Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Şu gün, 17:051,846

20-nji iýulda Russiýa tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde duran birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gürrüňdeşligiň barşynda taraplar ynsanperwer ulgamda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge aýratyn üns berdi. Bu ugurda birnäçe bilelikdäki bilim we medeni taslamalary ösdürmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary öňde duran çäreler, şol sanda 2026-njy ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary we iň ýokary derejeli köptaraplaýyn çäreler barada gürrüň etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.