Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamasyny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, Baş Assambleýa tarapyndan 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda kabul edilen bu Kararnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, «2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça Türkmenistanyň 2027–2028-nji ýyllar üçin Milli hereketler meýilnamasynyň» taslamasy taýýarlanyldy. Jemi 47 çäräni öz içine alýan resminama pudagara iş toparynyň işini ýola goýmagy, BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi, bilelikdäki işleriň ýol kartasyny işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýar.
Şeýle-de Aşgabatda we daşary ýurtlarda halkara maslahatlary we duşuşyklary geçirmek, okuw-usulyýet gollanmalaryny taýýarlamak, halkara hukuk boýunça neşirleri, türkmen dilindäki okuw maglumatlaryny we sanly kitaphanany taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Halkara hukuk ýylynyň resmi açylyş dabarasyny 2028-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat we Nýu-Ýork şäherlerinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň dowamynda ýurduň ähli welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Halkara hukuk hepdeliginiň çäreleri geçiriler. Dekabr aýynda bolsa Türkmenistanda Halkara hukuk boýunça Ählumumy forumy geçirmek meýilleşdirilýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutany «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri geçirmegi wise-premýer, daşary işler ministrine tabşyrdy.