Köne, hapa, ýöne seýrek duşýan Porsche 911 modeli 4,7 mln dollara satyldy

Şu gün, 14:071,931
1 / 4

Beýik Britaniýada geçirilen RM Sotheby's auksionynda 1993-nji ýylda çykarylan seýrek duş gelýän Porsche 911 Carrera RSR 3.8 Strassenversion awtoulagy 3,49 million funt sterlinge (takmynan, 4,7 million dollar) satylyp, bu model üçin baha rekordyny goýdy.

Awtoulag ýigrimi ýyldan gowrak wagtlap garažda hiç hili ulanylman durupdyr. Ol tapylandan soň hem arassalanmandyr, şonuň üçin kuzowy galyň tozan we hapa gatlagy örtüpdir.

Ulagyň gymmat bahasynyň sebäbi onuň aşa seýrek bolmagydyr. Porsche kompaniýasy ýaryş awtoulagynyň esasynda döredilen we köpçülikleýin ýollar üçin niýetlenen 911 Carrera RSR 3.8 Strassenversion modeliniň ýol görnüşinden bary-ýogy iki sany nusga öndüripdir.

Sportkar howpsuzlyk karkasyny, uly yzky anti-ganatyny, sport asgysyny we güýçlendirilen tormozlaryny saklap galypdyr, şeýle hem gyzyl deri bilen bezelen salony bar.

Awtoulagyň ýene bir aýratynlygy bolsa, onuň örän az ýöränligidir — bary-ýogy 10 kilometr. Kupeniň 1996-njy ýylda Beýik Britaniýadaky ilkinji eýesine gowşurylandygy we şondan soň tas 20 ýyllap ulanylmandygy belli.

Awtoulag 380 at güýjüne deň bolan 3,8 litrlik alty silindrli atmosfera hereketlendirijisi we bäş basgançakly mehaniki tizlik gutusy bilen enjamlaşdyrylandyr. Agramy 1210 kg bolan bu ulag sagatda 100 km tizlige bary-ýogy 3,7 sekuntda ýetip bilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.