Hytaýda zeper ýetenden soň özbaşdak dikelýän janly mata döredildi

06.08.2026, 17:034,889
1 / 2

Hytaýly alymlar Cordyceps militaris kömeleginiň janly öýjüklerinden ybarat üýtgeşik material döretdiler. Onuň zeper ýetenden soň özbaşdak dikelmäge ukyby bilen tapawutlanýar.

Şençžen ýokary tehnologiýalar institutynyň hünärmenleri barlag işleriniň netijelerini «Science Advances» žurnalynda paýlaşdylar.

Ölen miseliý kömeleginden ýasalan öňki materiallardan tapawutlykda, täze mata önümçiligiň ähli tapgyrlarynda öýjükleri janly ýagdaýda saklaýar. Şonuň üçin ol has berk bolýar we has uzak wagtlap ulanyp bolýar.

Material suwuk iýmit gurşawynda ýetişdirildi, ol ýerde kömelek özbaşdak miseliý granulalaryny emele getirdi. Olar ýygnalandan soň barlagçylar önümleri pes temperaturada guratdylar we gliserin bilen işlediler. Netijede, mata epläp, kesip we tikip boljak görnüşe getirildi.

Alymlar dört sany inçe zolakdan agramy 1 kg bolan ýüki göterip bilýän ýüp ýasadylar.

Şeýle hem alymlar materiala goşmaça aýratynlyklary berdiler. Genetik taýdan üýtgedilen hamyrmaýalar himiki boýaglary ulanmazdan gök, gyzyl, mämişi we melewşe pigmentleri almaga mümkinçilik berdi, Aspergillus niger kömelegi bolsa ultramelewşe şöhlelenmeden goragy üpjün etdi.

Özbaşdak dikelmek ukyby materialyň esasy aýratynlygy boldy. Ony abatlamak üçin zeper ýeten ýeri suw bilen çyglap, täze kömelek granulalaryny sepmek ýeterlikdir. Janly öýjükler ýyrtylan ýerini kem-kemden doldurýar-da, matanyň gurluşyny dikeldýär.

Ulanyş möhleti gutarandan soň, material tebigata gaýdyp gelýär: synaglarda ol toprakda 40–41 günüň dowamynda doly diýen ýaly dargap gitdi. Deňeşdirip aýtsak, adaty sintetik eşikler zibilhanalarda onlarça ýyllap dargaman galýar.

Häzirlikçe tehnologiýa işläp düzülişiniň başlangyç tapgyrynda. Alymlar materialyň gündelik ulanmaga näderejede laýykdygyny, maşynda ýuwmaga ýaramlylygyny, berkligini näderejede saklaýandygyny we geýlende zerur rahatlygy üpjün edişini öwrenip ýörler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.