Porsche 911 modeliniň iň güýçli ýol wersiýasyny taýýarlaýar. Ol eýýämden Nýurburgringi eýmendirýär

27.07.2025, 14:543,891
1 / 4

Porsche 911-iň 2027-nji ýylda satuwa çykaryljak  täze GT2 RS wersiýasynyň synaglaryny tamamlaýar. Nýurburgringde alnan suratlarda onuň ýaryş awtoulagyna ýakyndygy, ýöne jemgyýetçilik ýollary üçin hem amatly ulagdygy görünýär. GT2 RS taryhynda ilkinji gezek gibrid güýç gurluşyny aldy diýip, Motor.es ýazýar.

Bu model umumy güýji 800 at güýjüni üpjün edýän T-Gibrid tehnologiýaly 4,0 litrlik oppozit hereketlendirijisine esaslanýar. Bu 911-iň täze modelini iň güýçli ýol wersiýasyna öwürýär. Porsche-niň, öňki modeller bilen deňeşdirilende, sesi biraz peselse-de, hereketlendirijisiniň hakyky sesini saklap galdy.
Prototipi sazlanylýan yzky spoýler, karbon elementli obwes, karbo-keramiki tormozlar we ýeňledilen tigirler bilen enjamlaşdyryldy. Aerodinamikasy doly tamamlanan diýen ýaly we işjeň elementleri, uly howa kanallaryny we ganatlardaky jabralary öz içine alýar. Käbir bölekleri soň biraz üýtgedilmegi mümkin.

Salonynda yzky oturgyçlar aýrylyp, howpsuzlyk karkasy we ýaryş oturgyçlary bilen enjamlaşdyrylan. Model çäkli mukdarda öndüriler, bahasy bolsa Porsche-niň ekstremal häsiýetli  iň soňky benzinli ulagyna laýyk gelýär.
Täze GT2 RS Porsche-iň inženerçilik çemeleşmesini görkezýär, bu ýerde gibrid tehnologiýa daşky gurşawa däl-de, esasanam “Demirgazyk halkasyndaky” ýolda dinamikanyň gowulaşmagyna hyzmat edýär. Bu model 911 setirinde içinden otlanýan hereketlendirijileriň jemleýji akkordy bolup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.