Apple OpenAI-ni içalylykda aýyplap, kazyýete şikaýat etdi

Düýn, 17:011,396
1 / 2

«Apple kompaniýasy OpenAI-a garşy korporatiw syrlary ogurlamak aýyplamasy bilen kazyýete ýüz tutdy» diýip, The New York Times neşiri habar berýär.

Şikaýat arzasyna görä, OpenAI-yň işgär gözleýän hünärmenleri täze iş gözleýän Apple-yň işgärleri bilen söhbetdeşlik geçirýän wagty, olary taslamalaryň ýapyk we gizlin taraplaryny açyp görkezmäge yrypdyrlar. Şeýle-de, işe girmäge dalaşgärlerden Apple-de işlenilip taýýarlanylýan enjamlaryň nusgalaryny we şaýlaryny getirmeklerini talap edipdirler.

Bu iş boýunça esasy jogapkärleriň biri-de häzirki wagtda OpenAI-de enjamlaýyn üpjünçilik bölümine ýolbaşçylyk edýän Tan Tan boldy. Ol 2024-nji ýyla çenli Apple-yň işgäridi. Şikaýatda Tanyň işden çykmazyndan birnäçe aý öň, geljekki iş berijisine Apple-yň üpjünçilik zynjyry baradaky gizlin maglumatlary geçirendigi öňe sürülýär.

Apple öz arzasynda içerki derňewi baryp, fewral aýynda başlandygyny we täjirçilik syrlarynyň syzyp çykyşy barada OpenAI duýdurandygyny, ýöne hiç hili jogap alyp bilmändigini belleýär.

OpenAI bolsa ähli aýyplamalary çürt-kesik ret edip: «Biz beýleki kompaniýalaryň täjirçilik syrlary bilen gyzyklanamyzok» diýen jogaby berýär.

Häzirki wagtda OpenAI ulanyjylar üçin niýetlenen enjamlar bazarynda Apple bäsdeş bolmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa 2025-nji ýylda Apple-yň öňki baş dizaýneri Joni Aýw tarapyndan döredilen «IO» dizaýn studiýasyny 6,5 milliard dollara satyn alypdy we häzirki wagtda öz bäsdeşiniň işgärler düzüminden hünärmenleri işe almagy işjeň ýagdaýda dowam etdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.