«Vogue» žurnaly Jenap Spad (iňlisçe – Sir Spud) atly italýan lewretkasyny 2026-njy ýylyň iň ýaraşykly iti diýip ykrar etdi. Ol ikinji gezek geçirilýän «Dogue» bäsleşiginiň finalynda 25 sany itiň arasynda tapawutlanmagy başardy.
Finalçylar dünýäniň ähli künjeklerinden gelen müňlerçe arzalardan saýlanyp alyndy.
Jenap Spadyň suraty «Dogue» žurnalynyň elektron sanynyň daşky sahypasynda peýda boldy.

Eminler suratlara üç ölçeg boýunça baha berdi: fotosuratyň kompozisiýasy bahanyň 50%-ini, suratda görkezilen itiň özboluşly häsiýeti — 25%-ini düzdi, ýene 25%-i bolsa it mährine berildi.
«Jenap Spad ilki bizi özüniň kemsiz arkaýynlygy bilen haýran galdyrdy, soňra bolsa içiňden geçip gelýän hem-de bilesigeliji garaýşy bilen özüne çekdi» – diýip, «Vogue» topary teswir berýär.
Eýesi Amina Jenap Spady hemişe adamyň ýanynda bolmak isleýän «iň wepaly we mähirli it», şeýle hem «özüniň owadan durşy we aýratyn bir özüne çekijiligi bilen hakyky nepisligiň nusgasy» diýip atlandyrdy. Onuň pikiriçe, filmde öý haýwanyna beýik britaniýaly aktýor Ien Makkellen ses berip bilerdi.
Jenap Spad iki dilli maşgalada ýaşaýar hem-de iňlis we fransuz dillerine düşünýär. Aminanyň aýtmagyna görä, iňlis dilinde onuň bilen has ýumşak, fransuz dilinde bolsa has haýbatly gepleşýärler.
It surata özüne mahsus bolan görnüşde düşüpdir — ol, adatça, öň aýaklaryny bir-birine atyp oturýar, hatda ýatanda hem şol durşuny saklaýar. Şol bir wagtyň özünde Jenap Spad pişikleriň, towşanlaryň we belkalaryň yzyndan kowalamagy, şeýle hem iş we mekdep torbalaryndan iýmit tapmagy gowy görýär.
2025-nji ýylda «Dogue» bäsleşiginiň ilkinji ýeňijisi Tango atly it bolupdy.