Koenigsegg agramy bary-ýogy 39 kg bolan, 800 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini döretdi
22.06.2025 11:39
5.2k+

Koenigsegg agramy bary-ýogy 39 kg bolan, 800 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini döretdi

Şwesiýanyň Koenigsegg kompaniýasy Dark Matter ady bilen täze elektrik hereketlendirijisini hödürledi. Ol dört orunly Gemera gibrid giperkarynyň öňdäki okuna oturtmak üçin niýetlenýär. Hereketlendirijiniň kuwwaty 800 at güýjüne, aýlama güýji 1250 Nm barabar
Kia 2026-njy ýylyň täzelenen K5 we K8 sedanlaryny tanyşdyrdy
21.06.2025 17:12
5.5k+

Kia 2026-njy ýylyň täzelenen K5 we K8 sedanlaryny tanyşdyrdy

Kia kompaniýasy flagman sedanlarynyň – 2026-njy ýylyň K5 we K8 modelleriniň täzelenen görnüşlerini hödürledi. Awtoulaglaryň ikisi hem täze «Best Selection» atly toplum bilen çykýar. Täze görnüş giňeldilen enjamlary bilen tapawutlanýar
Ford oturgyçlarynda we gapylarynda kemçiligi sebäpli ýarym million ulagyny yzyna çagyrýar
20.06.2025 23:03
4.5k+

Ford oturgyçlarynda we gapylarynda kemçiligi sebäpli ýarym million ulagyny yzyna çagyrýar

Ford kompaniýasy oturgyçlar we gapylar bilen baglanyşykly iki aýry kemçilik sebäpli 500 000 töweregi ulagyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Birinji mesele 302 000 sany Ford Explorer we Lincoln Aviator ulaglaryna degişli
Stellantis awtoulaglar üçin düýpgöter täze geçiriş gutusyny patentledi
20.06.2025 18:56
3.6k+

Stellantis awtoulaglar üçin düýpgöter täze geçiriş gutusyny patentledi

Stellantis kompaniýasy täze üç basgançakly geçiriş karobkasy üçin patent aldy. Täze karobka konserne degişli geljekki elektromobilleriň ýolsuz ýerlerde hem netijeli hereket etmegine mümkinçilik berer. Täze transmissiýanyň Jeep ýa-da RAM ýaly brendleriň doly (ähli tigirlerden) herekete getirijili elektrikli modellerinde ulanylmagy mümkin diýip, «Motor1» habar berýär
Tesla elektrokar önümçiligini togtadar: satylmadyk ulaglary ýerleşdirmäge ýer galmady
20.06.2025 18:37
9k+

Tesla elektrokar önümçiligini togtadar: satylmadyk ulaglary ýerleşdirmäge ýer galmady

30-njy iýundan Tesla Tehasdaky zawodynda elektromobil önümçiligini bir hepdelik togtadar. Bu islegiň pese gaçmagy we satylmadyk awtomobilleriň uly möçberde üýşmegi bilen baglanyşykly boldy. Öndürilen, ýöne satylmadyk ulaglary saklamak üçin bolsa goşmaça parklary kärendesine almaly diýip, Electrec ýazýar
BMW-niň öňki dizaýnerinden täze Xiaomi YU7 elektrokrossoweri çykmaga taýýarlanýar
20.06.2025 09:48
3.7k+

BMW-niň öňki dizaýnerinden täze Xiaomi YU7 elektrokrossoweri çykmaga taýýarlanýar

Xiaomi müşderilere ikinji awtomobilini – YU7 modelini hödürlemäge taýýarlanýar. Önümçilik eýýäm başlady we müňlerçe ulag Pekiniň Içžuan sebitindäki Xiaomi-niň zawodynda taýýar dur. Üpjünçilik iýul aýynda başlap biler
Täze Tesla Model X 2026 dizaýn taýdan kämilleşdi, has rahat boldy we geçýän menzili artdy
19.06.2025 13:59
6.3k+

Täze Tesla Model X 2026 dizaýn taýdan kämilleşdi, has rahat boldy we geçýän menzili artdy

Tesla dizaýn, aerodinamika taýdan has kämilleşen we has rahat bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen Model X ulagyny hödürledi. Esasy üýtgeşmeleriň biri kuzowyň täze sowuk gök reňki – Frost Blue Metallic boldy
ABŞ-da 2025-nji ýylyň iň ygtybarly pikaplarynyň reýtingi düzüldi
19.06.2025 11:14
6.5k+

ABŞ-da 2025-nji ýylyň iň ygtybarly pikaplarynyň reýtingi düzüldi

ABŞ-nyň Ýol howpsuzlygy instituty (IIHS) 2025-nji ýylyň iň ygtybarly pikaplarynyň reýtingini hödürledi. Iň ýokary Top Safety Pick we Top Safety Pick+ bahalaryny diňe iki awtomobil aldy. Bu Toyota Tundra-nyň Crew Cab wersiýasy we Rivian R1T elektrik pikapy boldy
Porsche Taycan Turbo GT ýaryş ýollarynda köpçülikleýin elektromobilleriň rekordyny täzeledi
19.06.2025 11:10
2.7k+

Porsche Taycan Turbo GT ýaryş ýollarynda köpçülikleýin elektromobilleriň rekordyny täzeledi

Porsche Taycan Turbo GT ýaryş ýollarynda iki sany täze rekord goýdy. Arap ýaryşa gatnaşyjysy Ramez Azzam Abu-Dabidäki “Ýas Marina” ýoly boýunça aýlawy 2 minut 7,2 sekuntda geçdi. Bu “Formula-1-iň” Gran-prisiniň geçirilýän awtodromynda köpçülikleýin elektromobiller üçin täze rekord boldy
Pensilwaniýada Tesla-nyň awtopiloty elektromobili demirýol relsleriniň üstüne sürdi
19.06.2025 11:00
12k+

Pensilwaniýada Tesla-nyň awtopiloty elektromobili demirýol relsleriniň üstüne sürdi

Tesla elektromobillerine ornaşdyrylan FSD (Full Self-Driving) awtonom sürüş ulgamy ýene ýol-ulag hadysasyna düşdi. Bu gezek awtopilot bilen dolandyrylýan «Model 3» demirýola çykdy diýip, «Carscoops» habar berýär
Audi ähli ulaglaryny elektrikli hereketlendirijä geçirmek pikirinden dändi
19.06.2025 10:40
1.9k+

Audi ähli ulaglaryny elektrikli hereketlendirijä geçirmek pikirinden dändi

Audi ugruny üýtgedýär: kompaniýa 2033-nji ýyla çenli ähli ulaglaryny elektrik hereketlendirijä geçirmek baradaky meýilnamasyndan resmi taýdan ýüz öwürdi. Germaniýaly brend esasy bazarlardaky durnuksyz islege we dürli şertlere uýgunlaşmak zerurlygy bilen baglylykda, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili (IÝH) modelleri hatarda saklamaga karar berdi
MAN Mýunhende elektrik ýük ulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligine başlady
19.06.2025 10:29
4.7k+

MAN Mýunhende elektrik ýük ulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligine başlady

MAN kompaniýasy Mýunhen şäherindäki (Germaniýa) zawodynda elektrik ýük ulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligine girişdi. Indi elektrik we dizelli modeller bir hatarda ýygnalýar, bu bazardaky islege görä çeýeligi üpjün edýär
BMW karbondan ýüz öwrüp, ulaglarynda zygyr süýümini ulanyp başlady
19.06.2025 09:50
4.1k+

BMW karbondan ýüz öwrüp, ulaglarynda zygyr süýümini ulanyp başlady

BMW tebigy süýümden ýasalan elementlere eýe bolan M4 GT4 modelini hödürledi. Ulag 19-22-nji iýunda “24 sagat Nýurburgring” ýaryşyna gatnaşar. Bu awtomobil kompaniýanyň durnukly tehnologiýalary köpçülikleýin önümçilige ornaşdyrmakda ilkinji ädimi boldy
Täzelenen Volvo XC40 2026 krossoweriniň satuwy başlandy
18.06.2025 14:42
5.5k+

Täzelenen Volvo XC40 2026 krossoweriniň satuwy başlandy

Volvo kompaniýasy 2026-njy model ýylynyň täzelenen XC40 krossoweriniň satuwynyň başlandygyny habar berdi. Awtoulag bäş sany toplumda hödürlenýär, olaryň hemmesi «ýumşak» gibrid ulgam bolan 48-woltlyk goşundyly 2,0 litrlik turbohereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan
Audi A7L 2025 tanyşdyryldy: 3,0 litrlik hereketlendiriji we doly herekete getiriji ulgam
18.06.2025 10:33
4.2k+

Audi A7L 2025 tanyşdyryldy: 3,0 litrlik hereketlendiriji we doly herekete getiriji ulgam

Audi kompaniýasy 2025-nji ýylyň täzelenen A7L sedanyny tanyşdyrdy. Awtoulag 7 komplektasiýada hödürlenýär diýip, «ITHome» habar berýär. Daşky keşbi boýunça täze model ýylyna geçýän A7L-de hiç hili üýtgeşme ýok
Maserati we Alfa Romeo birleşmäge mejbur bolar
18.06.2025 10:31
3.4k+

Maserati we Alfa Romeo birleşmäge mejbur bolar

Maserati we Alfa Romeo kompaniýalarynyň baş direktory Santo Fiçili awstraliýaly we aziýaly žurnalistlere beren beýanatynda, Stellantis-iň täze ýolbaşçysynyň öňünde düýpli üýtgeşmeler boýunça meýilnamasynyň bardygyny aýtdy
Indi ulag dyknyşyklarynyň üstünden uçubam geçip bolar. Hytaý 69,5 müň dollardan uçýan trisiklleri çykardy
18.06.2025 10:21
11k+

Indi ulag dyknyşyklarynyň üstünden uçubam geçip bolar. Hytaý 69,5 müň dollardan uçýan trisiklleri çykardy

Hytaýyň elektrik skuterleri bilen tanalýan Kuickwheel tehnologiýa kompaniýasy bu gezek düýbünden täze ulagy – uçýan Skyrider X6 trisikl-amfibiýalaryny hödürledi. Täze önümiň görkezme uçuşy Pekinde geçirildi. Uçmak üçin trisikl alty sany wint bilen enjamlaşdyryldy, olaryň hersi aýratyn egnine oturdyldy
Nissan işe ukyplylygyny saklamak üçin Renault-daky paýyny azaldýar
17.06.2025 19:27
1.6k+

Nissan işe ukyplylygyny saklamak üçin Renault-daky paýyny azaldýar

Nissan-yň baş direktory Iwan Espinoza kompaniýanyň Renault fransuz awtoöndürijisindäki paýyny azaltmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Mart aýynda Nissan we Renault biri-birinde eýeçilik edýän paýlarynyň talap edilýän iň az möçberini 15%-den 10%-e çenli azaltmak barada ylalaşdy
Dubaýda dünýäde ýeke-täk Pagani Zonda Mileson giperkary görkezilýär. Onuň bahasy 10 million dollar
17.06.2025 10:28
5.6k+

Dubaýda dünýäde ýeke-täk Pagani Zonda Mileson giperkary görkezilýär. Onuň bahasy 10 million dollar

Pagani Zonda Mileson giperkarynyň ýeke-täk nusgasy Dubaýdaky F1rst Motors sergi zalynda görkezilýär. Bu model milliarderiň ogly Maýlz Gonuň şahsy sargydy bilen 2016-njy ýylda çykaryldy. Awtoulagyň bahasy 10 million dollardan gowrak
Toyota Highlander-iň täze nesli Hytaýda işlenip taýýarlanar
16.06.2025 18:35
10k+

Toyota Highlander-iň täze nesli Hytaýda işlenip taýýarlanar

Toyota geljek ýyl Highlander krossoweriniň täze neslini çykarmagy meýilleşdirýär. Bu model Hytaýda işlenip düzüler.  Sienna awtoulagynyň indiki wersiýasy hem HHR-de şuňa meňzeş görnüşde dörediler diýip, CarNewsChina habar berýär
Renault Trucks we Kleuster elektrik ýük welosipedini döretdi
16.06.2025 17:21
5.6k+

Renault Trucks we Kleuster elektrik ýük welosipedini döretdi

Renault Trucks we Kleuster şäher logistikasy üçin niýetlenen Kleuster 350 kysymly elektrik ýük welosipedini hödürlediler. Bu modeliň önümçiligi Fransiýanyň Wenisýo şäherindäki Renault Trucks zawodynda ýola goýuldy
Audi benzin hereketlendirijili Q6 krossowerini gaýtadan işlemäge taýýarlanýar. Ol 2026-njy ýyla çenli Hytaýda çykar
16.06.2025 13:45
4.3k+

Audi benzin hereketlendirijili Q6 krossowerini gaýtadan işlemäge taýýarlanýar. Ol 2026-njy ýyla çenli Hytaýda çykar

Audi kompaniýasy Hytaý bazary üçin Q6 krossoweriniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar. Ýewropanyň elektrikli Q6 e-tron-yndan tapawutlylykda, hytaý modeli benzin hereketlendirijisini alar we Volkswagen Golf-da we Audi A3-de hem ulanylýan uzaldylan MQB Evo platformasynda gurlar
BMW öwrüm görkezijilerini özbaşdak ýakýan iX3 elektromobiliniň nusgasyny görkezdi
15.06.2025 15:18
5.4k+

BMW öwrüm görkezijilerini özbaşdak ýakýan iX3 elektromobiliniň nusgasyny görkezdi

BMW täze Neue Klasse platformasynyň esasynda döredilen iX3 elektromobiliniň nusgasyny hödürledi. Ulag The Verge-iň žurnalistleri tarapyndan eýýäm synag edildi. Neşir bu elektromobilde sürüjä kömek ulgamynyň has “ýumşak” işleýändigini aýtdy, ýagny ol dolandyryşy öz üstüne almaýar-da, sürüjä diňe kömek edýär
Toyota robotlar we EA bolan dünýäde ilkinji synag şäherini açmaga taýýarlanýar
15.06.2025 12:42
6.3k+

Toyota robotlar we EA bolan dünýäde ilkinji synag şäherini açmaga taýýarlanýar

Toyota kompaniýasy özboluşly  taslamany – Woven City atly dünýäde ilkinji akylly şäheri işe girizmäge taýýarlanýar. Onuň açylyşy şu ýylyň güýzüne meýilleşdirildi diýip, Interesting Engineering habar berýär. Şäher Tokiodan 140 km uzaklykda, Sidzuoka prefekturasyndaky öňki Higasi-Fudzi zawodynyň ýerinde döredilýär
Xiaomi-niň ulagy Nýurburgring ýolunda Porsche-niň rekordyny täzeledi
14.06.2025 19:42
5.1k+

Xiaomi-niň ulagy Nýurburgring ýolunda Porsche-niň rekordyny täzeledi

Xiaomi SU7 Ultra elektrosedany Nýurburgring ýaryş ýolunda köpçülikleýin elektromobilleriň arasynda täze aýlaw rekordyny goýdy. Ýaryş ýoly üçin goşmaça kämilleşdirmelere eýe bolan ulag bu aýlawy 7 minut 4,957 sekuntda geçdi
Toyota we Harvia kompaniýasy dünýäde ilkinji wodorodda işleýän saunany döretdiler
14.06.2025 19:13
4.4k+

Toyota we Harvia kompaniýasy dünýäde ilkinji wodorodda işleýän saunany döretdiler

Toyota kompaniýasy Finlýandiýanyň Harvia kompaniýasy bilen bilelikde wodorod bilen işleýän dünýäde ilkinji gyzdyryjyly saunany döretdi. Bu taslama iýul aýynyň ahyrynda Finlýandiýada geçiriljek rallide aýan ediler
Honda WR-V-ni 1980-nji ýyllaryň nusgawy Jeep Cherokee stilindäki retro krossowerine öwürdiler
14.06.2025 19:10
3.8k+

Honda WR-V-ni 1980-nji ýyllaryň nusgawy Jeep Cherokee stilindäki retro krossowerine öwürdiler

Ýaponiýanyň Damd awtobezeg atelýesi ýapon bazary üçin niýetlenen Honda WR-V krossoweri üçin korpus ýasady. Reverb bukjasy häzirki zaman awtoulagyny 1980-nji ýyllaryň Jeep Cherokee-siniň ikinji nesli görnüşinde düzýär
Açyk reňkli awtoulaglar ýyl geçdikçe bahasyny gowy saklaýar, ýöne olary satmak kyn - barlaglar
14.06.2025 18:08
6k+

Açyk reňkli awtoulaglar ýyl geçdikçe bahasyny gowy saklaýar, ýöne olary satmak kyn - barlaglar

Açyk reňkli, ýagny sary, ýaşyl ýa-da mämişi awtoulaglaryň bahasy gara, ak ýa-da çal reňkli awtoulaglaryň bahasyndan haýal düşýär. Bu barada iSeeCars barlagyna salgylanýan CarBuzz ýazýar. Üç ýylyň dowamynda sary awtoulaglar bahasynyň ortaça 24%-ni (ABŞ bazarynda 13 600 dollar), mämişi awtoulaglar 24,4%-ni, ýaşyl awtoulaglar 26,3%-ni ýitirýär
Toyota iň güýçli Land Cruiser 300-i tanyşdyrdy. Ol eýýäm BAE-de elýeterli
14.06.2025 12:28
15k+

Toyota iň güýçli Land Cruiser 300-i tanyşdyrdy. Ol eýýäm BAE-de elýeterli

Toyota ýolsuz ýerler üçin niýetlenen «Land Cruiser 300» kysymly awtoulagynyň täze modifikasiýasyny – gibrid wersiýasyny hödürledi. Ol eýýäm BAE-de sargyt etmek üçin elýeterli. Ol 2026-njy model ýylyndan başlap, Awstraliýada hem satuwa çykarylar
BMW million kilometre barabar ýol geçen 5 Series E39 modelini görkezdi
13.06.2025 10:29
14k+

BMW million kilometre barabar ýol geçen 5 Series E39 modelini görkezdi

BMW Blog web saýty 1996-njy ýylyň 10-njy iýunynda çykan we Finlýandiýada hasaba alnan BMW 5 Series E39 sedany barada habar berdi. Bu awtoulagyň odometri 940 müň 503 kilometr görkezýär. Blogda bellenilişi ýaly, awtoulag ýylda ortaça 35 müň kilometr ýol geçipdir
Jaguar içinden ýandyrylýan hereketlendiriji bilen soňky awtomobilini çykarar: ol 60 nusga bilen çäklener
12.06.2025 22:05
4.6k+

Jaguar içinden ýandyrylýan hereketlendiriji bilen soňky awtomobilini çykarar: ol 60 nusga bilen çäklener

Jaguar içinden ýandyrylýan hereketlendiriji bilen soňky awtomobilini çykarar diýip, Carscoops habar berýär. Bu F-Pace SVR 575 Ultimate Edition krossoweriniň çäkli toplumy bolup, bary-ýogy 60 nusga hödürlener. Olar diňe Awstraliýa üçin niýetlenýär
Manhart awtobezeg ussahanasy Porsche 911 Turbo S-iň kuwwatyny 1000 at güýji töweregi ýokarlandyrdy
11.06.2025 13:59
3.5k+

Manhart awtobezeg ussahanasy Porsche 911 Turbo S-iň kuwwatyny 1000 at güýji töweregi ýokarlandyrdy

BMW awtoulaglaryna niýetlenen taslamalary bilen tanalýan nemes Manhart týuning-atelýesi Porsche 911 Turbo S-iň 992 nesli üçin üýtgeşmeler toplumyny hödürledi. Täze sazlaýyş bukjasyna TR 900 II diýilýär. Onuň kömegi bilen 3,8 litrlik oppozit hereketlendirijisiniň güýji 650-den 922 at güýjüne, torky 800-den 1090 Nm-a çenli ýokarlandy
BMW iýul aýyndan başlap täze awtoulaglarynyň bahasyny galdyrar
11.06.2025 13:53
4.4k+

BMW iýul aýyndan başlap täze awtoulaglarynyň bahasyny galdyrar

BMW 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap 2026-njy ýylyň model hataryndaky awtoulaglarynyň hemmesiniň diýen ýaly bahasyny galdyrar. Muňa diňe käbir modeller degişli bolmaz diýip, awtoulag öndürijisiniň dilerler üçin içerki habaryna salgylanýan CarsDirect habar berýär
Ford 80-nji ýyllaryň retro äheňinde, ýöne häzirki zaman aýratynlyklar bilen Mustang hödürledi
10.06.2025 12:33
4.7k+

Ford 80-nji ýyllaryň retro äheňinde, ýöne häzirki zaman aýratynlyklar bilen Mustang hödürledi

Ford 1980-nji ýyllaryň meşhur Fox Body maslkarynyň dizaýnyndan ylhamlanan FX retro-paketli  Mustang 2026-nyň ýörite wersiýasyny çykarar. Täzelenen wersiýa wintaž stiliniň elementlerini häzirki zaman tehnologiýalary bilen utgaşdyrýar
700 at güýji bolan Porsche 963 RSP giperkary indi köpçülikleýin ýollarda gatnap ugrady
10.06.2025 12:14
4.7k+

700 at güýji bolan Porsche 963 RSP giperkary indi köpçülikleýin ýollarda gatnap ugrady

Porsche kompaniýasy 963 LMDh ýaryş modeliniň ýol görnüşi bolan 963 RSP giperkaryny görkezdi. Taslama Martini & Rossi-niň eýesi üçin köçä niýetlenen Porsche 917-niň döredilmeginiň 50 ýyllygyna gabatlandy. Ol ýakynda geçiriljek “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşy bilen baglanyşykly
Kia ýylpyldaýan gabara çyralary sebäpli 82 müň sany K5 2025 sedanyny yzyna çagyrýar
09.06.2025 19:58
6.8k+

Kia ýylpyldaýan gabara çyralary sebäpli 82 müň sany K5 2025 sedanyny yzyna çagyrýar

Kia kompaniýasy 82 281 sany K5 2025 sedanynyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Sebäp - elektrik ulgamyny dolandyryş bölüminde programma üpjünçiliginiň ýalňyşlygy bilen bagly. Ulagyň öwrümi yşarat beriji çyralary ýakylanda, duruş yşyklary hem ýanyp bilýär, bu bolsa ABŞ-nyň yşyklandyryş standartlaryna laýyk gelmeýär
Volvo XC90 krossoweriniň ikinji nesliniň millionynjy nusgasyny çykardy
09.06.2025 19:49
3.5k+

Volvo XC90 krossoweriniň ikinji nesliniň millionynjy nusgasyny çykardy

Volvo özüniň XC90 krossoweriniň ikinji nesliniň millionynjy nusgasynyň goýberilendigini habar berdi. Ýubileý modeli Şwesiýadaky zawodyň konweýerinden çykdy. Krossower model hatarynda 2002-nji ýylda peýda bolupdy
Mercedes-Maybach meşhur dizaýner Wirjil Ablowuň hatyrasyna S-Class sedanynyň ýörite wersiýasyny çykardy
09.06.2025 13:48
8.8k+

Mercedes-Maybach meşhur dizaýner Wirjil Ablowuň hatyrasyna S-Class sedanynyň ýörite wersiýasyny çykardy

Mercedes-Benz özüniň flagman S-Class sedanynyň ýörite görnüşlerini çykarmagyny dowam etdirýär. Bu gezek kompaniýa 2021-nji ýylda aradan çykýança «Maybach» taslamasyna gatnaşan meşhur dizaýner Wirjil Ablowuň hormatyna ýörite model çykardy
Volvo akylly howpsuzlyk kemerini döretdi. Ol her adama görä awtomatik sazlanýar
08.06.2025 21:13
5.3k+

Volvo akylly howpsuzlyk kemerini döretdi. Ol her adama görä awtomatik sazlanýar

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasy adamyň indiwidual aýratynlyklaryna görä sazlanmaga ukyply bolan akylly howpsuzlyk kemerini döretdi. Bu barada The Verge neşiri habar berýär. Täze ulgam ýolagçynyň agramyny, boýuny, bedeniniň massasyny we hatda oturyş ýagdaýyny kesgitleýän datçikleri ulanýar
Ford howply kemçilik sebäpli ýarym milliona golaý Explorer krossowerini yzyna çagyrýar
08.06.2025 21:02
4.7k+

Ford howply kemçilik sebäpli ýarym milliona golaý Explorer krossowerini yzyna çagyrýar

Ford kompaniýasy 492 145 sany Explorer krossoweriniň yzyna çagyrylýandygyny habar berdi. Mesele 2016-2017-nji ýylda goýberilen modellere degişli. Bu awtoulaglaryň kuzowynyň orta sütüniniň nakladkasynyň ýelimi gopup biler diýip, Car and Driver habar berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.