Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
25.06.2025 15:35
4.8k+
"Death Stranding 2" tankytçylary haýran galdyrdy. Oýna “sungat eseri” diýip baha berildi
26-njy iýunda çykarylmagy meýilleşdirilýän "Death Stranding 2: On the Beach" oýny tankytçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Metacritiс-de Hideo Kodzimanyň täze taslamasynyň 94 syn esasynda 90 baly bar - diňe üçüsi garyşyk, galanlary oňyn
25.06.2025 12:04
6.9k+
«Lion» futbol klubuny maliýe hasabatlylygyny bozandygy üçin 2-nji Liga düşürdiler
Fransiýanyň Milli gözegçilik we dolandyryş direktoraty (DNCG) «Lion» futbol klubuny maliýe hasabatlarynda ýüze çykan düzgün bozmalary sebäpli 2-nji Liga düşürmek kararyna geldi. Bu barada Fransiýanyň Professional futbol ligasynyň resmi saýtynda habar berilýär
25.06.2025 11:59
7.6k+
SpaceX adaty ýükler bilen birlikde, kosmosa adamlaryň we haýwanlaryň galyndylaryny hem çykardy
23-nji iýunda Kaliforniýanyň (ABŞ) Wandenberg kosmodromyndan SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasy uçuryldy. Bu sapar raketa dürli sargytçylaryň 70 sany adaty ýükünden başga-da, adaty bolmadyk ýüki – adamlar bilen öý haýwanlarynyň külünden we DNK-syndan ybarat 150 kapsulany hem orbita çykardy
25.06.2025 11:44
28k+
Üç müň awtoulagly gämi Ýuwaş ummanynda üç hepdeläp ýanandan soň suwa çümdi
3048 awtoulagy alyp barýan "Morning Midas" gämisi, üç hepdeläp dowam eden ýangyndan soň, Ýuwaş ummanynda suwa çümdi. Ekipaž agzalarynyň hiç biri zyýan çekmedi, ýöne 70 sany elektromobil we 681 sany gibrid awtoulagy hem öz içine alýan ähli ulaglar gämi bilen bilelikde suwuň düýbüne gitdi
25.06.2025 11:31
13k+
Jonni Depp Jek Worobeýiň keşbinde Madridiň hassahanasyndaky çagalary begendirdi
Jonni Depp Madriddäki Niño Jesús hassahanasynda bejergi alýan çagalary begendirmek üçin ýene-de kapitan Jek Worobeýiň keşbinde peýda boldy diýip, People neşiri habar berýär. Aktýor meşhur garakçynyň keşbinde hassahananyň otaglaryna aýlanyp, kiçijik hassalar bilen salamlaşdy, olara “bäş berdi” we ruhlaryny göterdi
25.06.2025 11:18
5.2k+
Suzuki Toyota RAV4-iň binýadynda täze Across modelini çykarar
2026-njy ýylda Ýewropada Suzuki Across gibridiň ikinji nesli peýda bolar. Model Toyota RAV4-iň platformasynda gurlar. Ilkinji Suzuki Across birneme üýtgedilen RAV4 Plug-in Hybrid görnüşinde bolup, 2020-nji ýylda başgaça faralar, bamper we Suzuki nyşanlary bilen çykypdy
25.06.2025 11:10
2.2k+
Microsoft kwant ýadyny 1000 esse ygtybarly etmegiň usulyny tapdy
Microsoft-yň barlagçylary dört ölçegli kodlar diýlip atlandyrylýan kwant kompýuterleri üçin täze ýalňyş düzediş ulgamyny hödürlediler. Ol, adaty usullar bilen deňeşdirilende, ýalňyşlyklaryň sanyny müň esse azaltmaga mümkinçilik berýär diýip, Live Science ýazýar
25.06.2025 11:06
16k+
IIHS iň howpsuz awtoulaglary atlandyrdy. TOP 10-lygyň 9-sy Aziýa modelleri, diňe biri Mersedes
Ýol howpsuzlygy Amerikan instituty (IIHS) täzelenen Top Safety Pick+ reýtingini çykardy. Onda 2025-nji ýylyň iýun aýyna çenli ABŞ-da bar bolan iň ygtybarly ýeňil ulaglaryň sanawy ýerleşdirildi. Muňa gapdal urgulary
25.06.2025 10:59
5.4k+
Mask Grok-uň täze wersiýasynyň “adamzadyň ähli bilimlerine” eýe boljakdygyny aýtdy
Ilon Mask Grok emeli aňynyň täze wersiýasynyň “adamzadyň ähli bilimlerini” özüne almalydygyny aýtdy. Ol bu barada X sosial ulgamynda ýazdy we öz AI-siniň öwrenmek üçin başga başlangyç maglumatlara esaslanýandygy sebäpli bäsdeşleriniň çözgütlerinden tapawutlanjakdygyny belläp geçdi
25.06.2025 10:55
14k+
RF-niň daşary işler ministri Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Türkmenistana geldi
24-nji iýunda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Aşgabada geldi. Türkmen paýtagtynda Lawrowy Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin, Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri R
25.06.2025 10:15
9.2k+
Lexus Toyota Supra-nyň kaşaň görnüşini çykarar
Toyota GR Supra sport kupesiniň täze neslini işläp taýýarlaýar. Ýapon metbugatynyň habaryna görä, bu modeliň Lexus brendi astynda analogy peýda bolar. Iki awtoulag hem umumy platformada gurlar we gibrid elektrik güýç gurluşyny alar
25.06.2025 10:13
4.6k+
Russiýada emeli aňyň döreden mazmunlaryny tapawutlandyrmaga kömek etjek tehnologiýa döredildi
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Ulgam programmirleme instituty emeli aňyň kömegi bilen döredilen mazmuny awtomatiki bilgilemäge ukyply ulgamy döretdi diýip, RIA Nowosti habar berýär. Tehnologiýa, adamlar üçin görünmeýän, ýöne kompýuterler tarapyndan aňsat tanalýan sanly bellikleri ulanýar
25.06.2025 08:41
14k+
Türkmenistan we ABŞ Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaýlara degişli meseleleri maslahatlaşdy
24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretary Mark Rubio bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, giň gerimli ugurlar boýunça pikir alyşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar ýakyn wagtda duşuşmagy hem-de her ýylda guralýan ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmegi ylalaşdylar
25.06.2025 08:35
9.6k+
Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý edip, Türkmenistana dolanyp geldiler
24-nji iýunda yslam dünýäsiniň mukaddes ýerleri hasaplanýan Mekge we Medine şäherlerine haj parzyny berjaý etmek üçin giden türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler. Şu ýyl Türkmenistandan Mekgä we Medinä zyýarata giden ildeşlerimiziň umumy sany 3 müňe golaýlaýar
25.06.2025 08:27
2.5k+
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýany Döwlet güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara we ýurduň ähli halkyna Sloweniýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
25.06.2025 08:18
12k+
Beýik Britaniýa raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyna beren kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Beýik Britaniýanyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we deňiz aňyrsy ýurtlar boýunça döwlet ministri Stiwen Dauti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
24.06.2025 19:21
8.8k+
Watikanyň medeniýet meseleleri boýunça attaşesi 28 ýyldan soň Türkmenistandaky işini tamamlaýar
Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň medeniýet meseleleri boýunça attaşesi Anjeý Madeý 28 ýyldan soň Aşgabatda işini tamamlady. Anjeý Madeý 23-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy
24.06.2025 19:11
3.4k+
Türkmenistan we Ýaponiýa täze taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşdy
23-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň başlygy Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi
24.06.2025 19:05
6.8k+
Günorta Koreýanyň kazyýeti sanly awatarlary hakyky adamlar ýaly gorap başlady
Günorta Koreýanyň kazyýeti sanly awatarlara atylan töhmeti olaryň eýeleriniň mertebesine zyýan ýetirmek bilen deňeşdirdi. Bu barada South China Morning Post habar berýär. Kazyýet işi Plave wirtual K-pop toparynyň agzalary tarapyndan öňe sürüldi
24.06.2025 18:51
5.9k+
Hideo Kodzima Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň meşhur geýmdizaýneri diýlip ykrar edildi
Ýaponiýaly geýmdizaýner we režissýor Hideo Kodzima iň meşhur oýun režissýory hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada ýapon teleýaýlymlarynyň birinde berlen tok-şouwyň göni ýaýlymynda habar berildi
24.06.2025 18:48
8.8k+
Ýaponiýadaky Fudzi dagyna rezin tigirli üýtgeşik tramwaý goýberilýär
Ýaponiýanyň Ýamanasi prefekturasynda adaty asfalt ýollardan hereket etjek rezin tigirli üýtgeşik tramwaýy işe girizmäge taýýarlyk görülýär. Ýöne onuň hereketi magnit markerleriniň ulgamy bilen çäklendiriler. The Asahi Shimbun neşiriniň habar bermegine görä, täze ulag görnüşi Fudzi dagyna barýan alpinistler we syýahatçylar üçin niýetlenýär
24.06.2025 18:46
3.9k+
Redmi smartfonlar we konsollar üçin oýun geýmpadyny hödürledi
Redmi kompaniýasy mobil oýunlaryna gönükdirilen hususy oýun kontrollerini çykarmaga taýýarlanýar. Bu barada Xiaomi-niň önüm menejeri Bao So Li salgylanyp, Gizmochina habar berýär. Täze gurluş Bluetooth birikmesini goldaýar, bu hem ony diňe bir smartfonlar we planşetler däl, eýsem oýun konsollary bilen hem ulanmaga mümkinçilik berýär
24.06.2025 18:01
4.5k+
Janfranko D’Attis Prada moda öýüniň baş direktory wezipesini terk edýär
Janfranko D’Attis Prada moda öýüniň baş direktory wezipesinden gidýär. WWD-niň habar bermegine görä, çözgüt ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda kabul edildi. D’Attis 30-njy iýuna çenli işini dowam etdirer. Şondan soň brende wagtlaýyn ýolbaşçylyk Prada Group-yň ähli aktiwlerine gözegçilik edýän Andrea Guerra geçer
24.06.2025 13:44
6.2k+
Ford Meksikada owkalama funksiýaly oturgyçlary we V6 hereketlendirijisi bolan Lobo King Ranch pikapyny görkezdi
Ford kompaniýasy Meksikada 2025-nji ýylyň Lobo King Ranch kysymly awtoulagyň täzelenen görnüşini hödürledi. Bu model markanyň ýurtdaky ýubileýine gabat gelýär we gaýtadan sazlanandan soň model hatary doldurdy. Ol Lariat, Platinum we Platinum Plus HEV komplektasiýalary bilen birlikde satylar
24.06.2025 13:42
10k+
Gün energiýasy bilen işleýän dünýäde ilkinji dron ýere gonmazdan bir aýlap asmanda galyp bilýär
Skydweller Aero amerikan başlangyjy we Thales fransuz kompaniýasy dolulygyna Gün energiýasy bilen işleýän drony döretdiler. Täze dron atmosfera hiç hili zyýanly madda goýbermän, gonmazdan 30 güne çenli howada galyp biler
24.06.2025 13:34
3.2k+
Awstraliýaly kebeleklerde ugruny ýyldyzlara görä kesgitlemek ukyby ýüze çykaryldy
Awstraliýaly bogong kebelekleri ( Agrotis infusa ) ýyldyzlardan we Ýeriň magnit meýdanyndan ugur alyp, müň kilometre çenli aralygy geçmäge ukyply. Bu Awstraliýanyň Milli uniwersitetiniň, Günorta Awstraliýa uniwersitetiniň we beýleki barlag merkezleriniň hünärmenleriniň gelen netijesidir
24.06.2025 13:32
3.2k+
Aýnadan çap etmek üçin ilkinji 3D printeri döredildi
Massaçusets Tehnologiýa institutynyň Linkoln barlaghanasynyň barlagçylary aýna zatlary öndürmäge ukyply ilkinji 3D printeri çykardylar. Şu wagta çenli additiw önümçilik şokolad we plastmassa ýaly dürli materiallary öz içine alypdy, ýöne organiki däl aýna bu tehnologiýanyň çäginden daşarda galyp gelýärdi
24.06.2025 12:40
7.1k+
Britaniýaly alymlar robotlaryň kömegi bilen Arktikany gaýtadan doňdurmak isleýär
Britaniýanyň ARIA hökümet agentligi suwasty robotlaryň kömegi bilen Arktikanyň buz örtüginiň galyňlygyny saklamak we artdyrmak mümkinçiliklerini öwrenmek üçin 10 mln funt sterling (takmynan, $13,4 mln) bölüp berdi diýip, The Times habar berýär
24.06.2025 12:36
2.5k+
Türkmenistan bilen Gresiýa syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryny geçirdi
23-nji iýunda Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler. Bellenilişi ýaly, türkmen
24.06.2025 12:31
14k+
Raşid Meredow Aşgabatda Eýranyň daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi
23-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Eýran wekiliýeti resmi sapar bilen Aşgabada geldi
24.06.2025 12:13
5.3k+
Ýewropa kosmos agentligi Aýy we Marsy ilatlaşdyrmagyň meýilnamasyny hödürleýär
2040-njy ýyla çenli adamlar Marsda ýaşap başlap bilerler. Bu meýilnama Ýewropa kosmos agentligi (ESA) tarapyndan hödürlenen Strategy 2040-yň we Technology 2040 Vision-niň resminamalarynda yglan edildi. Maksatlaryň arasynda - orbital we planetar bazalary döretmek, özbaşdak ýaşaýşy goldamak ulgamyny we balyk ýaly iýmitleri ösdürip ýetişdirmek görnüşindäki işleri öz içine alýar
24.06.2025 12:03
2.5k+
LVMH "Cannes Lions 2025" mahabat festiwalynyň Gran-Prisini aldy
LVMH konglomeraty Pariždäki Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna bagyşlanan kampaniýa üçin Cannes Lions 2025 mahabat festiwalynda Luxury and Lifestyle (öňki Luxury Lion) kategoriýasynda Gran-Pri aldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär
24.06.2025 12:02
5.1k+
GM smartfona simsiz zarýad bermek üçin oturgyjyň arkalygynda jübi patentledi
General Motors kompaniýasy smartfonlar üçin täze simsiz zarýad beriş ulgamyny patentledi. Onuň US 2025/0178549 A1 belgi bilen neşir edilen patentinde diňe bir täze amatly jübi däl, eýsem öňdäki oturgyjyň arka tarapynda gurlan doly derejeli zarýad moduly beýan edilýär
24.06.2025 11:54
6.9k+
Çilide dünýäniň iň uly teleskopyndan alnan ilkinji suratlar görkezildi
Çiliniň Wera Rubin adyndaky obserwatoriýasyndaky dünýäniň iň uly teleskopy gijeki asmanyň ilkinji suratlaryny ýaýratdy. Serro-Paçon dagynyň El-Penýon gerşinden alnan suratlar görlüp-eşidilmedik gerimdäki millionlarça ýyldyzlaryň we galaktikalaryň ýagtylygyny görkezýär
24.06.2025 10:32
3.2k+
Pixar-yň “Elio” atly täze multfilmi studiýanyň taryhynda iň ýaramaz kassa ýygymy bilen başlady
“Elio” multfilmi hepdäniň ahyrynda ABŞ-da bary-ýogy 21 million dollar girdeji gazandy. Variety neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, bu Pixar üçin häzirki taryhynda iň gowşak ilkinji çykyş boldy. Filmiň umumy girdejisi 25 million - 30 million dollar aralygynda bolar diýlip garaşylýardy
24.06.2025 10:30
8k+
Gwadelupaly zenanda ganyň täze topary ýüze çykaryldy
Gwadelupanyň ýaşaýjysy "Gwada negatiw" (Gwada negative) adyny alan täze gan toparly dünýäde ilkinji adam boldy. Bu barada Fransiýanyň Gan edarasynyň (EFS) hünärmenleri habar berdiler diýip, Medical Xpress ýazýar
24.06.2025 10:29
3.7k+
Stiwen Spilberg täze ylmy-hyýaly blokbasterini surata düşürip boldy
Stiwen Spilbergiň täze ylmy-hyýaly filminiň surata düşürmek işleri tamamlandy diýip, filmiň edebi esasyny ýazan Dewid Kep (“Gizlin penjire” (“Тайное окно”) World of Reel neşirine beren interwýusynda aýtdy. Filmiň ady entek aýan edilmedi
24.06.2025 00:55
5.3k+
Serdar Berdimuhamedow Aziýa ösüş bankynyň wise-prezidenti bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdy
23-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi
24.06.2025 00:48
6.8k+
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy
23-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
24.06.2025 00:38
22k+
Türkmenistanyň ýardam bermegi netijesinde 4000 adam Eýrandan öz ýurduna dolandy
Türkmenistan ynsanperwer geçelgeler arkaly Eýranyň çäginden çykýan daşary ýurtly raýatlaryň bökdençsiz üstaşyr ugradylmagy üçin ýardam bermegini dowam edýär. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, bu günki güne çenli 52 döwlet Ýakyn Gündogarda ýagdaýyň çylşyrymlaşmagy bilen baglylykda, öz raýatlaryny yzyna gaýtaryp getirmek boýunça kömek sorap Türkmenistana ýüz tutdy
«
1
…
249
250
251
…
1118
»
«
1
…
246
247
248
249
250
251
252
253
254
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.