan “Fleer Michael Jordan rookie card” toplumyndan kolleksiýa kartoçkasy Joopiter auksionynda 2,5 mln dollara satyldy. Bu barada ESPN habar berýär. Bu Maýkl Jordanyň üçünji iň gymmat kartoçkasy boldy
Iliýa Topuriýa UFC-niň iň gowy söweşijileriniň umumy reýtinginde Islam Mahaçewden öňe geçdi
03.07.2025 10:25
13k+

Iliýa Topuriýa UFC-niň iň gowy söweşijileriniň umumy reýtinginde Islam Mahaçewden öňe geçdi

UFC Las-Wegasda (ABŞ) geçen dynç günleri geçirilen UFC 317 ýaryşyndan soň iň gowy söweşijileriň reýtingini täzeledi. Gruziýadan ýeňil agramda (70 kg çenli) çempion Iliýa Topuriýa UFC-niň Pound-For-Pound (agram derejesine garamazdan) umumy reýtinginiň başyna geçdi, ol birinji orundan russiýaly Islam Mahaçewi gysyp çykardy
Raşid Meredow Malawiniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
03.07.2025 10:23
1.5k+

Raşid Meredow Malawiniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Malawi Respublikasynyň daşary işler ministri Nensi Tembo bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
Raşid Meredow we Murat Nurtleu Awazada geçiriljek halkara maslahata taýýarlygy maslahatlaşdylar
03.07.2025 10:19
4.6k+

Raşid Meredow we Murat Nurtleu Awazada geçiriljek halkara maslahata taýýarlygy maslahatlaşdylar

2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär
Türkmenistanda Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezini döretmek barada Ähtnama gol çekildi
03.07.2025 10:11
3.5k+

Türkmenistanda Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin okuw merkezini döretmek barada Ähtnama gol çekildi

Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasy Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezi Bütindünýä gümrük guramasynyň Sebitleýin okuw merkezi diýlip resmi taýdan ykrar ediler
Türkmenistanyň we Maliniň daşary işler ministrleri LLDC 3 maslahatyna taýýarlygy maslahatlaşdylar
03.07.2025 10:01
1.4k+

Türkmenistanyň we Maliniň daşary işler ministrleri LLDC 3 maslahatyna taýýarlygy maslahatlaşdylar

2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Mali Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Abdulaý Diop bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar
Türkmenistan Ispaniýada geçirilýän Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça 4-nji halkara maslahata gatnaşýar
03.07.2025 09:32
2.6k+

Türkmenistan Ispaniýada geçirilýän Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça 4-nji halkara maslahata gatnaşýar

Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministri M.Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 30-njy iýundan 3-nji iýul aralygynda Sewilýa şäherinde geçirilýän Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça 4-nji halkara maslahata (FFD4) gatnaşýar
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2025-nji ýylyň 6 aýynyň jemleri boýunça mejlisi geçirildi
03.07.2025 01:05
15k+

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2025-nji ýylyň 6 aýynyň jemleri boýunça mejlisi geçirildi

2-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasaryny çalyşdy
03.07.2025 00:48
24k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasaryny çalyşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýustisiýanyň geňeşçisi B.Gurbangulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatmak hakynda karara gol çekdi. Döwlet Baştutany bu wezipä  ýustisiýanyň kiçi geňeşiçisi M
Ronaldu “Al-Nasr” bilen täze şertnamasy boýunça minutda 158 ýewro gazanar
02.07.2025 19:19
18k+

Ronaldu “Al-Nasr” bilen täze şertnamasy boýunça minutda 158 ýewro gazanar

Kriştianu Ronaldu “Al-Nasr” saud kluby bilen şertnamanyň ýene iki ýyla uzaldylandygyny habar berdi. Oýunçy sport taryhynda rekord teklipden ýüz öwrüp bilmedi. “Al-Nasra” geçenden soň, Ronaldu klub bilen ýekeje-de uly kubok gazanmady, diňe 2023-nji ýylda ýarym-ýoldaşlyk Arap çempionlarynyň kubogyny utdy
Türkmenistanyň we Nigeriň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
02.07.2025 14:24
3.5k+

Türkmenistanyň we Nigeriň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

1-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Niger Respublikasynyň daşary işler, hyzmatdaşlyk we daşary ýurtdaky nigerlileriň işleri boýunça ministri jenap Bakari Ýau Sangare bilen telefon arkaly söhbetdeş geçirdi
Netflix NASA-nyň raketalarynyň uçuşyny we beýleki kosmos missiýalaryny ýaýlyma berer
02.07.2025 14:10
2.9k+

Netflix NASA-nyň raketalarynyň uçuşyny we beýleki kosmos missiýalaryny ýaýlyma berer

Netflix akym hyzmaty NASA bilen hyzmatdaşlykda raketalaryň uçuşyny, astronawtlaryň açyk kosmosa çykyşyny we beýleki kosmos bilen bagly wakalary göni ýaýlymda görkezip başlar. Bu barada platformanyň sosial ulgamlarynda habar berilýär
Oskar baýragyny alan studiýa doly emeli aň tarapyndan döredilen multserialy çykardy
02.07.2025 14:07
5.8k+

Oskar baýragyny alan studiýa doly emeli aň tarapyndan döredilen multserialy çykardy

“Mugthorlar” (Паразиты) filmini çykaran CJ ENM kompaniýasy doly derejede emeli aň tarapyndan döredilen “Pişik Biggi” multserialyny hödürledi. Ony döredijiler konsepsiýany işläp taýýarlamak, distribusiýa we mahabatlandyrmak ýaly ähli işler bilen EA-nyň meşgullanandygyny belleýär
“Liwerpul” ÇL-iň taryhynda klubuň iň ýaş oýunçysy bilen professional şertnama baglaşdy
02.07.2025 14:05
9.9k+

“Liwerpul” ÇL-iň taryhynda klubuň iň ýaş oýunçysy bilen professional şertnama baglaşdy

“Liwerpul” häzire çenli Çempionlar ligasynda klub üçin çykyş eden iň ýaş oýunçy bolan Treýmoris Nýoni bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. 30-njy iýunda 18 ýaşyny dolduran güni ýarymgoragçy ilkinji professional şertnamasyny baglaşmaga mümkinçilik gazandy
“Melgun Prada geýýär” filminiň dowamy surata düşürilip başlandy
02.07.2025 14:03
4.3k+

“Melgun Prada geýýär” filminiň dowamy surata düşürilip başlandy

“Melgun Prada geýýär 2” filmi resmi taýdan surata düşürilip başlandy. Filmde öz keşplerine Meril Strip, Enn Heteueý, Emili Blant we Stenli Tuççi gaýdyp geldi. Şeýle-de, olaryň hataryna Kennet Brana goşuldy, ol Miranda Pristliniň adamsynyň keşbini ýerine ýetirer
Şwesiýanyň kazyýeti MTS bilen jedelde, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy
02.07.2025 13:44
20k+

Şwesiýanyň kazyýeti MTS bilen jedelde, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy

Şwesiýanyň Swea Apellýasiýa kazyýeti MTS kompaniýasynyň ähli talaplaryny ret edip, Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy. Şeýle hem kazyýet MTS-i Türkmenistanyň bu iş boýunça kazyýet çykdajylaryny ödemäge borçly etdi
Raşid Meredow Burkina Fasonyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
02.07.2025 13:28
2.2k+

Raşid Meredow Burkina Fasonyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burkina-Fasonyň Daşary işler, sebit hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky burkinalylaryň işleri boýunça ministri jenap Karamoko Žan-Mari Traoreniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» innowasion taslamalar bäsleşigine arzalar kabul edilip başlandy
02.07.2025 12:14
4.6k+

Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» innowasion taslamalar bäsleşigine arzalar kabul edilip başlandy

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen “Sanly çözgüt-2025” innowasion taslamalar bäsleşigini açyk diýip yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba alnyşyk 1-nji iýulda “Türkmentelekom” EAK-nyň telecom
Klublaýyn dünýä çempionaty: “Real” “Ýuwentusy” utdy we çärýek finalda “Borussiýa” bilen oýnar
02.07.2025 11:49
8.4k+

Klublaýyn dünýä çempionaty: “Real” “Ýuwentusy” utdy we çärýek finalda “Borussiýa” bilen oýnar

Madridiň “Realy” Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Turiniň “Ýuwentusyny” utdy. Oýun Maýamide geçirildi we 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeke-täk goly 54-nji minutda Gonsalo Torres geçirdi. 1/4 finalda “Real” Meksikanyň “Monterreý” klubuny 1:2 hasabynda utan Dortmundyň “Borussiýasy” bilen duşuşar
Buýan köküniň maddasy ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesini bejermekde netijeliligi ýokarlandyryp biler
02.07.2025 11:43
7.4k+

Buýan köküniň maddasy ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesini bejermekde netijeliligi ýokarlandyryp biler

Nowosibirskli rus alymlary buýan kökünden tapylan madda - glisirin turşusyna esaslanýan birleşmäni işläp düzdüler we patentlediler. Ol çiş öýjüklerinde antibiotik doksorubisiniň ýygnanmagyny güýçlendirýär. Bu bolsa ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesinde köp sanly dermana durnuklylygy ýeňip geçmäge kömek edip biler diýip, TASS habar berýär
Lexus Hytaýda täze zawodynyň gurluşygyna başlady
02.07.2025 11:34
12k+

Lexus Hytaýda täze zawodynyň gurluşygyna başlady

Lexus kompaniýasy elektromobil önümçiligi boýunça Hytaýdaky ilkinji zawodynyň gurluşygyna başlady. Kärhana Şanhaý şäheriniň golaýynda ýerleşer we ilkinji awtoulaglar konweýerden 2027-nji ýylda çykyp başlar diýip, CarNewsChina neşiri habar berýär
Nissan Qashqai ilkinji bolup üçünji nesil e-Power gibrid ulgamy bilen çykar
02.07.2025 11:31
3k+

Nissan Qashqai ilkinji bolup üçünji nesil e-Power gibrid ulgamy bilen çykar

Nissan kompaniýasy e-Power gibrid ulgamynyň üçünji neslini hödürledi. Täze ulgam ilki bilen Ýewropa bazary üçin niýetlenen Qashqai krossowerine ornaşdyrylar. Modeliň önümçiligine Sanderlanddäki (Beýik Britaniýa) zawodda eýýämden başlandy, satuwlary bolsa sentýabr aýyna meýilleşdirilýär
Louis Vuitton Şanhaýda kruiz gämisiniň şekilinde dükan açdy
02.07.2025 11:27
8k+

Louis Vuitton Şanhaýda kruiz gämisiniň şekilinde dükan açdy

Şanhaýyň işewürlik merkezinde The Louis ady bilen Louis Vuitton-yň binasy açyldy. Ol kruiz gämisiniň şekilinde gurlup, şäheriň merkezi köçeleriniň biriniň gapdalynda ýerleşdi. Onuň içinde brendiň dükany, Le Café Louis Vuitton kafesi we Visionary Journeys sergi zaly bar
Alymlar ilkinji gezek haýal ýertitremesini ýazgy etdiler
02.07.2025 11:20
10k+

Alymlar ilkinji gezek haýal ýertitremesini ýazgy etdiler

Alymlar ilkinji gezek Ýaponiýanyň kenaryndaky suwasty çat açan zolagynda haýal ýertitremesini hasaba aldylar. Ostindäki Tehas uniwersitetiniň barlagçylary tarapyndan geçirilen barlaglar ýertitremeleriniň sunamini emele getirýänligi bilen belli umman çat açmasynyň uzaboýuna nädip ýaýraýandygyny görkezdi
Google suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge mümkinçilik berýän programma döretdi
02.07.2025 11:13
3.1k+

Google suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge mümkinçilik berýän programma döretdi

Google emeli aňy ulanyp, suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge niýetlenip döredilen Doppl atly synag programmasyny hödürledi.  Ol häzirki wagtda diňe ABŞ-da iOS we Android enjamlarynda elýeterlidir diýip, TechCrunch habar berýär
Formula-1 Awstriýa Gran-prisini 2041-nji ýyla çenli uzaltdy
02.07.2025 11:06
1.9k+

Formula-1 Awstriýa Gran-prisini 2041-nji ýyla çenli uzaltdy

Formula-1-de Awstriýanyň Gran-prisi tapgyryň promouteri Projekt Spilberg bilen täze ylalaşyk gazanylandan soň, 2041-nji ýyla çenli uzaldyldy. Muny "patyşalyk ýaryşlarynyň" metbugat gullugy yglan etdi. "Formula-1-iň köp ýyllaryň dowamynda “Red Bull Ringde” galjakdygyna begenýärin
Barlag: wnedorožnikleriň gözýetim meýdanynyň 25 ýylda 58% ýaramazlaşandygyny görkezdi
02.07.2025 01:01
5.5k+

Barlag: wnedorožnikleriň gözýetim meýdanynyň 25 ýylda 58% ýaramazlaşandygyny görkezdi

Soňky 25 ýylda awtoulaglaryň göwrüminiň yzygiderli ulalmagy sürüjiniň oturan ýerinden gözýetimiň ep-esli peselmegine sebäp boldy. Awtoulag howpsuzlygy boýunça Amerikan ätiýaçlandyryş institutynyň (IIHS) berýän maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň Ulag ministrliginiň seljerijileri birnäçe meşhur modeller üçin bu görkezijiniň 58% peselendigini hasaba aldylar
Mercedes arka ganatdaky kemçilik sebäpli «AMG One» giperkarlaryny yzyna çagyrýar
02.07.2025 00:58
4.4k+

Mercedes arka ganatdaky kemçilik sebäpli «AMG One» giperkarlaryny yzyna çagyrýar

Mercedes-Benz kompaniýasy bilen Germaniýanyň Federal awtotransport edarasy bilelikde 275 sany nusgada öndürilen Mercedes-AMG One giperkarlarynyň 219-synyň yzyna çagyrylýandygyny mälim etdi. Bu bolsa ähli öndürilen modelleriň, takmynan, 80%-i diýmek bolýar
YouTube gözlegiň netijelerinde AI-synlary synag edip başlady 
02.07.2025 00:55
1.8k+

YouTube gözlegiň netijelerinde AI-synlary synag edip başlady 

YouTube gözlegiň netijelerine AI-niň döreden gysgaça mazmunyny goşýan täze funksiýany synap başlady. Ilkibaşda ol diňe ABŞ-daky ykjam enjamlarda YouTube Premium-yň ulanyjylary üçin elýeterli bolar. Işledilende gözlegiň netijeleri esasy wideony, beýleki wideolaryň miniatýuralaryny we AI-niň döreden tekst synyny görkezýär
Ferrari suwasty ganatly ýelkenli ýahtanyň taslamasyny görkezdi. Oňa deňiz giperkary diýilýär
02.07.2025 00:54
4.4k+

Ferrari suwasty ganatly ýelkenli ýahtanyň taslamasyny görkezdi. Oňa deňiz giperkary diýilýär

Ferrari abraýly umman ýaryşlaryna gatnaşmak üçin döredilen eksperimental ýahta bolan Hypersail taslamasyny hödürledi. Oňa ýelkenli giperkar diýilýär: gäminiň uzynlygy 30 metre deň, beýikligi bogaldagy bilen birlikde 40 metre çenli bolar
Mersedes-AMG 2028-nji ýylda täze V8-i çykarmaga taýýarlanýar
02.07.2025 00:51
5k+

Mersedes-AMG 2028-nji ýylda täze V8-i çykarmaga taýýarlanýar

Mersedes-AMG täze V8 hereketlendirijisini işläp taýýarlaýar, ony 2027-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2028-nji ýylyň başynda çykarmagy meýilleşdirilýär. Muny bölümiň başlygy Mihael Şibe Motor1 bilen bolan söhbetdeşlikde mälim etdi
Türkmenistanly ýaş alymlar Malaýziýada halkara innowasiýa bäsleşiginde altyn medal gazandylar
01.07.2025 20:25
9.2k+

Türkmenistanly ýaş alymlar Malaýziýada halkara innowasiýa bäsleşiginde altyn medal gazandylar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş alymlary Malaýziýada geçirilen “Borneo Halkara innowasiýa we döredijilikli pikir bäsleşigine” (BIICC 2025) gatnaşyp, ýokary sylaglara mynasyp boldular
Daşkent institutynyň talyplary Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçýärler
01.07.2025 20:24
8.5k+

Daşkent institutynyň talyplary Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçýärler

25-nji iýun — 4-nji iýul aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçýärler
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (30.06 - 06.07)
01.07.2025 19:48
12k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (30.06 - 06.07)

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +33 ... + 35 gradusdan +39 ... +41 gradusa çenli yssy, gijelerine +22 ... +24 gradusdan +25 ... + 27 gradusa çenli maýyl bolar. Ahal welaýatynda wagtal-wagtal açylýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +31
PNG formaty 20 ýyldan soň ilkinji gezek täzelendi. Indi ol HDR-y, animasiýany we Exif-i goldaýar
01.07.2025 19:27
2.8k+

PNG formaty 20 ýyldan soň ilkinji gezek täzelendi. Indi ol HDR-y, animasiýany we Exif-i goldaýar

PNG formaty 20 ýyldan soň ilkinji resmi täzelenmesini aldy. Oňa ýokary dinamiki diapazonly (HDR) şekilleri goldamak mümkinçiligi goşuldy. Şeýle ýagdaýda faýlyň ölçegi bary-ýogy 4 baýt artýar. Şeýle hem standart ilkinji gezek resmi taýdan APNG formatyny (Animated PNG) ykrar etdi
Ýer ýüzündäki iň gadymy daşlar tapyldy. Olaryň ýaşy 4 mlrd ýyldanam köp diýlip çaklanylýar
01.07.2025 19:25
7.6k+

Ýer ýüzündäki iň gadymy daşlar tapyldy. Olaryň ýaşy 4 mlrd ýyldanam köp diýlip çaklanylýar

Alymlar Kanadada ýaşy, takmynan, 4,16 mlrd ýyl bolan dag jynslaryny tapdylar. Bu gaýalar häzirki wagta çenli ýüze çykarylan Ýerdäki iň gadymy dag jynslary bolup biler diýip, Phys.org habar berýär. Olar Kwebekdäki Gudzon aýlagynyň kenaryndaky Nuwwuagittuk ýaşyldaş guşagyndan tapyldy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.