Sürülmedik Bugatti Bolide-i auksionda 6 million dollara goýdular
04.07.2025 11:56
6.1k+

Sürülmedik Bugatti Bolide-i auksionda 6 million dollara goýdular

Awgust aýynda 001 şassi belgili Bugatti Bolide giperkarynyň birinji nusgasy Gooding & Company tarapyndan auksiona çykarylar. Hünärmenleriň baha bermegine görä, onuň bahasy 6 million dollara ýetip biler. Bu awtoulag diňe ýaryş ýollarynda ulanmak üçin niýetlenendir
Toyota benzinli Grand Highlander-i çykarmak üçin elektromobilleriniň önümçiligini gijikdirýär
04.07.2025 11:54
7k+

Toyota benzinli Grand Highlander-i çykarmak üçin elektromobilleriniň önümçiligini gijikdirýär

Toyota benzin bilen işleýän meşhur Grand Highlander ulagynyň önümçiligini artdyrmak üçin ABŞ-da elektrik ulaglarynyň öndürilişini gijikdirýär diýip, Bloomberg habar berýär. Ýapon awtoulag öndürijisi Jorjtaun zawodynda (Kentukki ştaty) täze elektrikli wnedorožnigiň önümçiligine badalga bermegiň möhletini 2026-njy ýyldan 2028-nji ýyla geçirdi
Nissan hereketlendirijisindäki näsazlygy sebäpli 443 müňden gowrak ulagyny yzyna ýygnaýar
03.07.2025 18:27
4k+

Nissan hereketlendirijisindäki näsazlygy sebäpli 443 müňden gowrak ulagyny yzyna ýygnaýar

Nissan Motor Co. ýapon kompaniýasy hereketlendiriji bilen bagly näsazlyk sebäpli ABŞ-da 443 899 awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasynyň (NHTSA) saýtynda habar berilýär
Volkswagen howpsuzlyk ýassygyndaky kemçilik sebäpli 16 500 awtoulagy yzyna çagyrýar
03.07.2025 18:20
3.4k+

Volkswagen howpsuzlyk ýassygyndaky kemçilik sebäpli 16 500 awtoulagy yzyna çagyrýar

Volkswagen ýolagçy howpsuzlyk ýassygy ulgamyndaky kemçilik sebäpli dünýäde 16 510 ulagy yzyna çagyrmaklyga girişdi. Kompaniýada kemçiligiň gaz generatory bilen baglanyşyklydygyny, onuň çaknyşyk wagtynda zerur goragy üpjün edip bilmejekdigini habar berdiler
Italiýaly awtomehanik dünýäde iň insiz awtomobili döretdi
03.07.2025 17:58
16k+

Italiýaly awtomehanik dünýäde iň insiz awtomobili döretdi

Italiýaly mehanik Andrea Marassi dünýäde iň insiz işleýän awtomobili döretdi. Ol 1993-nji ýylyň Fiat Panda modelini esas hökmünde ulandy. Ulag üýtgedilenden soň, onuň ini ýarym metrden az boldy. Daşky görnüşi boýunça awtomobil adaty hetçbege däl-de, has dogrusy, karikatura meňzeýär
Toyota kompaniýasy Prius modeliniň ýörite görnüşini çykardy
03.07.2025 14:31
5.8k+

Toyota kompaniýasy Prius modeliniň ýörite görnüşini çykardy

Toyota kompaniýasy Night Shade (“Gijeki kölege”) ady bilen Prius gibridiniň ýörite görnüşini çykardy. Awtomobil bamperlerinde gara goşundylara, gara gapy tutarlaryna, alýumin disklere we garaldylan nyşanlara eýe boldy
Volkswagen, BMW we Mercedes sürüjisiz awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döreder
03.07.2025 10:54
5.7k+

Volkswagen, BMW we Mercedes sürüjisiz awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döreder

Volkswagen, BMW, Mercedes-Benz we başga-da Germaniýanyň sekiz kompaniýasy, şol sanda Bosch we ZF awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döretmek boýunça özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekişdiler
Jeep Compass 2026 markanyň Ýewropadaky iň aerodinamik wnedorožnigine öwrüldi
03.07.2025 10:49
3k+

Jeep Compass 2026 markanyň Ýewropadaky iň aerodinamik wnedorožnigine öwrüldi

Jeep markanyň Ýewropa bazary üçin iň aerodinamik wnedorožnigine öwrülen täzelenen Compass 2026-ny hödürledi. Täze krossoweriň aerodinamik garşylygynyň koeffisiýenti 0,29 bolup, bu öňki nesilden 10% gowudyr. Kämilleşdirilen
Lexus Hytaýda täze zawodynyň gurluşygyna başlady
02.07.2025 11:34
12k+

Lexus Hytaýda täze zawodynyň gurluşygyna başlady

Lexus kompaniýasy elektromobil önümçiligi boýunça Hytaýdaky ilkinji zawodynyň gurluşygyna başlady. Kärhana Şanhaý şäheriniň golaýynda ýerleşer we ilkinji awtoulaglar konweýerden 2027-nji ýylda çykyp başlar diýip, CarNewsChina neşiri habar berýär
Nissan Qashqai ilkinji bolup üçünji nesil e-Power gibrid ulgamy bilen çykar
02.07.2025 11:31
2.9k+

Nissan Qashqai ilkinji bolup üçünji nesil e-Power gibrid ulgamy bilen çykar

Nissan kompaniýasy e-Power gibrid ulgamynyň üçünji neslini hödürledi. Täze ulgam ilki bilen Ýewropa bazary üçin niýetlenen Qashqai krossowerine ornaşdyrylar. Modeliň önümçiligine Sanderlanddäki (Beýik Britaniýa) zawodda eýýämden başlandy, satuwlary bolsa sentýabr aýyna meýilleşdirilýär
Barlag: wnedorožnikleriň gözýetim meýdanynyň 25 ýylda 58% ýaramazlaşandygyny görkezdi
02.07.2025 01:01
5.5k+

Barlag: wnedorožnikleriň gözýetim meýdanynyň 25 ýylda 58% ýaramazlaşandygyny görkezdi

Soňky 25 ýylda awtoulaglaryň göwrüminiň yzygiderli ulalmagy sürüjiniň oturan ýerinden gözýetimiň ep-esli peselmegine sebäp boldy. Awtoulag howpsuzlygy boýunça Amerikan ätiýaçlandyryş institutynyň (IIHS) berýän maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň Ulag ministrliginiň seljerijileri birnäçe meşhur modeller üçin bu görkezijiniň 58% peselendigini hasaba aldylar
Mercedes arka ganatdaky kemçilik sebäpli «AMG One» giperkarlaryny yzyna çagyrýar
02.07.2025 00:58
4.4k+

Mercedes arka ganatdaky kemçilik sebäpli «AMG One» giperkarlaryny yzyna çagyrýar

Mercedes-Benz kompaniýasy bilen Germaniýanyň Federal awtotransport edarasy bilelikde 275 sany nusgada öndürilen Mercedes-AMG One giperkarlarynyň 219-synyň yzyna çagyrylýandygyny mälim etdi. Bu bolsa ähli öndürilen modelleriň, takmynan, 80%-i diýmek bolýar
Ferrari suwasty ganatly ýelkenli ýahtanyň taslamasyny görkezdi. Oňa deňiz giperkary diýilýär
02.07.2025 00:54
4.4k+

Ferrari suwasty ganatly ýelkenli ýahtanyň taslamasyny görkezdi. Oňa deňiz giperkary diýilýär

Ferrari abraýly umman ýaryşlaryna gatnaşmak üçin döredilen eksperimental ýahta bolan Hypersail taslamasyny hödürledi. Oňa ýelkenli giperkar diýilýär: gäminiň uzynlygy 30 metre deň, beýikligi bogaldagy bilen birlikde 40 metre çenli bolar
Mersedes-AMG 2028-nji ýylda täze V8-i çykarmaga taýýarlanýar
02.07.2025 00:51
5k+

Mersedes-AMG 2028-nji ýylda täze V8-i çykarmaga taýýarlanýar

Mersedes-AMG täze V8 hereketlendirijisini işläp taýýarlaýar, ony 2027-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2028-nji ýylyň başynda çykarmagy meýilleşdirilýär. Muny bölümiň başlygy Mihael Şibe Motor1 bilen bolan söhbetdeşlikde mälim etdi
Kýonigsegg Jesko giperkarynyň iň ýowuz wersiýasyny çapyşyk atynyň hormatyna atlandyrdy
01.07.2025 18:15
3.5k+

Kýonigsegg Jesko giperkarynyň iň ýowuz wersiýasyny çapyşyk atynyň hormatyna atlandyrdy

Şwesiýanyň Koenigsegg kompaniýasy Jesko giperkarynyň iň ekstremal görnüşini - Sadair’s Spear atly modeli hödürledi. Täze modeliň ady esaslandyryjynyň kakasy we kompaniýanyň başlygy Ýesko fon Kýonigseggiň iň gowy görýän atynyň ady bilen baglanyşyklydyr
Mercedes-AMG 1360 at güýji bolan GT XX ulagynyň nusgasyny görkezdi
01.07.2025 18:05
3.8k+

Mercedes-AMG 1360 at güýji bolan GT XX ulagynyň nusgasyny görkezdi

Mersedes-AMG 2026-njy ýyla çenli önümçilik sedanyna öwrüljek aşa güýçli dört gapyly kupesini - GT XX konsepsiýaly elektrik awtoulagyny hödürledi. Täze model Porsche Taycan, Xiaomi SU7 Ultra we beýleki ýokary öndürijilikli elektrik awtoulaglary bilen bäsleşmek üçin döredildi
Tesla elektromobili ilkinji gezek alyjysynyň öýüne özbaşdak bardy
01.07.2025 14:18
5.7k+

Tesla elektromobili ilkinji gezek alyjysynyň öýüne özbaşdak bardy

Tesla kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask Tesla Model Y elektrik awtoulagynyň öz-özüni ilkinji gezek müşderä gowşurandygyny habar berdi. Bu barada ol özüniň X sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda ýazdy
Toyota RAV4 dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy
30.06.2025 19:19
6.9k+

Toyota RAV4 dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy

Toyota RAV4 ýapon krossoweri 2024-nji ýylda dünýäde iň köp satylan awtomobil boldy. Ol birinji orundan geçen ýylky lider Tesla Mode Y-ny gysyp çykardy. JATO Dynamics analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde iki modeliň arasyndaky satuw tapawudy 2 müň awtomobilden gowrak boldy
Volvo XC60 brendiň iň köp satylan modeli boldy. Rekord 30 ýyldan soň üýtgedi
30.06.2025 10:57
4k+

Volvo XC60 brendiň iň köp satylan modeli boldy. Rekord 30 ýyldan soň üýtgedi

XC60 krossoweri Volvo-nyň taryhynda iň köp satylan modeli boldy. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, onuň umumy satuwy 2,7 milliondan geçdi. Mundan ozal, rekord Volvo 240 modeline degişlidi. Bu ulag 1993-nji ýylda önümçilikden aýrylypdy we onuň umumy satuwy, takmynan, 2,68 million bolupdy
Xiaomi ilkinji krossoweri üçin 3 minutda 200 müň sargyt aldy
29.06.2025 14:39
6.4k+

Xiaomi ilkinji krossoweri üçin 3 minutda 200 müň sargyt aldy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýyň bazarlary üçin niýetlenen ilkinji krossoweri bolan YU7 modeliniň satuwyna başlady. Elektromobil dürli herekete getiriş ulgamlary we akkumulýatorlary bilen üç görnüşde hödürlenýär. Bahalary 253 500-den 329 900 ýuana çenli aralykda (takmynan, 35400-den 46000 dollara çenli) üýtgeýär
Nissan Ýakyn Gündogar üçin taryhynda iň güýçli Patrol-y çykardy
29.06.2025 12:44
7.4k+

Nissan Ýakyn Gündogar üçin taryhynda iň güýçli Patrol-y çykardy

Nissan kompaniýasy meşhur Patrol awtoulagynyň iň güýçli görnüşini — 2025-nji ýylyň Nismo modifikasiýasyny tanyşdyrdy. Täze model Dubaýda geçirilen ýörite çärede görkezildi, bu ýerde şeýle awtoulaglara isleg aýratyn ýokary
Xiaomi SU7 Ultra Nýurburgring ýaryş ýolunyň iň çalt üç awtoulagynyň hataryna girdi
28.06.2025 14:51
4.9k+

Xiaomi SU7 Ultra Nýurburgring ýaryş ýolunyň iň çalt üç awtoulagynyň hataryna girdi

Xiaomi Hytaýda SU7 Ultra supersedanynyň çäkli ýaryş wersiýasyny – Nýurburgring Limited Track Edition modelini hödürledi. Bu model bary-ýogy 100 nusgada öndüriler. Bu modeliň synag nusgasy Nýurburgring ýaryş ýoluny 6 minut 22,091 sekuntda geçdi
Gülgüne kaşaňlyk: Bentley Bentayga krossoweri Barbiniň äheňinde taýýarlanyldy
28.06.2025 14:17
6.9k+

Gülgüne kaşaňlyk: Bentley Bentayga krossoweri Barbiniň äheňinde taýýarlanyldy

Bentley kompaniýasy Bentayga krossoweriniň brend üçin adaty bolmadyk görnüşini hödürledi — müşderiniň islegi boýunca awtoulag Candy Pink reňkde taýýarlanyldy. ABŞ-dan bir müşderi Bentley-dan gülgüne reňkli Bentayga awtoulagyny sargyt etdi
Jeep täze Cherokee-niň dizaýnyny we onuň taryhy özgerişiniň tizerini görkezdi
27.06.2025 20:08
4.7k+

Jeep täze Cherokee-niň dizaýnyny we onuň taryhy özgerişiniň tizerini görkezdi

Jeep kompaniýasy täze nesil Cherokee krossoweriniň ilkinji suratlaryny hem-de modeliň ýyllar boýy üýtgeýşini görkezýän tizer-wideony paýlaşdy. Wideoda ilkinji nesillerdäki burçly dizaýndan tä häzirki zaman aýlawly formalara, täze nusgawy görnüşe çenli ösüş görkezilýär
2026-njy ýylyň Ford Explorer Tremor-y tanyşdyryldy. Ol Timberline-a derek çykdy
27.06.2025 17:52
4k+

2026-njy ýylyň Ford Explorer Tremor-y tanyşdyryldy. Ol Timberline-a derek çykdy

Ford kompaniýasy 2026-njy model ýylynyň Explorer Tremor wnedorožniginiň täzelenen görnüşini hödürledi. Model önümçilikden aýrylan Timberline komplektasiýasynyň ornuna geldi. Täze model klirensi 25 mm ýokarlandyrylan wnedorožnik podweskasy, güýçlendirilen stabilizatorlar, öň tarap we yz tarap gorag plastinalary, şeýle hem ähli ýola bolýan rezinli 18 dýuýmlyk tekerler bilen enjamlaşdyrylandyr
Lamborghini 29 nusgada taryhynda iň güýçli ýol modelini çykarar
27.06.2025 17:48
3.5k+

Lamborghini 29 nusgada taryhynda iň güýçli ýol modelini çykarar

Lamborghini kompaniýasy awgust aýynda Kaliforniýada geçiriljek Monterey awtoulag hepdeligi üçin täze superkaryň ilkinji görkezilişine taýýarlanýar. Täze awtoulag Fenomeno diýlip atlandyrylar we markanyň taryhynda iň güýçli ýol modeli bolar diýip, Supercar Blog habar berýär
Tekerleriň üstündäki konsert zaly: Audi täze modellerine Dolby Atmos tehnologiýasyny ornaşdyrýar
27.06.2025 12:19
4.4k+

Tekerleriň üstündäki konsert zaly: Audi täze modellerine Dolby Atmos tehnologiýasyny ornaşdyrýar

Dolby we Audi kompaniýalary hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy, onuň çäklerinde awtoulag öndürijisiniň ulaglaryna Dolby Atmos töwerekleýin ses tehnologiýasy ornaşdyrylar. Bu barada Dolby Laboratories kompaniýasy habar berdi
Toyota Land Cruiser Prado-nyň täze gibrid wersiýasyny çykardy: hem tokda, hem dizelde
27.06.2025 11:37
7.1k+

Toyota Land Cruiser Prado-nyň täze gibrid wersiýasyny çykardy: hem tokda, hem dizelde

Toyota kompaniýasy Land Cruiser Prado ulagynyň gibrid wersiýasyny tanyşdyrdy. Bu ulag modeliň Ýewropa bazary üçin niýetlenilen elektrikleşdirilen ilkinji görnüşidir. Täze 48-woltlyk gibrid ulgam, häzirki wagtda adaty Prado modellerinde ulanylýan 2,8 litrlik dizel hereketlendirijiniň binýadynda döredildi
Toyota Land Cruiser Prado wnedorožnigi furgona öwrüldi
26.06.2025 14:44
13k+

Toyota Land Cruiser Prado wnedorožnigi furgona öwrüldi

Toyota-nyň Britaniýadaky bölümi Land Cruiser wnedorožniginiň (beýleki sebitlerde Land Cruiser 250 ýa-da Land Cruiser Prado diýlip atlandyrylýan model şu ýerde şeýle at bilen satylýar) täze wersiýasyny hödürledi
Bentley 296 müň dollardan täze kaşaň Continental GT-leri hödürledi
26.06.2025 14:15
5k+

Bentley 296 müň dollardan täze kaşaň Continental GT-leri hödürledi

Bentley Core we Azure komplektasiýalarynda Continental GT 2025-iň täzelenen görnüşlerini görkezdi. Olar kuwwaty boýunça top Speed-den we Mulliner-den pes, ýöne markanyň firma hilini - rahatlygy, kaşaňlygy we dinamikasyny saklaýarlar
Ford aýal-gyzlaryň moda brendi bolan Alice + Olivia-nyň äheňinde Bronco hödürledi
26.06.2025 14:11
5.2k+

Ford aýal-gyzlaryň moda brendi bolan Alice + Olivia-nyň äheňinde Bronco hödürledi

ABŞ-da Ford Bronco-nyň alyjylarynyň 30% töweregi - zenanlar. Zenanlaryň arasynda modeliň täsirini has-da artdyrmak üçin awtoulag öndürijisi Alice + Olivia moda brendi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýandygyny yglan etdi
Üç müň awtoulagly gämi Ýuwaş ummanynda üç hepdeläp ýanandan soň suwa çümdi
25.06.2025 11:44
28k+

Üç müň awtoulagly gämi Ýuwaş ummanynda üç hepdeläp ýanandan soň suwa çümdi

3048 awtoulagy alyp barýan "Morning Midas" gämisi, üç hepdeläp dowam eden ýangyndan soň, Ýuwaş ummanynda suwa çümdi. Ekipaž agzalarynyň hiç biri zyýan çekmedi, ýöne 70 sany elektromobil we 681 sany gibrid awtoulagy hem öz içine alýan ähli ulaglar gämi bilen bilelikde suwuň düýbüne gitdi
Suzuki Toyota RAV4-iň binýadynda täze Across modelini çykarar
25.06.2025 11:18
5.2k+

Suzuki Toyota RAV4-iň binýadynda täze Across modelini çykarar

2026-njy ýylda Ýewropada Suzuki Across gibridiň ikinji nesli peýda bolar. Model Toyota RAV4-iň platformasynda gurlar. Ilkinji Suzuki Across birneme üýtgedilen RAV4 Plug-in Hybrid görnüşinde bolup, 2020-nji ýylda başgaça faralar, bamper we Suzuki nyşanlary bilen çykypdy
IIHS iň howpsuz awtoulaglary atlandyrdy. TOP 10-lygyň 9-sy Aziýa modelleri, diňe biri Mersedes
25.06.2025 11:06
16k+

IIHS iň howpsuz awtoulaglary atlandyrdy. TOP 10-lygyň 9-sy Aziýa modelleri, diňe biri Mersedes

Ýol howpsuzlygy Amerikan instituty (IIHS) täzelenen Top Safety Pick+ reýtingini çykardy. Onda 2025-nji ýylyň iýun aýyna çenli ABŞ-da bar bolan iň ygtybarly ýeňil ulaglaryň sanawy ýerleşdirildi. Muňa gapdal urgulary
Lexus Toyota Supra-nyň kaşaň görnüşini çykarar 
25.06.2025 10:15
9.2k+

Lexus Toyota Supra-nyň kaşaň görnüşini çykarar 

Toyota GR Supra sport kupesiniň täze neslini işläp taýýarlaýar. Ýapon metbugatynyň habaryna görä, bu modeliň Lexus brendi astynda analogy peýda bolar. Iki awtoulag hem umumy platformada gurlar we gibrid elektrik güýç gurluşyny alar
Ford Meksikada owkalama funksiýaly oturgyçlary we V6 hereketlendirijisi bolan Lobo King Ranch pikapyny görkezdi
24.06.2025 13:44
6.2k+

Ford Meksikada owkalama funksiýaly oturgyçlary we V6 hereketlendirijisi bolan Lobo King Ranch pikapyny görkezdi

Ford kompaniýasy Meksikada 2025-nji ýylyň Lobo King Ranch kysymly awtoulagyň täzelenen görnüşini hödürledi. Bu model markanyň ýurtdaky ýubileýine gabat gelýär we gaýtadan sazlanandan soň model hatary doldurdy. Ol Lariat, Platinum we Platinum Plus HEV komplektasiýalary bilen birlikde satylar
GM smartfona simsiz zarýad bermek üçin oturgyjyň arkalygynda jübi patentledi
24.06.2025 12:02
5.1k+

GM smartfona simsiz zarýad bermek üçin oturgyjyň arkalygynda jübi patentledi

General Motors kompaniýasy smartfonlar üçin täze simsiz zarýad beriş ulgamyny patentledi. Onuň US 2025/0178549 A1 belgi bilen neşir edilen patentinde diňe bir täze amatly jübi däl, eýsem öňdäki oturgyjyň arka tarapynda gurlan doly derejeli zarýad moduly beýan edilýär
Tesla Tehasda robotaksi hyzmatyny işe girizdi – ýöne hemmeler üçin däl
24.06.2025 00:10
6.5k+

Tesla Tehasda robotaksi hyzmatyny işe girizdi – ýöne hemmeler üçin däl

Tesla kompaniýasy Tehas ştatynyň Ostin şäherinde çäklendirilen sürüjisiz taksi hyzmatynyň işe girizilendigini habar berdi. “Tehas ştatynyň Ostin şäherinde Tesla Robotaxi gatnap başlady” – diýlip, kompaniýanyň resmi X akkauntynda aýdylýar
Stellantis tormoz bilen bagly mesele sebäpli Peugeot, Citroen, DS we Opel modellerini yzyna çagyrýar
23.06.2025 13:20
2.7k+

Stellantis tormoz bilen bagly mesele sebäpli Peugeot, Citroen, DS we Opel modellerini yzyna çagyrýar

Stellantis kompaniýalar topary tormoz ulgamyndaky näsazlyk sebäpli birnäçe Peugeot, Citroen, DS we Opel modelleriniň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Mesele elektron tormoz dolandyryşy (EBS) ulgamyndaky alýumin klapan blogy bilen baglanyşykly
Honda harytlary daşamak üçin niýetlenen pedally ýük kwadrosiklini döretdi
22.06.2025 18:08
8.1k+

Honda harytlary daşamak üçin niýetlenen pedally ýük kwadrosiklini döretdi

Honda kompaniýasy şäher şertleri üçin ýörite işlenip düzülen täze eQuad elektrikli kwadrosiklini görkezdi. Bu model welosiped ýollarynda hereket etmek we ýükleri daşamak üçin niýetlenendir. Ykjam dört tigirli ulag serişdesi sürüjiniň oturgyjynyň yzynda ýerleşýän ýük bölümi we welosiped pedallary bilen enjamlaşdyrylandyr
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.