Serdar Berdimuhamedow Tbiliside Gruziýanyň Prezidenti we premýer-ministri bilen duşuşdy

Şu gün, 13:012,497

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Gruziýa bardy diýip, TDH habar berýär.

Bu döwlet Baştutanynyň Gruziýa amala aşyrýan ilkinji döwlet saparydyr.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar ugratdy. Birnäçe wagtdan uçar Tbilisiniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly myhmany dostlukly ýurduň resmi adamlary we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşylady.

Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Gruziýanyň Prezidentiniň «Orbeliani» köşgüne tarap ugrady. Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili döwlet Baştutanyny mähirli garşylady. Resmi surata düşmek dabarasyndan soň, taraplaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Duşuşykda Mihail Kawelaşwili döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjak bu sapar üçin hoşallygyny bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Serdar Berdimuhamedow hem öz gezeginde türkmen halkynyň Milli Lideriniň salamyny ýetirip, bu saparyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly senesine gabat gelýändigini belledi.

Gepleşiklerde parlamentara gatnaşyklar, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada gürrüň edildi. Ulag-logistika, kommunikasiýa we port infrastrukturasy ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezilip, «Hazar deňzi — Gara deňiz» ulag geçelgesini döretmek başlangyjynyň goldanylýandygy nygtaldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Duşuşykdan soň döwlet Baştutany Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Saparyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedow Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin «Ekspo Georgia» sergiler merkezine geldi we bu ýerde ony Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze mähirli garşylady.

Işewürlik maslahatyndan soň, Türkmenistanyň Prezidenti we premýer-ministr bilelikde Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisine baryp gördi. Bu ýerde ýurduň Dokma senagaty, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Energetika, Gurluşyk we binagärlik, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Medeniýet ministrlikleri öz önümlerini we gazananlaryny görkezdi. Çärä Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem gatnaşdy. Sergi bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna Gruziýanyň premýer-ministriniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.

Döwlet Baştutanynyň Gruziýa döwlet sapary dowam edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.