ABŞ-yň Hennessey kompaniýasy ekranlardan, elektrik motorlaryndan we sanly çözgütleriň köpüsinden ýüz öwürýän täze Blackbird giperkary bilen tanyşdyrdy.
Modeliň köpçülige ilkinji görkezilişi 14-nji awgustda Kaliforniýada geçiriler.

Blackbird kompaniýanyň Venom GT we Venom F5 modellerinden soň, özüniň ýaňy bir üçünji modeli boldy. Dizaýnerler awtoulagy döredenlerinde Lockheed SR-71 Blackbird aňtaw uçaryndan ylham aldylar. Bu kuzowyň proporsiýalarynda, gapdal paneliň dizaýnynda we tüsseçykar ulgamynyň romb şekilli turbalarynda öz beýanyny tapýar. Awtoulagda awtomatiki usulda sagatda 70 mil (114 km) tizlikde işe girizilýän işjeň dik stabilizatorlar bar.

Kuzow we monokok doly uglerod süýüminden ýasalýar, şonuň üçin awtoulagyň agramy 1360 kg-a ýetmeýär. Giperkar Ilmor Engineering bilen bilelikde işlenip düzülen we 850 at güýjüne çenli öndürýän tebigy atmosferaly 6,2 litrlik V8 hereketlendirijisi bilen işleýär. Ol yzky tigri herekete getirýär we alty tizlikli mehaniki transmissiýa bilen utgaşdyrylýar.
96 km/sagat tizlige ýetmek üçin giperkara 2,5 sekunt gerek bolýar, iň ýokary tizligi 354 km/sagada barabar. Salonda sensor ekranlaram, wirtual gurallar panelem, rulda oturdylan düwmelerem ýok. Analog tahometr Merkezi konsolda diňe analog tahometr ýerleşdirilen, motor adaty açar bilen otlanýar. Nawigasiýa we multimediýa funksiýalaryna eýesiniň smartfony arkaly girip bolýar.



Blackbird çäkli 71 nusgada çykarylar. Bahalary salgytlary hasaba almanyňda 2,5 million dollardan başlaýar.
Seriýanyň üçden iki böleginden gowragy eýýäm bron edildi. Ýöne Hennessey önümçilige 2029-njy ýyldan bäri girişmez.