Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Awto
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Awto
30.09.2025 10:14
3.8k+
Mansory Formula 1-iň sürüjisi üçin ýörite Lamborghini Revuelto döretdi
Mansory sazlaýyş studiýasy Formula 1-däki Haas toparynyň sürüjisi Esteban Okon bilen hyzmatdaşlygy ýola goýandygyny yglan edip, fransuz sürüjisi üçin ýörite döredilen Lamborghini Revuelto-ny hödürledi. Okonyň adynyň we familiýasynyň baş harplaryny hem-de ýaryş belgisini aňladýan, sürüjiniň goly we EO21 ýazgysy goýlan nyşanly öň ganatlary superkaryň ýekeje nusgada çykarylandygyny nygtaýar
29.09.2025 14:20
3.4k+
SAIC bilen Huawei-iň iň elýeterli krossoweri bir sagatda 10 müň deslapky sargyt toplady
Hytaý bazarynda täze elektrikleşdirilen Shangjie H5 krossoweri üçin sargytlar kabul edilip başlandy. Modele bolan gyzyklanma diýseň uly boldy — ilkinji 60 minutda 10 müňden gowrak arza gelip gowuşdy diýip, CarNewsChina habar berýär
29.09.2025 13:46
2.3k+
Maks Werstappen “Ferraride” Nordşlýaýfedäki GT3 ýaryşynda ýeňiji boldy
27-nji sentýabrda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýaryş ýolunda NLS çempionatynyň esasy ýaryşy geçirildi. Onda “Formula-1-iň” dört gezek çempiony, niderlandly Maks Werstappen ýeňiji boldy. Ol Ferrari 296 awtomobilinde 22 ýaşly britaniýaly Kristofer Lulhem bilen bilelikde çykyş etdi
28.09.2025 23:46
4.2k+
Volkswagen Germaniýadaky zawodlarynda önümçiligi wagtlaýyn togtadýar
Ýewropanyň iň uly awtoöndürijileriniň biri bolan Volkswagen elektromobil önümçiliginiň möçberini azaldýar we Germaniýadaky iki zawodynyň işini wagtlaýyn togtadýar. Kompaniýanyň wekiliniň aýtmagyna görä, Swikkaudaky zawod 6-njy oktýabrdan başlap bir hepdelik awtomobil önümçiligini bes eder
28.09.2025 23:35
3.4k+
Mansory-dan täze Lamborghini Urus Venatus ulagy dünýäde iň tiz krossower boldy
Lamborghini Urus Germaniýanyň Mansory atelýesi tarapyndan döredilen Venatus wersiýasyny aldy. Bu dünýäde iň kuwwatly we iň tiz krossower boldy, ol bary-ýogy 2,8 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyrýar, iň ýokary tizligi bolsa 332 km/sag ýetýär
27.09.2025 20:06
6.7k+
Toyota Corolla Cross 2026 täze dizaýn we täze reňkler bilen satuwa çykdy
Toyota täzelenen Corolla Cross 2026 krossoweriniň satuwyna başlady. Model ykjamlygy, häzirki zaman dizaýny we giň tehnologiýalar toplumyny özünde jemleýär. Ulagyň önümçiligi ABŞ-nyň Alabama ştatyndaky Hantswil zawodynda ýola goýuldy, ilkinji awtoulaglar eýýäm Amerikanyň dilerlerine gelip başlady
27.09.2025 19:12
10k+
Opel Grandland-e çyralar arkaly pyýadalar bilen "dil tapyşmany" öwretdiler
Stellantis konserni Opel Grandland krossoweriniň täze nusgasyny tanyşdyrdy. Ol pyýadalar we ýol hereketine gatnaşýan beýleki adamlar bilen ýagtylyk arkaly aragatnaşyk saklap bilýär. Ulag üçünji derejeli «awtopilot» ulgamy, kameralar we ýagdaýy seljerip, ýol hereketindäki «meýilleri çaklaýan» emeli aň bilen enjamlaşdyryldy
26.09.2025 20:51
4k+
Sportkarlardan başlap uçýan ulaglara çenli: GM futuristik nusgalary görkezdi
General Motors kompaniýasynyň dizaýnerleri geljegiň elektromobilçiligine bolan garaýşyny görkezýän taslamalaryň toparyny tanyşdyrdylar. P1-den P5-e çenli indekslenen konseptler — sportkaradan başlap, ýolagçy ulagyna, hatda uçýan maşyna çenli dürli ulag görnüşlerini öz içine alýar diýip, Carscoops ýazýar
26.09.2025 20:26
5.8k+
Ýakynda önümçilikden aýryljak Volkswagen T-Roc Ýewropada iň köp satylan model boldy
2025-nji ýylyň awgust aýynyň jemlerine görä, Ýewropada iň köp satylan awtoulag Volkswagen T-Roc boldy. ÝB ýurtlarynda bu modeliň satuwy 14% ýokarlandy, munuň özi onuň bu ýyl ilkinji gezek satuw reýtinginde birinji orna çykmagyna mümkinçilik berdi
26.09.2025 19:58
4.7k+
7-nji seriýanyň BMW ulagy Neue Klasse tehnologiýalary bilen täzelenme alar
BMW 7-nji seriýa üçin Neue Klasse platformasynyň esasy tehnologiýalaryny girizjek täzelenmäni taýýarlaýar. Ol elektronika, programma üpjünçiligine we sanly gurşawa, şol sanda Panoramic iDrive ulgamyna täsir eder
26.09.2025 19:50
7.7k+
Mercedes-Maybach altyn nyşanly kaşaň S 680 V12 Edition sedanyny çykardy
Mercedes-Benz çäkli V12 Edition seriýasy bilen kaşaň Mercedes-Maybach S 680 sedanyny görkezdi. Bu wersiýa 12 silindrlik hereketlendirijä bagyşlanýar. Önümçilik bary-ýogy 50 nusga bilen çäklenýär, olary döretmäge bolsa Manufaktur bölümçesi jogap berýär
26.09.2025 19:42
5.9k+
Nissan Sentra-nyň dokuzynjy nesli täze dizaýnda çykdy, ýöne öňki motoryny saklap galdy
Nissan kompaniýasy ABŞ-da Sentra sedanynyň eýýäm dokuzynjy neslini hödürledi. Awtoulag daşky görnüşinde we içki böleginde düýpli üýtgeşmelere eýe boldy, ýöne öňki platformasy we şol bir güýç gurluşy saklandy. Täze modeliň satuwy ýylyň ahyrynda başlanar
26.09.2025 18:43
4.9k+
Toyota “Woven City” ady bilen geljegiň şäherini açdy: onda “oýlap tapyjylar” we “dokmaçylar” ornaşdy
Toyota kompaniýasy Fudzi dagynyň etegindäki Sidzuoka prefekturasynda “akylly” şäheri – Woven City-ny resmi taýdan açdy. Bu barada The Japan Times neşiri habar berýär. Şeýle şäheri döretmek pikiri ilkinji gezek bäş ýyl ozal hödürlendi
25.09.2025 20:07
6.9k+
Mercedes-Maybach Hytaýda GLS 480 atly kaşaň ýeňil premium ulagyny hödürledi
Mercedes-Maybach Hytaýda täze GLS 480 Liyi Edition atly krossoweriniň söwdasyna başlady. Modeliň bahasy 1,498 mln ýuana (takmynan 210 müň ABŞ dollary) barabar. Daşky görnüşde ulag Maybach-a mahsus stili saklaýar: dik görnüşli radiator gözenegindäki MAYBACH ýazgysy, uly üçburç logo we 22 ýa-da 23 dýuýmlyk ýörite diskler
25.09.2025 19:51
6.4k+
BMW ilkinji gezek wodorodly X5 krossowerini görkezdi
BMW X5 krossoweriniň täze görnüşini hödürledi. Ol markanyň ilkinji modeli bolup, bäş dürli güýç ulgamynda elýeterli bolar: elektrik, tokdan zarýad edilýän gibrid, benzinli, dizelli we hatda wodorodly. Kompaniýanyň metbugat gullugy wodorod ýangyç elementlerinden alnan elektrik energiýasynda işleýän ulgam bilen enjamlaşdyrylan, üsti örtülen bäşinji nesil X5-iň suratlaryny paýlaşdy
25.09.2025 19:09
2.5k+
Nissan önümçilik modellerini emeli aňly “awtomatik sürüji” bilen üpjün eder
Nissan 2027-nji ýylda kompaniýanyň önümçilik modellerinde peýda boljak ProPilot sürüjä kömek toplumynyň täze nesliniň işlenip taýýarlanýandygyny habar berdi. Ulgam kämilleşdirilen enjamlara we emeli aň bilen programma üpjünçiligine eýe bolar
25.09.2025 15:54
7.7k+
Range Rover Sport dinozawrlaryň hormatyna agressiw bezege eýe boldy
Britaniýanyň Barugzai atelýesi üçünji nesil Range Rover Sport krossoweri üçin täze bezeg komplektasiýasyny hödürledi. Alternatiw kuzow detallarynyň toplumy Raptor diýip atlandyryldy. Bu adyň seçilmegi tötänden däl – dizaýnerler onuň stilini döretmekde hakykatdan hem dinozawrlaryň keşbinden ylham aldylar, ýöne şunuň ýaly at Ford-yň «zarýadlanan» modellerinde hem ulanylýar
25.09.2025 15:29
9.8k+
Braziliýadaky harasat Toyota-nyň zawodyny weýran edip, önümçilige zyýan ýetirdi
Güýçli tupan Braziliýanyň San-Paulu ştatyndaky Portu-Felis şäherinde ýerleşýän Toyota zawodyna zyýan ýetirdi. Carscoops neşiriniň maglumatlaryna görä, zawod näbelli möhlet bilen işini togtatdy. 2016-njy ýylda gurlan we ýylda 108 müňe çenli enjam çykarmaga niýetlenen zawod täze Toyota Yaris Cross krossoweri üçin hereketlendirijileri öndürmelidi
24.09.2025 14:43
3.4k+
Suzuki soňky 22 ýylda ilkinji gezek firma nyşanyny üýtgetdi
Suzuki ýapon kompaniýasy soňky 22 ýylda ilkinji gezek firma logotipini üýtgetdi. Bu barada awtoöndürijiniň metbugat gullugy habar berýär. Üýtgeşmeler düýpgöter bolmady we birbada göze ilmeýär diýen ýaly. Kompaniýanyň bellemegine görä, brendiň tanalýan “S” harpy saklanyp galdy, ýöne ol sanly tehnologiýalaryň eýýamyna gabat gelmek üçin has tekiz boldy
24.09.2025 14:16
5.3k+
Volkswagen Porsche-niň elektromobiller bilen bagly meseleleri zerarly 6 milliard dollar ýitirer
Volkswagen Group özüniň golçur kärhanasy bolan Porsche-niň çykarýan elektrik ulaglary sebäpli 2025-nji ýylda ýitgileriniň 5,1 milliard ýewro (takmynan 6 milliard dollar) ýetip biljekdigini duýdurdy. 20-nji sentýabrda Porsche "bazar şertleri sebäpli" täze elektrik ulagynyň önümçiligini ýatyrjakdygyny mälim etdi
24.09.2025 13:07
4.9k+
Bentley ilkinji ombre reňkli sedanyny görkezdi
Bentley kompaniýasy Flying Spur sedanynda ilkinji gezek ombre reňkleýiş tehnologiýasyny ulandy. Şeýle tehnika iki reňkiň biri-birine akgynly geçişini göz öňünde tutýar - awtoulagyň öň tarapy mawy Topaz, arka tarapy dok gök Windsor reňki bilen boýalýar
24.09.2025 10:08
5.3k+
3019 at güýçli Yangwang giperkary sagatda 496 km tizlige çykyp, Nýurburgringiň rekordyny goýdy
Hytaýyň BYD kompaniýasy elektrik giperkarynyň täze üstünliklerini mälim etdi. Yangwang U9 Extreme (öňki U9 Track Edition) modeli Germaniýadaky Automotive Testing Papenburg synag meýdançasynda iň ýokary 496,22 km/sag tizlige ýetip, rekord goýdy
24.09.2025 09:58
2k+
Volkswagen Polo, Golf we Touareg ýaly meşhur modellerini täzeläp, elektromobile öwrer
Volkswagen kompaniýasy öz meşhur modellerini täzelemegi we olary elektrik hereketlendirijisine geçirmegi maksat edinýär. Ilki bilen täze ID.2 kompakt hetçbek peýda bolar — ol täze Polo hökmünde çykarylar. Soňra bolsa elektrik Golf, Tiguan we Roc modelleri görkeziler
23.09.2025 16:14
6.3k+
Rolls-Royce potologynda ýyldyzly asmany bolan Cullinan-y döretdi
Rolls-Royce Cullinan krossoweriniň Cosmos diýlip atlandyrylýan ýörite wersiýasyny çykardy. Awtoulagda özboluşly interýer bar: “ýyldyzly asman” firma mahsus podweskasynyň elde çekilen kosmiki peýzaž bilen üsti ýetirilýär
22.09.2025 23:59
6.6k+
Ford Expedition 2026-nyň alyp gaçmakdan goragyny güýçlendirdiler
Ford kompaniýasy 2026-njy ýylyň modeli bolan Expedition ulagyny Security Package atly toplumy bilen enjamlaşdyrdy. Bu ulgam ähli görnüşlerde — XL, Active, Tremor, Platinum we King Ranch — komplektasiýalarda elýeterli bolup, FordPass mobil goşundysy arkaly işledilýär
22.09.2025 18:57
8k+
Hyundai ýarym milliondan gowrak Palisade ulaglaryny yzyna gaýtarýar
Hyundai ABŞ-da 2020-2025-nji ýyllarda öndürilen 568 müňden gowrak "Palisade" awtoulagyny tehniki näsazlyklar sebäpli yzyna gaýtarýandygyny habar berdi. Bu barada "Reuters" habar gullugy ABŞ-nyň Ulag ýollarynda hereket howpsuzlygy boýunça milli müdirligine (NHTSA) salgylanyp habar berýär
22.09.2025 18:45
9.4k+
ABŞ-da enjam panelindäki näsazlyk sebäpli 590 müňden gowrak Toyota we Lexus yzyna gaýtarylýar
Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasy enjam panelindäki bolup biljek näsazlyk sebäpli ABŞ-da 591 377 awtomobiliň yzyna gaýtarylýandygyny habar berdi. Kemçilik sebäpli sürüjiler tizlik, teker başyşy, tormoz ulgamynyň işi we beýleki görkezijiler ýaly möhüm maglumatlary görmän biler
22.09.2025 18:01
3.3k+
Mercedes Germaniýada öz zerurlyklary üçin hususy ýel elektrostansiýasyny gurar
Mercedes-Benz Germaniýanyň demirgazygynda Papenburg şäherindäki synag ýolunyň çäginde hususy ýel elektrostansiýasynyň gurluşygyna başlady. 2027-nji ýyla çenli, takmynan, 800 gektarlyk ýerde umumy kuwwaty 140 megawatt bolan 20 ýel turbinasyny gurnamak meýilleşdirilýär
22.09.2025 00:52
10k+
Lexus LX wnedorožnigini garderobly “kaşaň” gözellik salonyna öwürdi
Lexus-yň amerikan bölümi özüniň flagman LX wnedorožnigi bolan Glam LX konseptiniň adaty bolmadyk görnüşini görkezdi. Awtoulag garderobly we serpilip açylýan dört gapyly ykjam gözellik salonyna öwrüldi. Iň uly üýtgeşmeler ýükdanyna degişli boldy
20.09.2025 17:48
21k+
Täsin ýaryş: iň inçe, iň gysga we iň ýasy maşyn öz arasynda ýaryş geçirdi
Italiýada adaty bolmadyk ýaryş geçirildi — oňa üç sany özboluşly Fiat Panda gatnaşdy. Ýaryşa dünýäniň iň gysga, iň inçe we iň pes maşynlary atlaryna dalaş edýän ulaglar gatnaşdy. Netijede iň gysga ulag ýeňiş gazandy
20.09.2025 06:50
4.1k+
Bugatti La Voiture Noir auksiona çykarylar, ýöne näçeräk bahadan we kime satyljagy gizlin bolup galar
Broad Arrow auksion öýi we SBX onlaýn platformasy auksiona gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilip başlanandygyny habar berdi, onuň esasy harydy - Bugatti La Voiture Noir özboluşly superkary bolar. Bu awtoulag bir nusgada çykarylan we bir wagtlar dünýäde iň gymmat täze awtoulag hasaplanýardy
20.09.2025 06:29
4.2k+
Toyota täzelenen GR Corolla 2026 üçin sargytlary kabul edip başlady
Toyota Gazoo Racing ýapon dilerlerinde GR Corolla hetçbeginiň täzelenen görnüşi üçin sargytlaryň kabul edilip başlanandygyny habar berdi. Satuw 2026-njy ýylyň 3-nji martynda başlar. Täzelenmeler Super Taikyu seriýasynyň ýaryş ulaglarynda ulanylýan tehnologiýalary önümçilik awtomobillerine geçirmäge gönükdirilendir
19.09.2025 14:53
2.9k+
755 müňden gowrak Opel, Peugeot, Fiat we Citroën ýangyjyň syzyp bilmegi sebäpli yzyna gaýtarylýar
Maserati, Chrysler we Jeep brendlerini öz içine alýan Stellantis konserni ýangyjyň syzmak töwekgelçiligi sebäpli bütin dünýäde 755 müňden gowrak awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu mesele ýangyna getirip biler diýip, Bild gazeti habar berdi
19.09.2025 01:05
6.2k+
Škoda täze ýylpyldysyz kuzowly Elroq RS ulagyny hödürledi
Škoda Auto kompaniýasy kuzowyň täze boýagy – “Matte Grey” ýylpyldysyz reňki bilen Elroq RS elektrik krossoweriniň hataryny giňeltdi. Bu ýylpyldamaýan boýag tehnologiýasynyň häzirki modelde ilkinji gezek ulanylmagy boldy
18.09.2025 10:35
1.5k+
Shell elektromobillere 10 minutda zarýad berjek tehnologiýany oýlap tapdy
Elektrik ulaglary üçin çalt zarýad beriş tehnologiýalary dürli ugurlar boýunça ösýär. Kuwwatly zarýad beriş stansiýalaryndan başga-da, batareýany dolandyrmak ulgamlary uly ähmiýete eýe. Shell kompaniýasy RML Group bilen bilelikde göwrümi 34 kWt bolan synag batareýasyny 10 minutda 10%-den 80%-e çenli zarýad bermäge mümkinçilik berýän EV-Plus sowadyjy suwuklygyny işläp taýýarlady
18.09.2025 10:31
9.1k+
1180 at güýçli täze BYD wnedorožnigi 3,5 sekuntda 100-e çykýar. Bahasy 179 800 dollar
Bir ýyl ozal Hytaýyň BYD kompaniýasy ähli tekerleri garaşsyz herekete gelýän, “tank öwrümini” ýerine ýetirmäge we hatda suwda saklanmaga-da ukyply YangWang U8 wnedorožnigi bilen tanyşdyrdy. Indi awtoulag öndürijisi bahasy 179 800 dollar bahasy bolan U8L-iň uzaldylan görnüşini çykardy
18.09.2025 10:28
2.7k+
Lamborghini sürüjiniň ýalňyşlyklaryny düzedip biljek akylly superkar döredýär
Lamborghini sürüjä häzirki wagtda ýalňyşlyklary düzetmäge we awtoulaga gözegçiligi ýokarlandyrmaga kömek etjek emeli aň döredýär. Markanyň tehniki direktory Ruwen Moruň sözlerine görä, kompaniýa eýýäm ýol şertlerine we sürüliş stiline laýyklap torky dolandyrmak üçin maşyn öwreniş elementlerini ulanýar
18.09.2025 10:11
1.9k+
Gibridleriň we elektromobilleriň dünýädäki satuwy ýylyň başyndan bäri 25% ösdi
2025-nji ýylyň awgust aýynda dünýäde 1,7 million gibrid we elektrik ulagy satyldy. Bu geçen ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende 15% köp. Ýylyň başyndan bäri satuw 25% ýokarlandy, ýöne esasy ösüş iň uly bazarlaryň daşyndaky sebitlerde bolup geçdi diýip, Rho Motion seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanýan Electrek neşiri ýazýar
17.09.2025 09:40
3.9k+
Ilon Mask Tesla-nyň 1 milliard dollarlyk paýnamalaryny satyn aldy
Ilon Mask soňky bäş ýylyň içinde ilkinji gezek Tesla kompaniýasynyň paýnamalaryny açyk bazardan satyn aldy. Telekeçi jemi 1 milliard dollarlyk 2,57 million paýnamany satyn aldy. Bu Teslanyň taryhynda iň uly insaýder satyn alşydyr diýip, ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasynyň (SEC) hasabatyna salgylanýan CNBC habar berýär
17.09.2025 09:35
4.8k+
Tesla kompaniýasy Cybertruck-yň iň elýeterli görnüşiniň önümçiligini togtatdy
Tesla satuwa çykarylandan bary-ýogy birnäçe aýdan soň Cybertruck-yň iň elýeterli görnüşiniň önümçiligini bes etdi. Elektrik pikap täjirçilik taýdan şowsuz boldy. Ozal kompaniýa bir milliondan gowrak sargyt barada habar beripdi
«
1
…
18
19
20
…
86
»
«
1
…
15
16
17
18
19
20
21
22
23
…
86
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.