Heňlän torba kimiňki? Coperni brendinden täze aksessuar...

04.08.2026, 23:225,642
1 / 4

Dürli awangard meýilleri bilen "ýakasyny tanadan"  (bir görseň, köýnegi göni Bella Hadidiň üstüne guýýan, bir görseňem, arassa howadan torba ýasaýan) fransuz moda öýi Coperni ýene bir üýtgeşik hokga çykardy.

Bu gezek brend onsuzam täsin «Swipe Bag» torbasyny, sözüň göni manysynda, janlandyrmak kararyna geldi. Moda öýi aksessuaryň diwarlarynyň içine janly heň kömelejiklerini ýerleşdirdi. Bu heň kömelejikleri torbany satyn alanyňdan soň hem ösmegini we köpelmegini dowam etdirýär.

Deriden ýasalan torbalar wagtyň geçmegi bilen sürtülip görküni ýitirýän bolsalar, bu torba, tersine, has-da özgerýär! Indi torbanyň düýbüne doly iýilmän taşlanan alma — bu hapysalygyň nyşany däl-de, «içki ekoulgama we biodürlülige goldaw».

Bu üýtgeşik bio-aksessuaryň awtory suratkeş Arewik Akopýan boldy. Ol moda inkubatoryna esas hökmünde kömelek kulturalarynyň sporalary siňdirilen ösümlik dokumalaryndan peýdalandy. Arewigiň aýtmagyna görä, ol özbaşdak ösdürilip ýetişdirilen biomateriallar arkaly döreden işleri bilen tanalýan rus suratkeşi Daşa Pleseniň eserlerinden ylham alypdyr. 

Şeýle-de bolsa, häzirlikçe bu heňli torbalaryň köpçülikleýin satuwa çykjagy ýa-da çykmajagy belli däl. Mälim bolşy ýaly, aksessuarlaryň täsirli wizualizasiýalary emeli aňyň kömegi bilen döredilipdir, suratkeşiň özi bolsa bu torbanyň ýekeje nusgasyny elde ýasapdyr.

Bu döredijilik işi dawadan daşda durmady. Çünki konsept neşir edilensoň, Daşa Plesen  özüniň estetiki işleriniň we konseptual elementleriniň birugsat ulanylandygy barada wideoýüzlenme çykardy.

Muňa Coperni brendiniň düýbüni tutujylaryň biri bolan Sebastýan Meýer dessine seslenip, Akopýanyň ýaýran neýro-suratlaryna brendiň hiç hili resmi dahylynyň ýokdugyny aýtdy. Suratkeş hem derrew öz postlaryna aýdyňlaşdyrma gizirip, bu taslamanyň moda öýi bilen resmi hyzmatdaşlyk däl-de, özüniň şahsy döredijilik başlangyjydygyny  nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.