Deri ýaly berk, ýüpek ýaly ýumşak: Louis Vuitton täze materialdan taýýarlanan eşikleri görkezdi

12.08.2026, 15:524,246
1 / 4

Louis Vuitton täze Silk Tech materialyndan taýýarlanan «LV Silk Tech» kolleksiýasyny hödürledi — bu material 72% gaýtadan işlenen tehniki süýümden we 28% ýüpekden ybarat.

Kompaniýa sport materiallarynyň rahatlygyny we berkligini brende mahsus bolan nepislik bilen birleşdirip, ony eşikler we aksessuarlar üçin peýdalandy.

Mata suw geçirmeýär, ýygyrt bolmaýar we sökülmäge çydamly. Şol bir wagtyň özünde-de, ol ýeňil we ýumşak.

Kolleksiýa ýeňil kapýuşonly üstki geýimleri, perli kurtkalary, şortylary, giň sport balaklaryny we athleisure stildäki beýleki zatlary öz içine aldy. Eşikler brendiň özboluşly Monogram nagşy bilen bezeldi.

Louis Vuitton aksessuarlara hem aýratyn üns berdi. Brend ýol we sport torbalarynyň berkligini saklap, olary has ýeňil etdi. Modelleriň arasynda 50 kilograma çenli agramy götermäge niýetlenen «LV Silk Tech City» torbasy hem bar.

Kolleksiýa dürli ýagdaýlarda — syýahatlarda, şäherde, dynç alyşda we sport bilen meşgullananyňdan soň ulanmaga niýetlenýär.

Louis Vuitton täze Silk Tech materialynyň tehniki eşikleriň rahatlyk-berklik häsiýetlerini endama ýakymlylyk, şol bir wagtyň özünde-de kaşaňlyk bilen utgaşdyrýandygyny belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.