Rolls-Royce potologynda ýyldyzly asmany bolan Cullinan-y döretdi

23.09.2025, 11:146,280
1 / 5

Rolls-Royce Cullinan krossoweriniň Cosmos diýlip atlandyrylýan ýörite wersiýasyny çykardy. Awtoulagda özboluşly interýer bar: “ýyldyzly asman” firma mahsus podweskasynyň elde çekilen kosmiki peýzaž bilen üsti ýetirilýär.

Bezegiň pikiri dört ýaşly oglunyň kosmosa bolan gyzyklanmasyny höweslendirmek isleýän müşderiden gaýdýar. Potolok kompaniýanyň suratkeşi tarapyndan elde çekildi - işe 160 sagatdan gowrak wagt sarp edildi. Akmaýanyň Ýolunyň görnüşini bermek  üçin suratkeş 20-den gowrak reňk gatlagyny çaldy.
Surat çekilip bolnandan soň, ýyldyzly asmany emele getirýän LED yşyklary üçin onuň ýüzünde deşikler edildi. Çyralaryň takyk sany aýan edilmeýär, ýöne şuňa meňzeş Rolls-Royce taslamalarynda, köplenç, olaryň sany müňden geçýär.
Kosmos temasy interýeriň reňk gammasynda we aýry-aýry içki elementlerde – mysal üçin, salonyň käbir bölekleriniň nagyşlarynda dowam edýär.
Bu Cullinan potology elde çekilen suratly ilkinji Rolls-Royce awtoulagy boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.