Ginnesiň rekordlar kitaby amerikaly Natan Tomasy dünýä boýunça iň ýaş professor diýip ykrar etdi. 2023-nji ýylyň awgust aýynda ol bu wezipä bellenende, bary-ýogy 18 ýaş 346 günlükdi. Ol şeýlelikde baryp-ha, bir gadym – 1717-nji ýylda goýlan rekordy täzelemegi başardy.
Natan inženerleriň maşgalasynda dünýä indi. Ol 10 ýaşynda Maýami-Deýd kollejine (MDC) okuwa girdi, 14 ýaşynda bolsa Floridanyň Halkara uniwersitetine geçdi. 18 ýaşyna çenli Natan elektrotehnika hünäri boýunça bakalawry we magistraturany tapawutlanan diplom bilen tamamlady.
Diplomlary alandan soň, ol ýene Maýami-Deýd kollejine dolanyp geldi we elektrotehnika boýunça talyp ýaşlara tälim berýän mugallym hökmünde işe başlady. Talyplaryň köpüsi onuň bilen ýaşytdaşdy, hatda ondan ulularam bardy.
Öňki rekord şotlandiýaly matematik Kolin Maklorene (1698–1746) degişlidi. Onuň 19 ýaşynda professor bolandygy mälimdir.
Şeýle hem Tomas 2008-nji ýylda iň ýaş zenan professor hökmünde ykrar edilen Aliýa Saburdan 16 günlük kiçidir.
«Ýaş — päsgelçilik däl. Men ünsümi diňe oz işimi gowy ýerine ýetirmäge we talyplara elimden geldigiçe kömek bermäge gönükdirýärin. Esasy zat — olaryň yhlas etmäge taýýar bolmagydyr, meniň üçin esasy ähmiýet şonda» diýip, Tomas Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekillerine beren beýanatynda matlabyny mälim edýär.
Häzir Natana 21 ýaş doldy. Ol mugallymçylygy dowam etdirýär we şol bir wagtyň özünde Maýami uniwersitetinde hukuk ylymlarynyň doktory diýen derejäni almak üçin okaýar. Geljekde ol öz durmuşyny intellektual eýeçilik we STEM Tehnologiýalary ugrundaky hukuk pudagy bilen baglanyşdyrmagy meýilleşdirýär.
«Bu kär, [mugallymçylyk] aýdaly, meseläni özbaşyňa çözmek bilen deňeşdirilende düýbünden başgaça kanagatlanma duýgusyny berýär, hamana ol duýgyny başga biriniň üsti bilen täzeden başdan geçirýän ýaly bolýarsyň» — diýip, ýaş professor sözüniň üstüne goşýar. Onuň pikiriçe, mugallymçylyk onuň özüne-de köp zady öwrenmäge kömek edýär we aýratyn-da meselelere has ýokary derejede düşünmäge mümkinçilik berýär.
Iş tertibiniň şeýle hysyrdylydygyna garamazdan, Natan sport bilen hem işjeň meşgullanýar (basketbol, tennis we golf oýnaýar), şeýle hem saz diňlemegi we fortepiano çalmagy gowy görýär.
