Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona we ýurduň ähli halkyna Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Fransiýa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Fransiýanyň Milli baýramy (La Fête nationale) her ýylyň 14-nji iýulynda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bu sene 1789-njy ýylyň 14-nji iýulynda Beýik fransuz rewolýusiýasynyň başlangyjy bolan Bastiliýa galasynyň halk tarapyndan eýelenmegi bilen baglanyşyklydyr.
Bu taryhy gün Parižiň Ýeliseý meýdançalarynda geçirilýän dabaraly harby ýöriş, dürli medeni çäreler we taryhy binalaryň töwereginde guralýan ajaýyp feýerwerkler bilen utgaşýar. Fransuz halky üçin bu baýram azatlygyň, deňligiň we doganlygyň nyşanydyr.