Business of Fashion neşiri we BoF Careers platformasy 2026-njy ýylyň iň özüne çekiji iş berijilerini kesgitlemek boýunça geçirilen barlagyň netijelerini mälim etdi. Pikir soraşma dünýäniň 98 ýurdundan 2926 hünärmen gatnaşdy.
Moda senagatynda birinji orny Chanel brendi eýeledi. Ikinji we üçünji basgançaklary degişlilikde Hermès we Dior eýelediler. Şeýle hem iň gowy onluga Prada, Louis Vuitton, Patagonia, Ralph Lauren, Bottega Veneta, Loewe we Schiaparelli girdi.
Kompaniýalar bahalandyrylanda korporatiw medaniýet, zähmet hakynyň derejesi, karýera ösüşiniň geljegi, okuw maksatnamalary, brendiň abraýy we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaly ölçegler göz öňünde tutuldy. Pikir soraşma gatnaşyjylar üçin esasy şert hökmünde maliýe durnuklylygy we brendleriň mirasy boldy.
Gözellik toplumynda L’Oréal Paris kompaniýalar topary reýtingiň başyny çekdi. Ikinji ýerde Dior Beauty, üçünji ýerde bolsa Charlotte Tilbury ýerleşdi. Top-10 sanawa şeýle hem Rhode, Diptyque, Victoria Beckham, Byredo, Yves Saint Laurent, Aesop we Lancôme girizildi. Baha beriş ölçegleri eşik segmentindäkiler bilen meňzeş boldy.
Gözellik senagatynyň wekilleri esasy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda karýera mümkinçiliklerini we kompaniýanyň brend-portfelini görkezdiler. Şunda sorag-jogaba gatnaşýanlar ýokary abraýyň elmydama rahat zähmet şertleri bilen gabat gelmeýändigini nygtadylar. Hususan-da, L’Oréal Paris-iň işgärleri çylşyrymly içerki amallara we ýokary iş agramyna, Dior Beauty we Charlotte Tilbury toparlary bolsa durnuksyz we dartgynly iş depginine şikaýat etdiler.