Huawei täze Luxeed R9 krossowerini synagdan geçirýär, ýöne kynçylyklar bar

24.07.2025, 10:359,245
1 / 2

Huawei-iň Chery bilen hyzmatdaşlykda döreden Luxeed R9 flagman elektrik krossoweri ilkinji gezek ýol synaglary wagtynda görüldi. Modeliň ilkinji görkezilişi noýabr aýyna meýilleşdirildi.

Awtoulagyň dizaýnynda brendiň firma stili görkezilýär: ýaýbaň kapot, "Starlight" bezeg elementleri we uniwersaly ýada salýan uzap gidýän kuzow. R9-yň interýeri  R7 modeline meňzeýär: ykjam rully, sanly gural panelli we merkezi konsoly uly “ýüzýän” ekranly.
Awtoulag iki görnüşde – ýöreýiş ätiýaçlygy artdyrylan we doly elektrik görnüşi bilen elýeterli bolar.
Ýokary maksatlaryna garamazdan, taslama kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Luxeed-iň satuwlary pes bolmagynda galýar, hatda Huawei-iň tehnologik goldawy hasaba alnanda-da aýda 2500 awtoulagdan geçmeýär. Seljerijiler hyzmatdaşlaryň arasyndaky düşünişmezligiň bardygyna ünsi çekýärler: Chery üçin, Huawei-iň beýleki taslamalaryndan tapawutlylykda, Luxeed brendini ileri tutmaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.